ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTAN — YLALAŞDYRYJY MERKEZ

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hem-de göýä badypaý dek Ýer ýüzüne ýaýran we Zemin üste meşhurlyk perini ýaýan gününe çenli geçilen taryhy ýoluň ilkinji menzilleri 1992-nji ýylyň iýulyndan, ýagny Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Helsinkide geçirilen Maslahatyndan başlanypdy. Şol Maslahatda ýaş türkmen döwleti ilkinji gezek özüniň daşary syýasat ugrunyň asyl mazmunyny — hemişelik bitarap bolmak islegini beýan edipdi.

Helsinkidäki Maslahatdan laýyk üç ýyl geçenden soň bolsa, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabat şäherinde guralan maslahatynyň jemleýji Jarnamasynda Türkmenistanyň bitarap daşary syýasaty resmi taýdan ilkinji gezek özüniň sebit derejesindäki halkara ykrarnamasyna eýe bolupdy.

Biziň ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmak islegi Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy 113 ýurduň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Kolumbiýanyň Kartahen şäherinde geçirilen duşuşygynda hem doly goldaw tapypdy.

Helsinkiden başlanan menzil Yslamabatdan, Kartahenden geçenden soň, kem-kemden uly ýola öwrülip, Nýu-Ýorka, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasyna çenli  uzady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa, Türkmenistan döwletimiz BMG-niň agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan goldamagy netijesinde, özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Şeýdibem, özboluşly ylalaşdyryjy merkeze öwrülen Türkmenistan Diýarymyzyň at-owazasy dostanalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşmeýilliligiň mekany hökmünde dünýä doldy.  

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň abraýy ýyl-ýyldan artýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylda geçirilen 69-njy mejlisine gatnaşan dünýäniň 193 döwletiniň wekilleri «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy» rezolýusiýasyny biragyzdan makulladylar.

Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp, gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatda biziň milli Liderimiz «Bitaraplygyň Halkara günini» döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji sessiýasynyň mejlisinde bu başlangyç giň goldaw tapdy we  bu barada rezolýusiýa kabul edildi hem-de her ýylyň 12-nji  dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi..

2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň on ýyllygy mynasybetli, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa, biziň ýurdumyzyň dünýäniň bu iri halkara guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlygy örän ynamly ýola goýandygynyň alamaty bolup ýaňlandy. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň ýyldan-ýyla barha dabaralanýandygynyň aýdyň  subutnamasydyr.

Türkmeniň milli Lideri özüniň çykyşlarynda Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň her bir ynsan üçin örän ähmiýetlidigini, hatda ondan tutuş adamzat kowmunyň nesilleriniň  dowamly kemal tapjakdygyny yzygiderli nygtaýar.

Hawa, biziň ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyň şaýoluna gowuşdy. Bu gün bolsa, Türkmenistan Diýarymyz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň saýlap alan daşary syýasat ugruna ygrarly bolup, hemişelik Bitaraplygyň şaýoly bilen bagtyýarlygyň röwşen-kuýaşly belentliklerine tarap ynamly barýar.

 

Agadurdy AKMYRADOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

 

 


 

Amangeldi GANDYMOW

BITARAPLYK HASYL BU GÜN...

Atalarmyň dana pendi, kalba siňen dogamdyr,
Haýran kylar däp-dessurlar, yklym içre halklary.
Peder goýan mirasymyz, ömür-baky dowamdyr,
Ösüşleriň paýasydyr, geçmişimiň kökleri.

Ýaşyl Tugyň saýasynda – rowan öňe ilimiz,
Bedew batly gadamlarmyz – merdanalaň güýjüdir.
Ýörelgämiz agzybirlik – ata-baba ýolumyz,
Bitaraplyk, erkanalyk – bu türkmeniň täjidir.

Kanun bilen goralandyr – raýat seniň hukugyň,
Demokratiýaň gül açyp dur – giň jahanda oňlanyp.
Zemin içre rowaç alýar – Bitaraplyk hukugyň,
Ykrar etdi derejäňi – bütin dünýä jem bolup.

Arkadagyň egnine – ak kepderi gondy bu gün,
Bagtyýardyr halkym bu gün – bagt mukamyn diňleýän.
Ak kepderi dileg edýär külli türkmen kowmuna,
Hem milletiň Alp ogluna alkyşlary diňmeýär.

Bagtyýarlyk Güni çoýýar bu nowjuwan Diýary,
Belent heňli aýdymlarmyz – nesilleriň dilinde.
Bitaraplyk hasyl bu gün – halkyň arzuw-hyýaly,
Jar çekilip, toý toýlanýar gadym oguz ilinde!

 


 

Agadurdy Akmyradow

BITARAP TÜRKMENISTAN!

Güneşli sen, görkana,
Bitarap Türkmenistan!
Kepderileň erkana,
Bitarap Türkmenistan!

Ösýäň, bedew badyň bar,
Ynsanlaryň bagtyýar,
Dünýä meşhur adyň bar,
Bitarap Türkmenistan!

Berekediň barlydyr,
Toý-baýramyň sazlydyr,
Altyn kölüň gazlydyr,
Bitarap Türkmenistan!

Kenara keşde çeken,
Ol Awazaň uz eken,
Hemralaň Arşa çykan,
Bitarap Türkmenistan!

Ýer göwsünde gazyň bar,
Däne, pagta, duzuň bar,
Sowulmajak ýazyň bar,
Bitarap Türkmenistan!

Anwara baý gülleriň,
Sazaga baý çölleriň,
Balyga baý kölleriň,
Bitarap Türkmenistan!

Daglaryň ala garly,
Jülgeleriň enarly,
Dutaryň goşa tarly,
Bitarap Türkmenistan!

Waspyň etdim her ýerden,
Il agzybir hem merdem,
Halk paýhasy jöwherden,
Bitarap Türkmenistan!

Gurluşykdyr çar künji,
Il asuda, ýok ünji,
Döwlet — halkyň buýsanjy,
Bitarap Türkmenistan!

Garagumyň sazak, bag,
Kerkaw, arça... Köpetdag.
Ýurt başynda Arkadag,
Bitarap Türkmenistan!