2026-08-26
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2026-njy ýylyň 23-nji awgustynda geçirilen Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Saýlawlaryň geçirilişine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) halkara synçylar toparynyň düzüminde Türkmenistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Ermenistan, Gyrgyz, Özbegistan, Belarus Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasynyň, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat bolan jemi 190 adam syn etdiler.
Şeýle-de, saýlawlara daşary ýurt döwletleriniň 42-sinin, halkara guramalarynyň 13-siniň wekillerinden ybarat bolan jemi 777 sany halkara synçylar gatnaşdy.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 247 sany okrug we 10 423 sany uçastok (şol sanda 79 sanysy daşary ýurtlarda) saýlaw toparlary amala aşyrdylar.
Saýlawlar Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasy, şeýle-de, «Gazagystan Respublikasynyň saýlawlary hakyndaky» Konstitusion kanuny, saýlawlara taýýarlyk görlüşini we onuň geçirilişini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalary hem-de Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň kararlary esasynda geçirildi.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamenti Kurultaý diýlip atlandyrylýar we bir palatadan ybaratydyr.
Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň deputatlarynyň saýlawlary ýurduň çägini öz içine alýan köp mandatly umumymilli ýeke-täk saýlaw okrugy boýunça syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň sanawy esasynda geçirildi.
Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň deputatlygyna 25 ýaşy dolan, soňky 10 ýylyň dowamynda Gazagystan Respublikasynda hemişelik ýaşaýan raýatlar saýlanyp bilner. Deputatlar 5 ýyllyk ygtyýarlyk möhleti bilen saýlanylýar.
Saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek hukugy diňe bellige alnan syýasy partiýalara degişlidir. Şunda, partiýalaryň dalaşgärleriniň sanawyndaky aýallaryň, ýaşlaryň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň sany oňa girizilen dalaşgärleriň umumy sanynyň 30 göteriminden az bolmaly däldir.
Parlamentiň mandatyna eýe bolmak üçin syýasy partiýalar saýlawlarda ýurt boýunça saýlawçylaryň azyndan 5% sesini almalydyrlar.
Saýlawlarda syýasy partiýalaryň 7-siniň dalaşgärleriniň sanawyna girizilen jemi 545 dalaşgär bäsleşdi.
Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, saýlawlarda 12 million 623 müň 289 saýlawçy hasaba alyndy.
Saýlawlar güni ses bermek ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 20:00-a çenli geçirildi. Saýlawçylar saýlaw býulletenlerine girizilen syýasy partiýalaryň tarapyna proporsional saýlaw ulgamy boýunça ses berdiler.
Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň deputatlarynyň saýlawlarynda umumy ýurt boýunça saýlawçylaryň 9 million 351 müň 539-sy, ýagny 74,08 göterimi ses bermäge gatnaşdy.
Şeýlelikde, deslapky maglumatlara görä, ses bermegiň netijeleri boýunça:
– «Әділет» partiýasy 71,17% ses we 110 mandat;
– Umumymilli sosial-demokratik partiýasy 5,11% ses we 8 mandat;
– «Ауыл» partiýasy 6,26% ses we 10 mandat;
– Gazagystanyň «Ақ жол» demokratik partiýasy 5,21% ses we 8 mandat;
– «Respublica» partiýasy 5,56% ses we 9 mandat;
– Gazagystanyň halk partiýasy 3,11% ses;
– «Байтақ» partiýasy 1,07% ses aldylar.
Gazagystanyň halk partiýasy we «Байтақ» partiýasy ýurt boýunça saýlawçylaryň azyndan 5% sesini alyp bilmändikleri sebäpli, olar Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň mandatyna eýe bolup bilmediler.
Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýy 145 deputatdan ybarat bolup, olaryň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.
Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşan Türkmenistan döwletiniň wekilleri degişli meýilnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 22-nji awgustynda, günüň birinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy N.Abdirowyň halkara synçylary bilen geçiren brifing ýygnagyna gatnaşdylar, soňra Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Ş.Utemisow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler, ondan soňra Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň merkezi saýlaw edaralarynyň iş mejlisine synçy hökmünde gatnaşdylar. Şeýle-de şol gün, günüň ikinji ýarymynda, halkara synçylar wekiliýetleri bilen bilelikde, Astana şäherindäki «Alem.ai» halkara emeli aň merkezinde bolup, onuň işi bilen tanyşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar. Saýlawlar güni –2026-njy ýylyň 23-nji awgustynda Astana şäherindäki saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermegiň geçirilişine, saýlaw uçastoklarynda döredilen şertlere halkara synçy hökmünde syn etdiler, uçastok saýlaw toparynyň ýolbaşçylary bilen sowal-jogap alyşdylar. Şeýle-de, ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Wiktorowiç Petrişenkonyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.
