Habarlar

Makalalar

Wideo

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

2026-09-24

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2026-njy ýylyň 18-21-nji sentýabrynda geçirilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň dokuzynjy çagrylyşynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Saýlawlaryň geçirilişine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) halkara synçylar toparynyň düzüminde Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Ermenistan, Gyrgyz, Özbegistan, Belarus Respublikalarynyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasynyň, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat bolan jemi 207 adam syn etdiler.

Umuman, saýlawlara dünýäniň döwletleriniň 133-siniň wekille-rinden ybarat bolan jemi 1200-den gowrak halkara synçylar gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 18–20-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlar merkezinde bolup, ýurt boýunça saýlawlar baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrlar hem-de Moskwa şäherindäki we Moskwa oblastyndaky saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermegiň geçirilişine, saýlaw uçastoklarynda döredilen şertlere halkara synçy hökmünde syn etdiler we uçastok saýlaw toparynyň ýolbaşçylary bilen sowal-jogap alyşdylar. Şeýle-de, olar 18–19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň mejlisler zalynda tegelek stoluň başynda saýlawlar barada geçirilen halkara maslahatyna hem gatnaşdylar.

Saýlawlar Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasy, «Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň we sala salşyklara gatnaşmak hukuklarynyň esasy kepillikleri hakynda» hem-de «Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary hakynda» kanunlary, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlara taýýarlyk görmegi we olary geçirmegi düzgünleşdirýän kararlarydyr resminamalary esasynda geçirildi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek işlerini Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw topary, Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň saýlaw toparlarynyň 89-sy, okruglaryň saýlaw topar-larynyň 225-si, ýerli saýlaw toparlarynyň 2890-sy we uçastok saýlaw toparlarynyň 91 müňden gowragy amala aşyrdylar.

Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw uçastoklarynyň 91 müňden gowragy, şol sanda 333-si daşary ýurtlarda (152 döwletde) döredildi.

Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň jemi 112 million 865 müňden gowragy hasaba alyndy. Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň 33-sinde saýlawçylaryň saýlaw uçastogynyň ses berilýän jaýyna gelmezden, internet arkaly uzak aralykdan elektron ses bermekleri üçin mümkinçilikler we şertler döredildi.

Kanuna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara degişlidir we raýatlaryň öz-özüni dalaşgärlige hödürlemegi esasynda amala aşyrylýar.

Saýlawlara syýasy partiýalaryň jemi 10-sy gatnaşdy. Saýlawlarda dalaşgärleriň federal sanawy boýunça 2774 dalaşgär we bir mandatly saýlaw okruglary boýunça 1587 dalaşgär bäsleşdi.

Saýlawlar güni ses bermek sagat 08:00-dan 20:00-a çenli geçirildi. Saýlawlarda saýlawçylar iki býulletene – birinjisi köp mandatly saýlaw okrugy boýunça partiýalaryň tarapyna, ikinjisi bolsa bir mandatly saýlaw okrugy boýunça dalaşgäriň tarapyna ses berdiler. Deslapky maglumatlara görä, saýlawçylaryň 56,66 göterimi ses bermäge gatnaşdy. Ses bermegiň netijeleri boýunça deslapky maglumatlara görä:

– «Единая Россия» – Bitewi Russiýa partiýasy 57,54%;

– Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy 13,67%;

– Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasy 9,27%;

– «Новые люди» – Täze adamlar partiýasy 7,96%;

– «Справедливая Россия» – Adalatly Russiýa partiýasy 5,16% ses aldylar. Beýleki: «Партия прямой демократии» – Göni demokratiýa, «Зеленые» – Ýaşyllar, «Родина» – Watan, «Партия пенсионеров» – Pensionerler, «Коммунисты России» – Russiýanyň kommunistleri partiýalary ýurt boýunça saýlawçylaryň azyndan 5 göteriminiň sesini alyp bilmändikleri sebäpli, olar Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň mandatyna eýe bolup bilmediler.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary garyşyk – proporsional we mažoritar saýlaw ulgamy esasynda geçirildi.

Ýagny, jemi 450 deputatyň 225-si köp mandatly saýlaw okrugyndan partiýalaryň sanawnamasy boýunça saýlanyldy. Galan 225-si bolsa bir mandatly saýlaw okruglary boýunça saýlandy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasy

450 deputatdan ybarat bolup, olaryň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Nematow Ilhom Tuýçiýewiçiň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.