ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

MART SAÝLAWLARY: OKRUG WE GEŇEŞLIK SAÝLAW TOPARLARYNY DÖRETMEK

Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň  Mejlisiniň  deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň  agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, degişli saýlaw toparlary tarapyndan okrug we geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär.

Häzirki günlerde diýarymyzyň ähli ýerlerinde ýurdumyzda  geçiriljek jemgyýetçilik-syýasy çäre mynasybetli syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümlerine wekilleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly, işjeň ýagdaýda geçirilýär. Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar.

Bu möhüm syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 240-sy, ýagny welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40 saýlaw okrugy döredildi.

Şeýle hem etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň her birinde 20, jemi 1260 saýlaw okrugy, şol sanda Ahal welaýatynda 180, Balkan welaýatynda 260, Daşoguz welaýatynda 220, Lebap welaýatynda 220, Mary welaýatynda 260 saýlaw okrugy, Aşgabat şäherinde bolsa, saýlaw okruglarynyň 120-si döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlenildi.

Köp partiýalylyk şertlerinde, giň bäsleşik esasynda geçiriljek bu gezekki saýlawlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda jemgyýeti has çuň demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolmak bilen,  ýurdumyzda raýatlaryň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolar.

 

Hekimberdi ÖWEZOW,
Merkezi saýlaw toparynyň sekretar-referenti