2026-10-12
Mälim bolşy ýaly, 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Halkymyzyň saglygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda şypahana düzümlerine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk ugruna degişli täze desgalar gurlup ulanmaga berilýär.
Bu ugurda «Arçman» şypahanasy ýurdumyzyň esasy bejeriş merkezleriniň biridir. Şypahanada ýola goýlan hyzmatlar, onuň bejeriş suwunyň derejesi bu ýerde saglygyny berkidýänlere özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, ýokary derejeli dynç almak, saglygyny berkitmek üçin bu ýere gelýänleriň sany yzygiderli artýar.
Ýeri gelende aýtsak, şypahanada Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary bilen giň gerimli döwrebaplaşdyryş işlerine badalga berildi. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina gurulyp, şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi, onuň çäginde abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Şeýle hem şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekildi. Bu bolsa şypahananyň melhem suwy arkaly bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda eden çuň manyly çykyşynda «Arçman» şypahanasynda täze gurlan 400 orunlyk goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynda birnäçe köpugurly bölümleriň hereket etjekdigini, olaryň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini aýdyp, şypahanada raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, dynç alýanlaryň, şeýle hem maşgala bolup dynç alýanlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün edýän otaglaryň ýerleşdirilendigini belledi.
Bellenilişi ýaly, täze gurlan bejeriş binalar toplumy dört gatdan ybarat bolup, onda dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Şypaly suw bilen bejeriş binasy bir wagtyň özünde 100 adama wanna bejergisini bermäge niýetlenendir. Mundan başga-da, binada mineral suw bilen bejermek usullaryny amala aşyrmak üçin birnäçe bejeriş otaglary ýerleşdirildi. Täze binalar toplumynda dürli görnüşli melhemlik otlardan taýýarlanyp berilýän fitobar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, fizioterapiýa usullary ulanylýar.
Şypahananyň mineral suw içilýän binasy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Bu melhem suwy aşgazan-içege ýollarynyň dowamly kesellerinde içimlik, deri kesellerinde wanna we öt ýollarynyň dowamly kesellerinde iýmit siňdiriş ýollaryny ýuwmak görnüşinde ulanylýar. Döwrebap şypahanalar, sport desgalary we sagaldyş merkezleri halkymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagyny üpjün edýär. Çünki sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri dabaraly ýagdaýda «Arçman» şypahanasynyň täze açylýan 400 orunlyk binasynyň açylyş toý bagyny kesdi we binada döredilen şertler bilen tanyşdy.
Tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymy şypahananyň mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyna halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynyň işgärlerine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şypahana sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny bu bejeriş merkeziniň baş lukmanyna gowşurdy.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.
