Habarlar

Makalalar

Wideo

Altyn güýzüň ilkinji baýramy—  bilimler we talyp ýaşlar güni

2026-08-31

Altyn güýzüň ilkinji baýramy— bilimler we talyp ýaşlar güni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni her ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly we uly ruhubelentlikde bellenilýär. Bu ajaýyp baýram hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlag ibermegi bu çäräniň syýasy derejesiniň örän ýokarydygyny äşgär edýär. Asylly däbe görä, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze okuw ýylynyň başlanýandygynyň buşlukçysy bolup ýaňlanjak ilkinji jaň dabarasynyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna berk ynanýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimiň ösdürilmegi şu günümiz we röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki, ylym-bilim ösüşleriň binýady hasaplanýar, döwrebap mümkinçilikleriň beýany bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Elbetde, ylmyň-bilimiň çägi ýok. Giň umman ýaly aňrysyna-bärsine göz ýetmeýär. Bu ummanda näçe kürekleseň, şonça-da ynsanyň ýagty ertiri şöhlelenýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip, paýhaslylyk bilen belleýär. Şöhratly ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy pursatlara beslenýär.

Ata Watanymyzda her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Eziz Watanymyzda, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýan-dygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, mähriban ýaşlar!

 

Gülälek Gurbangulyýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Mary welaýaty boýunça iş ýöredijisi.