Duýgulary derýa kimin joşduran, kalplary heýjana salan, aňdyr ýürekleri arşlara galkyndyran Aşgabat Aziadasy tamamlandy. Türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen bu halkara derejesindäki sport çäresi nesillerden-nesillere geçip, türkmenistanlylaryň hakydasynda baky orun tutar. Diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem yklymlaryň ýaşaýjylarynyň aňynyň, kalbynyň töründe mynasyp orun tutan Aşgabat Aziadasy özüniň many-mazmuny, derejesi, guramaçylygy, kaşaňlygy, ýokary netijeleri bilen Ýer ýüzüniň halklaryny haýrana goýdy. Bu halkara sport çäresine gatnaşan daşary ýurtlulardan «Aşgabat-2017» barada sorasaň, onda olar öz ýurtlarynda şeýle dabaraly, şüweleňli, ýokary guramaçylykly sport baýramçylygynyň geçirilmegini arzuw edýändiklerini uly höwes bilen aýdýarlar.
«Aşgabat-2017» Aziada oýunlary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň işgärlerinde hem uly täsir galdyrdy. Şu gün biz, Merkezi toparyň işgärleriniň Aziýada oýunlarynyň geçirilişi bilen bagly pikirlerini siziň dykgatyňyza hödürleýäris:
Allaberdi Ussaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygygynyň orunbasary:
— «Aşgabat-2017»-niň guramaçylykly geçirilmegi türkmen halkynyň halkara derejesindäki çäreleri üstünlikli guramaga ukyply halkdygyny doly subut etdi.
Bu halkara sport baýramçylygy türkmen halkynyň mynasyp türgenleriniň bardygyny ýüze çykardy. Şeýle hem Aşgabat Aziadasy biziň halkymyzyň taryhda hem sport bilen meşgullanmaga mynasyp hormat goýan milletdigini ýene bir gezek doly görkezdi. Türkmen türgenleri guşakly göreşde, agyr agramlary götermekde, bedew at bilen päsgelçilikden geçmekde ata-baba ganynda ezberliginiň bardygyny subut etdiler.
Dünýäniň 64 döwletinden gelen türgenleri we beýleki myhmanlary türkmen myhmansöýerligi bilen mynasyp garşy almakda, olaryň milli tagamlar bilen naharlanmaklarynyň ýokary derejede üpjün edilmeginde hem nusgawy işler bitirildi. Hut şonuň üçinem Aziada gatnaşanlar türkmen halkyndan, türkmen döwletinden, Türkmenistanyň milli Liderinden, ak mermerli Aşgabatdan örän göwni hoşal halda öz ýurtlaryna dolandylar. Muňa men türkmenleriň halkara derejesindäki uly ýeňşi diýip düşünýärin.
Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi:
— Aşgabatda geçirilen Aziada oýunlary biziň her birimiziň buýsanjymyza öwrüldi. Kalplarymyzy joşdurdy. Bu halkara çäresiniň ýokary guramaçylykly geçirilişini synlap, diýseň begendik.
Halkara synçylary hökmünde beýleki döwletlerde geçirilen dürli görnüşli saýlawlara gatnaşanymyzda, elmydama Türkmenistan we onuň saýlaw ulgamy, jemgyýetçilik-syýasy çäreleriniň guramaçylykly geçirilýändigi barada biziň salgymyza elmydama mynasyp sözler aýdýarlar. Aşgabat Aziadasynyň geçirilişini synlan her bir daşary ýurtly raýatlaryň hem Türkmenistanda bu halkara sport çäresiniň dünýä ülňülerine laýyk derejede geçirilendigini aýratyn nygtaýandyklaryny belläsim gelýär. Biziň ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler milletimiziň işjeňliginiň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Şu gezekki geçen halkara sport çäresi hem biziň raýatlarymyzyň ukyp-başarnygynyň doly açylmagyna ýaşyl yşyk ýakdy.
Aşgabat Aziadasy halkara derejesindäki özboluşly sport baýramçylygy hökmünde taryha girer.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti:
— «Aşgabat-2017»-niň oýunlarynyň geçirilişini beýan etmekde habar beriş serişdeleriniň işgärlerine köp zat baglydyr. Türkmen teleýaýlymlarynyň bu sport çärelerini göni ýaýlymda yzygiderli bermekleri bizi diýseň begendirdi.
«Ýewronýus», «BBS»-i, «Rossiýa-24» we beýleki iri teleýaýlymlarda Aşgabat Aziadasynyň halkara häsiýetiniň we mazmunynyň hem-de onuň milli aýratynlygynyň, äheňleriniň doly açylyp görkezilmegi, jikme-jik beýan edilmegi örän jüpüne düşdi. Şol berlen wideoşekilli telemaglumatlarda Aşgabat Aziadasynyň milli öwüşginine aýratyn orun berildi. Bu wideoşekilleri gören islendik tomaşaçynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň ykdysady ösüşleriniň, ýeten sepgitleriniň, ruhy-medeni galkynyşynyň derejesi bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik alandygyna men doly ynanýaryn.
Bu halkara sport çäresi Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň kämillik derejesiniň ýokarlanmagyna hem öz mynasyp täsirini ýetirendigine men pugta ynanýaryn.
Agadurdy Akmyradow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni:
— Aşgabat Aziýadasy her bir türkmen raýatynyň aňynda sporta bolan täze bir garaýşyň emele gelmegini üpjün etdi. Munuň özi sözüň doly manysynda türkmen halkynyň kalbynda we aňynda sport babatynda hakyky milli galkynyşyň, joşgunyň döremegine giň ýol açdy. Bu halkara sport çäresine gatnaşan her bir türkmen hünärmeni öz öňünde täze bir giň gözýetimiň açylandygyna göz ýetirdi. Mundan beýläk şu günki türgenlerimiz, geljekki nesillerimiz dünýä rekordlaryny täzelemäge türkmenleriň hem gönüden-göni gatnaşyp biljekdigi baradaky hakykat bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şu hakykatyň açylmagyna bolsa, türkmeniň milli Lideriniň öňdengörüjilikli syýasaty, çözgütleri mümkinçilik berdi. Nesillerimiz üçin döredilen bu mümkinçilikler baradaky ýalkymly pikirler halk hakydasynyň töründe hemişelik şugla saçar.
Maksatmyrat Geldiýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni:
— Aşgabat Aziadasynyň sport ýaryşlaryndan başga-da bellemeli taraplary kän. Şolaryň biri-de şeýle giň gerimli halkara sport çäresiniň aýdym-saz, folklor, tans we beýleki medeni çäreler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagydyr. Türkmenler milletimiziň baý medeni mirasy, şöhratly şu güni, röwşen geljegi bilen bagly doly hakykaty bu halkara sport baýramçylygyna gelenlere medeni çäreleriň üsti bilen çuň düşündirmegi başardylar. Şonuň üçin hem Aşgabat Aziadasynda türkmen milletiniň ruhy-medeni güýjüniň göterilen ýokary derejelerini dünýä ýüzüne wagyz etmekde örän uly ähmiýetli işleriň bitirilendigini doly nygtap bileris.