ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

SAÝLAW HUKUGYNYŇ KEPILLIKLERI

Raýatlaryň saýlaw hukuklary – munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, şeýle hem kanunlarynda bellenilen düzgünler esasynda olaryň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarydyr.

Has takygy, raýatlaryň bu hukuklary Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklarda ýüze çykýar.

Şeýle-de, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň II bölümine laýyklykda düzgünleşdirilýändigini hem şu ýerde belläp geçmek bolar.   

Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamyny kanunçylyk, hukuk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepillikleri düzýär.

Ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli demokratik saýlawlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek babatynda ulgamlaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Munuň şeýledigini hukuk kepillikler boýunça şu aşakdaky amal edilen käbir işleriň mysalyndan hem görmek bolýar.

Kanunçylyk kepillikleri: Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Esasy Kanunymyzda saýlaw hukugynyň umumy düzgünleri kesgitlenilýär. Saýlaw kodeksi esasynda bolsa raýatlaryň saýlaw hukuklary giňişleýin tertipde beýan edilýär.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi, Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen, rus dillerinde çap edilip, welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlary, häkimlikler, ýokary okuw mekdepleri hem-de ministrlikler we degişli edaralar şol kanunçylyk namalary bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, raýatlaryň kanunçylyk kepillikleriniň bellenilen tertipde üpjün edilmegini gazanmaklyk üçin saýlaw toparlarynyň kararlary kabul edilýär hem-de saýlawlar boýunça gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar taýýarlanylýar.      

Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan:

«Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary üçin gollanmany», «Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanmany», «Okrug saýlaw toparlary üçin gollanmany» «Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary üçin gollanmany», «Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmany», «Dalaşgär hödürlemek boýunça gollanmany»;

«Milli synçylar üçin ýatlamany», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýatlamany», «Dalaşgärler üçin ýatlamany», «Dalaşgärleriň ynanylan adamlary üçin ýatlamany», «Daşary ýurt (halkara) synçylary üçin ýatlamany»;

«Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses bermegi guramagyň we geçirmegiň tertibi hakynda düzgünnamany», «Saýlaw gutularyny möhürlemegiň tertibi hakynda düzgünnamany»  mysal getirmek bolar.

Raýatlaryň kanunçylyk kepilliklerini has giň gerimde üpjün etmek maksady bilen, gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň käbirleri degişliligi boýunça üç dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis dillerinde hem çap edildi.

Ýene-de bir esasy bellemeli zadyň biri, raýatlaryň öz kanunçylyk kepillikleri bilen tanşyp bilmeklerini üpjün etmegi ýaýbaňlandyrmak işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň ählisi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň (Mundan beýläk – Merkezi saýlaw topary) internet saýtynda ýerleşdirildi.

Elbetde, munuň özi raýatlaryň kanunçylyk kepillikleri bilen tanşyp bilmeklerini üpjün etmek babatynda saldamly işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär.  

Hukuk kepillikleri: Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we  kanunlarynda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen raýatlaryň öz erkini, olaryň saýlaw hukuklarynyň goragyny, şol sanda kazyýet goragyny, saýlawly edaralara dalaşgärleriň şahsy eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça raýatlaryň saýlawlara netijeli gatnaşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelerdir. Başga bir söz bilen aýdanyňda bolsa, raýatlaryň kanunçylykda bellenilen hukuklarynyň esasynda olaryň saýlawlara gatnaşmak mümkinçiliginiň gyşarnyksyz berjaý edilmegi ýa-da amala aşyrylmagydyr.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde geçen saýlawlarda amala aşyrylan käbir çärelere ser salyp göreliň! Mysal üçin:  

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda braýl harplaryndaky saýlaw býulletenleri çap edilip, görüş ukyby pes bolan raýatlarymyz üçin  ses bermek mümkinçiligi döredildi;

Wagyz işleriniň çäklerinde dalaşgärleriň öz maksatnamalary boýunça deň derejede teleýaýlymlarda çykyş etmekleri, şeýle-de, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşmaklary, öz maksatnamalaryny halka düşündirmekleri, gazetlerde çap etmekleri üçin degişli şertler döredildi we çäreler guraldy.

Şeýle-de, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda  Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda 39 saýlaw uçastogy döredilip,  Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň ses bermek hukuklary doly üpjün edildi;

Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň jemi     4072-si degişli welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alnyp, olaryň saýlawlaryň geçirilişine syn etmek hukuklaryny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi;

Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylaryň  saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge bolan hukuklary amala aşyryldy.

Saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen we ses berilýän jaýa sebäpli (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etmek üçin, olaryň ses berilýän jaýdan daşarda ses bermekleri guraldy.

Şeýle-de, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň hukuk kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 91-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw işine, sala salşyga  beýleki gatnaşyjylaryň raýatlaryň saýlaw hukuklaryny bozýan kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) kazyýete şikaýat etmek hukugy, şeýle-de 92-nji maddasyna laýyklykda bolsa, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik kepillendirilendir.

Ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlarda raýatlaryň hukuk kepilliklerini üpjün etmek babatynda başga-da ençeme ulgamlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Guramaçylyk kepillikleri: Raýatlaryň saýlaw hukugynyň guramaçylyk kepilliklerini üpjün etmek boýunça ençeme çäreler amala aşyrylýar.

Saýlaw möwsümi döwründe Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmek meselesine ünsi çekmegi we bu mesele boýunça degişli tabşyryklary yzygiderli berip durmagy bu  jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylykly geçirilmegi babatynda örän uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn belläp geçmek bolar.

Şeýle-de, saýlawçylaryň hukuklarynyň guramaçylyk kepilligini üpjün etmek işleriniň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän ähli saýlawlarda, şol saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanylyp, Merkezi saýlaw toparynyň karary bilen  tassyklanylýar.

Gurmaçylyk işlerine badalga bermeklik üçin Merkezi saýlaw topary saýlawlar gününe çenli azyndan ýetmiş gün galanda saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakynda yglan edýär hem-de bu habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, meýilnamada geçiriljek çäreleriň ady, möhleti, ýerine ýetirijiler, jogapkärler kesgitlenilýär we ýerine ýetirmek üçin meýilnama welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de saýlaw toparlaryna, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, degişli ministrliklere we beýleki edaralara iberilýär.

Şeýlelikde, meýilnamada bellenilen tertipde saýlaw okruglaryny, saýlaw uçastoklaryny, saýlaw toparlaryny döretmek we olaryň işini üpjün etmek, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, dalaşgärleri, synçylary, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellige almak, saýlaw býulletenlerini, resminamalary çap etmek, wagyz işlerini geçirmek, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, ses bermegi guramak we ses bermegiň jemlerini jemlemek we olary yglan etmek bilen bagly çäreler hem-de döwlet edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan amala aşyrylmaly gaýry işler tapgyrlaýyn ýerine ýetirilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlara taýýarlyk görmek we  guramaçylykly geçirmek boýunça guramaçylyk işleriniň üpjünçiligi onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Şeýle-de, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda Gözegçilik-derňew topary we Milli synçylar bilen işlemek boýunça, Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek boýunça, Arza-şikaýatlar bilen işlemek boýunça, Halkara guramalary bilen işlemek boýunça iş toparlary hem hemişelik hereket edýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 20-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we wezipeli adamlaryň saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna ýardam etmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň işi üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary, ulagy we saýlawlar bilen baglanyşykly maglumatlary muzdsuz bermäge, saýlaw toparlarynyň öňde goýan meselelerine seretmäge we oňa üç günden gijä goýman jogap bermäge borçly edilmegi netijesinde gönüden-göni saýlaw hukuklarynyň guramaçylyk kepillikleriniň amala aşyrylmagy üçin has-da oňaýly şertleriň döredilmegine oňyn täsir edýändigini hem bellemek gerek.

Munuň özi bolsa saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek üçin oňyn şertleriň ýurdumyzyň kanunçylygynda kesgitlenilendigini görkezýär.

Habar kepillikleri: Saýlaw işleri aýanlyk we raýatlaryň giňden habarly edilmegi esasynda amala aşyrylýar.

Munuň şeýledigini geçen saýlawlarda ýerine ýetirilen işleriň käbirine ser salanyňda hem bilmek bolýar. Mysal üçin:

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde örän köp işler amala aşyryldy. Ýagny, saýlawlarda «Altyn asyr» teleýaýlymynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligiň 25-si, habarlaryň 58-si, «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmenistan» teleýaýlymlarynda habarlaryň 100-si, şeýle-de gepleşikleriň 25-si, «Aşgabat» teleýaýlymynda hem gepleşikleriň 18-si ýaýlyma berildi;

«Watan» radioýaýlymynda habarlaryň 40-sy, «Çar tarapdan» radioýaýlymynda habarlaryň 44-si, «Owaz» radioýaýlymynyň habarlar gepleşiginde (3-dilde: türkmen, rus, iňlis) 48-si ýaýlyma berildi;

«Türkmenistan» gazetinde dalaşgärleriň terjimehallary, maksatnamalary, dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklarynyň beýanynyň 34-si çap edildi;

Duşuşyklaryň geçýän wagty hem-de ýeri hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly saýlawçylara öňünden habar berildi.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde dalaşgärleriň terjimehallary, maksatnamalary, dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklarynyň beýanynyň 50-si çap edildi;

Welaýat gazetinde, şeýle hem «Aşgabat» gazetinde habarlaryň we makalalaryň jemi 159-sy çap edildi;

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan: Altyn asyr» atly internet-saýtynda «2017. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary» atly ýörite sahypa döredildi we saýlaw möwsümi bilen bagly täzelikler we habarlar, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirildi;

Merkezi saýlaw toparynyň mejlislerinde kabul edilen kararlar bolsa, ýörite telegepleşikler arkaly we günübirin ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Mundan başga-da, Merkezi saýlaw toparynyň kabul eden kararlary barada maglumat görnüşinde onuň internet saýtynda yzygiderli berildi.

Ýörite çakylyk çap edildi hem-de uçastok saýlaw toparlary olary her bir saýlawça paýlamak arkaly ses bermegiň geçirilýän wagty we ýeri barada saýlawçylara saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan on bäş gün galanda habar berdi.

Ýokarda aýdylyp geçilen işlere we beýleki ýerine ýetirilen köp sanly çärelere içgin üns bereniňde, saýlawçylaryň saýlaw möwsümi baradaky habar we maglumat üpjünçiliginiň doly we ýokary derejede berjaý edilendigini görmek bolýar.

Ykdysady kepillikleri: Döwlet saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak arkaly raýatlaryň saýlawlara gatnaşmagy üçin deň ykdysady we maliýe mümkinçilikleriň berilmegini kepillendirýär.

Saýlaw işlerine gatnaşyjylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde olaryň öz hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly ýeňillikler we çykdajylaryň öwezini dolmak kepillendirilýär.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlaryň maliýeleşdirilişi, maddy taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň saýlaw kodeksiniň 88-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet  býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär, nobatdaky saýlawlar üçin maliýe serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýar.

Raýatlaryň saýlaw hukugynyň ykdysady kepilliklerini üpjün etmegiň çäklerinde beýleki işler bilen bir hatarda şu aşakdaky çäreler amala aşyrylýar:

Neşir önümlerine degişli bolan saýlaw býulletenlerini, gollanmalary, ýatlamalary, düzgünnamalary, saýlawçylar üçin çakylyklary, saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryny, şeýle-de saýlaw toparlarynyň agzalary, synçylar, dalaşgärler we olaryň ynanylan adamlary, wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň şahsyýetnamalaryny, dalaşgärleriň suratlary we terjimehallary ýerleşdirilen plakatlary we beýleki resminamalary çap etmek;

Enjamlary, saýlawlary we saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklaryny üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki maddy gymmatlyklary edinmek;

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleri üpjün etmek maksady bilen gatnawlar boýunça çykdajylaryň öwezini tölemek; 

Şeýle hem saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklaryny we işini üpjün etmek bilen baglanyşykly gaýry çykdajylar.

 Saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň öz hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly gaýry çykdajylar üçin çykdajylaryň sanawynda göz öňünde tutulmadyk maliýe serişdeleriniň möçberi hem bellenilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 89-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlaryna bölünip berlen serişdeleriň harçlanylyşyna gözegçilik etmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Gözegçilik-derňew topary saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinden saýlaw toparlaryna bölünip berlen serişdeleriň maksatlaýyn harçlanylyşyna barlag-seljeriş işlerini geçirýär.

Bu giň mümkinçilikler bolsa saýlawlaryň deňlik şertlerinde geçirilmegine uly ýardam berýär.

 

Jemleýji pikirler

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen şertlerde üpjün edilmegi jemgyýetimiziň aňyýet taýdan has-da demokratiýalaşýandygyny, häzirkizaman dünýäsinde iň  zerur zadyň biri bolan agzybirligiň, jebisligiň biziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzda barha berkeýändigini we dabaralanýandygyny äşgär edýär. Hut şonuň üçin-de biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesi has-da ýokarlanýar.

 

Amangeldi GANDYMOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi.