2026-11-02
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy.
Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýar.
Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär
Ankara şäheriniň «Etimesgut» howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.
Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu seýilgähde ýaş bag nahallarynyň oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Soňra dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Şeýle çykyşlar we medeni çäreler doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny aýdyň şöhlelendirýär.
Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşenlerinden soň, türki dilli döwletleriň milli ak öýlerini synladylar. Bu ýerde türkmeniň ak öýiniň gurulmagy, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öýüň içinde türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Ak öý hemişe halkymyzyň myhman-söýerliginiň nyşany bolupdyr. Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler. Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine bardylar. Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we wepadarlygyň nyşany bolup durýar. Çäräniň dowamynda türkidöwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.
30-njy oktýabyrda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ählisiniň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti geçirildi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Türkiýä gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.
Şeýle hem Prezident Rejep Taýyp Ärdogan öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem türkmen wekiliýetine görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hemde mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlaryna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistan türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sebäpli, biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris. Onuň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz halklarymyzyň arasyndaky gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşygyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýändiginiň, onuň medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýändigini belläp, bu gymmatlyklary has-da dabaralandyrmak maksady bilen, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, ähli gatnaşyjy döwletleriň Prezidentlerine Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe guramanyň işini netijeli guramakda we bu sammitiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri, sammite gatnaşyjylaryň ählisine jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, rowaçlyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra Hormatly Prezidentimiz Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasy boldy.
Hajettepe uniwersitetinde hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Mehmet Jahit Güran mähirli garşyladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Hajettepe uniwersitetiniň rektory bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.
Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy.
Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory» derejesiniň berilmegi mynasybetli uniwersitetiň rektory, professor, doktor Mehmet Jahit Gürana, uniwersitetiň Senatynyň agzalaryna we ähli professor-mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu hormatly ady diňe bir özüne berlen sylag hökmünde däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de bu derejäniň berilmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, taryhy we ruhy ýakynlygyň öz beýanyny tapýandygyna ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) başlygy Nail Olpak mähirli garşylady.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmak barada kararyň kabul edilendigi yglan edildi we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşany» we ýörite şahadatnama gowşuryldy.
Soňra çykyş etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» atly ýokary sylagynyň berilmegi mynasybetli, Geňeşiň başlygy Nail Olpaga we wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu abraýly sylagy bildirilen belent hormatyň nyşany hökmünde kabul etmek bilen, ony Türkiýäniň Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirýän köpugurly hyzmatdaşlygynyň, netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň hem-de giň gerimli işleriň möhüm tassyknamasy hasaplaýandygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagynyň türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydygyny belledi. Şonuň ýaly-da, pursatdan peýdalanyp, dabara gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekledi we şeýle ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşine minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň şu gün geçirilen nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, sammite gatnaşmaga çakylyk, Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär.
Şeýle-de, iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň türki dünýäniň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine umumy döredijilikli kuwwaty pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezdi.
