Gadymy türkmenleriň kämilleşdirilen, döwrebaplaşdyrylan çilik-hekgal oýnuny ýatladýan häzirki zaman golf oýny dünýäde aşa meşhurlyga eýedir. Irki döwürlerde pederlerimiziň uludan-kiçä ürç edip oýnan çilik-hekgal oýnunyň ynsan saglygyny, beden gurgunlygyny berkitmekdäki ähmiýeti örän uly bolupdyr.
Ähli bogunlaryňy, ýürek güýjüňi, dem alşyňy, uly we kiçi gan aýlanyş ulgamyny doly herekete girizýän golfuň Türkmenistanda döremeginde milli Liderimiziň tagallasy ägirtdir. Çakgan, çalasyn, ezber hereketlere baý, örän çylşyrymly we diýseň gyzykly, özüne çekiji, täsinliklerden doly owadan golf oýnuna, Zeminiň göwher-şamçyragyna deňelýän ak mermerli Aşgabatda-da isleg-höwesiň gün-günden artýanlygy üçin, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bu babatda aýgytly ädim ätdi. 17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda bina edilen, ýagny diýarymyzda sport we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde täze desga bolan ilkinji golf klubunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu toplum Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jek Niklaus bilen geçirilen duşuşyklarda, Türkmenistanda golfy ösdürmegiň mümkinçiliklerini orta atypdy. Golf meýdançasy üçin türkmen tebigatynyň landşaftynyň örän täsin ýerleriniň saýlanylyp alnandygyny aýratyn bellemelidiris. Bu babatda «Niklaus Design» kompaniýasynyň geçiren taslama-maslahat beriş işleri uly möçberlidir. Aşgabadyň golf meýdançasynyň gurluşygyna Türkmenistanyň «Myradym» hususy kärhanasy hem işjeň gatnaşdy.
Golf oýny 2016-njy ýylda Braziliýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdi. Şonda bu ýaryşa dünýäniň 40 ýurdundan türgenler gatnaşypdylar.
2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiada gatnaşmak üçin türkmen türgenleri Aşgabatdaky golf meýdançasynda türgenleşik geçip başlarlar. Bu meýdançanyň peýda bolmagy türkmen türgenleri üçin döredilen ajaýyp binýatlyk mümkinçilikdir.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň golf taýagy bilen uran ilkinji urgusy türkmen türgenleriniň golf älemine uly höwes we hyjuw-yhlas bilen gelendiklerini alamatlandyrýan örän batly we zarply urgy bolup ýaňlandy.
Sportuň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, golf meýdançalary biri-birinden öz ölçegleri, gurluş hem bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Hiç mahal golf meýdançalary birmeňzeş bolmaýar. Paýtagtymyzdaky Golf sport toplumynyň umumy meýdany ýetmiş gektardan ybaratdyr. Toplumda edara we hyzmat ediş binalary, on sekiz çukur, dört emeli köl hem-de bir emeli çeşme bar. Şeýle hem awtoulaglar üçin togsan orunlyk ýerasty hem-de ýerüsti duralgalar hereket edýär.
Täsin landşaftly, belentli-pesli meýdanyň saýlanylyp alynmagy Aşgabatdaky golf meýdançasynyň gözelligini has-da artdyrýar.
Halkara talaplaryna doly laýyk gelýän bu golf meýdançasy Aşgabatda halkara çempionatlaryny, dünýä derejeli ýaryşlaryny geçirmäge, ýurdumyza jahankeşdeleri has köp çekmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Hazar ýakasyndaky jenneti mekan Awazada türkmen gurluşykçylary tarapyndan golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi hakyndaky habar kalplary şatlykdan doldurdy.
Türkmeniň pasly-baharlardaky läle-reýhan düzleriniň keşbini ýatladýan golf meýdançasyny synlanyňda, geçmişde edaly türkmen gelin-gyzlarynyň agşamaralar topar-topar gezime çykyp, il-ýurt, ata Watan barada ýaşyl ýaýlalarda ýerine ýetiren läleleri göz öňüňde biygtyýar janlanýar duruberýär. Hyýalyňda janlanýan bu görnüş göýä golf meýdançasyna milli öwüşgin çaýýana çalym edýär.
Aşgabat Aziadasynyň çäklerinde ahal-teke bedewleriniň konkur ýaryşlaryna gatnaşan pursadyny synlap, taryhda türkmenleriň, hatda Jelaleddin soltanyň öz esgerleri bilen at üstünde çowgan oýnuny, ýagny bedewiň eýerinde mäkäm oturyp, taýakly top oýnan pursatlary hakydamyzda janlanypdy.
Asuda asmany kuýaşly, mukaddes topragy lälezarly mekanda bu gün gurup beren ajaýyp golf — çilik-hekgal meýdançasy üçin nesiller, has-da golfsöýerler hormatly Arkadagymyzy çyn ýürekden alkyşlaýarlar. Munuň özi sportuň bu görnüşiniň biziň ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe boljakdygynyň nyşanydyr.
Aşgabadyň gözel keşbine gozellik goşýan bu toplum gysga wagtyň içinde täsirli gezelençleriň, ezber türgenleşikleriň hem-de halkara derejeli türkmen türgenleriniň tälim alyş merkezine öwrüler.
A.ÇARYÝEW.