2026-09-04
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sahawatly tylla güýzüniň ilkinji gününde diňe bilim ulgamynda ençeme döwrebap binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem-de ençeme desgalaryň düýbüniň tutulmagy täze taryhy eýýamyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan möhüm syýasy-taryhy ähmiýetli wakalara öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlanan ilkinji jaň dabarasy oňa gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Ilkinji okuw sapagynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» mowzugynda geçirilmegi ýaş türkmenistanlylaryň beýik döwre buýsanjyny artdyrdy.
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Alym Arkadagymyzyň geçen umumy sapagyndaky çykyşynda okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip: «Şu gün siziň bilen örän möhüm, esasy garaýyşlarymy paýlaşmak isleýärin» diýip belledi. Olar şahsyýeti kemala getirmek, ýaş nesliň durmuşdaky ornuny we ahlak gözýetimini kesgit- lemek bilen bagly düşünjelerdir. «Men bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada durup geçmek isleýärin. Ýurdumyzyň ýaş raýatlary bolan siz häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmelisiňiz. Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelisiňiz. Siziň bu belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdygyňyza ynanýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşyny esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlady. «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Bu setirlerde ägirt uly many bar, ata Watanymyzyň beýik geljegine ynam bar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
«Türkmen ýaşlary öz zähmeti bilen ata Watanymyzy diňe bir şöhratlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony goramaga hem borçludyrlar. Ata Watany, mähriban halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşyny goramak ýurduň ähli raýatlarynyň mukaddes borjudyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Watansöýüjilik ynsan gözelliginiň egsilmez hazynasydyr. Watansöýüjilik — bu ata-babalarymyzyň mukaddes ündewidir. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bellenilişi ýaly, «Atany söýen, Watany söýer», «Geýmäge keten ýagşy, ölmäge — Watan». Watanyny diňe söz bilen däl, halal zähmeti, yhlas-başarnygy bilen söýýän, beýik şahsyýetlere hormat goýýan ýaşlar hakyky watançy nesillerdir.
«Watan, toprak — her millet üçin mukaddeslik. «Döwlet guşy» romanymda men: «Türkmen topragy — mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy — rysgal-berekediň topragy. Bu toprakda beýik pederlerimiziň yhlasy, arzuwy, ömür menzilleri ýatyr» diýip ýazypdym. Meniň size berjek atalyk nesihatym, ýaşlar, siziň öz Watanyňyzyň taryhyny, öz kökleriňizi bilmegiňiz gerek, oňa guwanmagyňyz, buýsanmagyňyz gerek. Siziň her biriňiziň baş şygaryňyz kämillik bolmalydyr. Ynsan hemişe kämillige ymtylmalydyr».
Türkmen ýaşlary ata-babalarymyzyň yhlasy siňen türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň mukaddesdigini hiç wagt unutmaly däldirler! Türkmen ýaşlary öz pederleriniň Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar bolandyklaryny hiç wagt unutmaly däldirler!» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
«Türkmen ýaşlary öz päk kalplarynda elmydama mähriban Watanyna, il-gününe bolan söýgini saklamalydyrlar. Söýgi — bu seniň Beýik Biribara, mähriban Watanyňa bolan beýik duýgyňdyr. Söýgi — bu seniň mähriban halkyň geçmişine, şu günki bagtyýar durmuşyna hem-de beýik geljegine bolan beýik buýsanjyňdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. «Türkmen topragyny söýüň! Türkmen topragy türkmen bedewlerini, nepis halylary, şaý-sepleri, onlarça gadymy ylmy-medeni merkezleri dünýä siwilizasiýasyna bagyş eden seniň mukaddes Diýaryňdyr. Türkmen halkyny söýüň! Çünki seniň halkyň köp asyrlaryň dowamynda durmuş şertleri we taryhy tejribeler esasynda kämilleşen milletdir. Türkmeniň milli mirasyny söýüň! Milli mirasymyza pederlerimiziň ruhy siňendir. Milli miras — bu halallyk, ýere-topraga yhlas etmek, ahlak arassalygy, nebse çapmazlyk, beden tämizligi, gaýduwsyzlyk ýaly paýhas eleginden geçirilen öwüt-ündewlerdir. Sporty söýüň! Sport seni diňe bir beden taýdan kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, seniň dünýägaraýşyňy hem giňeldýär. Sport — bu güýç-gaýratyň, gözelligiň we saglygyň gözbaşydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
«Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siz öz alan bilimiňiz we zähmetiňiz, edep-ekramyňyz we zähmetsöýerligiňiz bilen eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de belende götermelisiňiz. Birek-biregiň üstünliklerine buýsanyp, halkymyzy, Watanymyzy söýmelisiňiz. Ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz. Watanymyzyň şanly taryhyna, milli köklerimize, beýik şahsyýetlerimiziň gazananlaryna göz ýetirýän hem-de olardan netije çykarmagy başarýan ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagyny tamamlamak bilen, berkarar Watanymyzyň eziz ýaşlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi.
