2026-10-08
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 7–9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Çäreleriň esasy wakasy GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek mejlise Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle-de, Ermenistan Respublikasynyň döwlet ýolbaşçysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
7-nji oktýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Wladimir Putin döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Mundan başga-da, 7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat, «Awaza» Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde giň möçberli medeni çäre — «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Şeýlelikde, Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilen bu giň möçberli çäre diňe bir gözelligiň hem-de zehiniň baýramy bolman, eýsem, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň, özara hormat goýmagyň, şeýle-de dostlugyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
