ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

HEREKET — DAÝHANDAN, BEREKET — TOPRAKDAN!

Bäş ýüz kyrk bäş müň gektar meýdana gowaça  tohumyny sepen türkmenistanly pagtaçylar, şonça ýerden «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu uly zähmet ýeňşini gazanmak bilen olar pederlerimiziň «Daýhandan -- hereket,  toprakdan -- bereket» diýen atalar sözünden emele gelen durnukly  söz düzüminiň asyl mazmunynyň der dökülip gazanylýan arassa zähmetden ybaratdygyny iş ýüzünde ýene bir gezek doly subut etdiler.

Ak patrak deý açylan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygyjy maşynlaryň iki müňden köprägi gije-gündiziň dowamynda dynuwsyz işlän bolsalar, isripsiz ýygnalan  hasyly  ýurdumyzda bar bolan  pagta arassalaýjy zawodlaryň 38-si hem eýýäm doly güýjünde gaýtadan işlemäge girişdiler. 

Hasyl ussatlarymyzyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreleriň hem-de  oba hojalyk önümçiligine gatnaşyjylaryň ählisiniň umumy tagallasynyň datly miwesidir.

Arkadag Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde  gol çeken «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» Karary oba hojalyk önümlerini öndürijileriň yzygiderli höweslendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ekerançylaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna örän uly ýardam berdi.

Şu gezekki ýygym möwsüminde bol hasyly ösdürip ýetişdirmek we ony öz wagtynda ýygnamak işi bilen meşgullanýanlaryň hemmesi, ýagny kärendeçiler, mehanizatorlar, kabul ediş bölümleriniň hem-de pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işgärleri, awtoulaglaryň sürüjileri sazlaşykly işlediler.

Tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň sazlaşykly ornaşdyrylmagy ýaly möhüm wezipeleriň ençemesi milli Liderimiziň obasenagat syýasatynda täze many-mazmuna eýe bolup, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, gowaçanyň hasylly görnüşlerine uly ähmiýet berilmegi bu üstünligiň gazanylmagynyň girewi boldy.

Alnyp barylýan bu syýasat türkmen obalarynyň keşbiniň özgerdilmegi, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, hususy ulgamyň işjeň ösdürilmegi ýaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen topragynda ýetişdirilen ýokary hilli pagta diňe bir ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat etmän, eýsem ol döwletimiziň daşary ýurtlara iberýän möhüm çig mallarynyň hem biri bolup durýar. Şu günki gün türkmen pagtasy Çyn-Maçyna, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Eýrana, Indoneziýa, Singapura, Ukraina we Pribaltika döwletlerine iberilýär.

Oba hojalyk pudagyna döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär. Bu kömek-goldaw obasenagat toplumynyň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyşynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde we meliorasiýa meseleleriniň oňyn çözgüdinde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Oba hojalyk pudagy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Oba hojalygynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda mehanizasiýalaşdyrylmagy bu ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugry hasap edilýär. Ýakyn geljekde ýurdumyzda ýetişdirilen pagtanyň el bilen däl-de, tutuşlygyna  tehnikanyň güýji bilen ýygnalmagyny gazanmak meselesini oňyn çözmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda «СLAAS», «John Deere» ýaly bütin dünýäde belli kompaniýalaryň tehnikalary, Daşkent oba hojalyk tehnikalary zawodynyň pagta ýygyjy kombaýnlary we beýlekiler giňden ulanylýar.

Pagtaçylyk we däneçilik ýurdumyzda ekerançylygyň strategik ugurlarydyr. «Ak altynyň» we ak bugdaýyň önümçiligi hem-de gaýtadan işlenilişi milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän möhüm obasenagat syýasatynyň hataryna girýär. Telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanmagy, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň höweslendirilmegi oba hojalyk özgertmeleriniň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.

Ýygym möwsümi dowamynda her günde «ak altynyň» müňlerçe tonnasy kabul ediş bölümlerine tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça ekerançylaryň öňünde goýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirildi.

Biz hem toprakdan zer öndürmegi başarýan  edermen, ussat daýhanlarymyzy bu uly zähmet ýeňşi bilen hem-de  ýurdumyzda  giňden  bellenilip  geçilen Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!