2026-09-17
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 14-16-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Li Çže Mýonuň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy.
Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň hem-de ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň şu döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açdy.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy esasynda iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi hem-de 16-njy mejlisi Aşgabatda geçirildi. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýär.
Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine atdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we koreý halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň «Çhonwade» köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon mähirli garşylady. Soňra «Çhonwade» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Prezident Li Çže Mýon belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Koreýa Respublikasyna gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Koreýanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, koreý-türkmen gatnaşyklaryny pugtalan-dyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl dolýan-dygyny, munuň iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm ähmiýetli senedigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýän-digine şaýatlyk edýändigini aýdyp, bu şanly senäni iki ýurtda hem giňden bellemegi, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, Prezident Li Çže Mýony geljek ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen, şeýle-de, Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Suk bilen hem duşuşyklary geçirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde, Songýungwan uniwersitetine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady. Soňra hormatly Prezidentimiz we Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaş-çysy bilelikde bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitlerine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýu Ji Bom uniwersitetiň uly maslahatlar zalyna bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek dabarasy geçirildi.
Bellenilişi ýaly, 1957-nji ýylda bu derejäniň ilkinji gezek gowşurylyp başlan pursadyndan bäri ol bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen ýokary adyň berlendigi üçin Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Koreýanyň örän meşhur hem-de 6 asyrdan hem gowrak taryhy bolan gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýokary akademik derejesini almagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz hormatly doktor diýen akademiki derejäniň berlendigi üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň talyplaryna, professor mugallymlaryna we ähli işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimize Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen derejäniň berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalan-dyrmaga goşan goşandy üçin Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy.
Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň şu formatda ilkinji gezek bir ýere jemlenendiklerini aýtdy we bu sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtady.
Soňra çykyş etmek üçin sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda, ilki bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi arkaly Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadynyň goýulýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon işewürler sammitiniň ýörite mejlisini açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda hemmeleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekläp, bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde, Seulda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy dürli ulgamlarda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyzyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji sammitine gatnaşmagy bolsa dostlukly dialogyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny tassyklady.
