Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul eden karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň we Geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2018-nji ýylyň 25-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2017-nji ýylyň 2-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň 2017-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlanýandygy yglan edildi.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi.
Şol mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewraly aralygynda dalaşgärleri hödürlemek hem-de 2018-nji ýylyň 3-27-nji fewraly aralygynda dalaşgärleri bellige almak möwsümidigi yglan edildi.
Dalaşgär bellige alnandan soň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 52-nji maddasyna laýyklykda, ol öz islegine görä ynanylan adamlaryny kesgitleýär we olary bellige almak üçin degişli saýlaw toparyna habar berýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatyna agzalyga her bir dalaşgäriň bäşe çenli, Geňeş agzalygyna her bir dalaşgäriň üçe çenli ynanylan adamy bolup biler. Degişli saýlaw topary ynanylan adamlar baradaky habary alandan soň, bellenilen düzgünlere laýyklykda olary bellige alýar we şahsyýetnama berýär.
Ynanylan adamlar saýlaw möwsümini geçirmekde dalaşgäre kömek berýärler, onuň saýlanmagy ugrunda wagyz işini alyp barýarlar, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, saýlawçylar bilen özara gatnaşyklarynda, şeýle hem saýlaw toparlarynda onuň bähbidini araýarlar.
Dalaşgär saýlawlara çenli islendik wagt ynanylan adamlaryny çalyşmaga hukuklydyr. Ynanylan adam hem islendik wagt öz ygtyýarlyklaryny tabşyryp biler.
Dalaşgärleriň ynanylan adamlary saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly işleri alyp baranlarynda, olaryň ýanynda degişli şahsyýetnamasy bolmalydyr.
Dalaşgäriň ynanylan adamy tarapyndan düzgün bozulmalara ýol berlen halatynda, degişli saýlaw topary onuň resmi taýdan bellige alynmagyny ýatyryp biler.
Saýlaw toparynyň agzasy ynanylan adam bolup bilmez. Ynanylan adamlaryň ygtyýarlyklary saýlawlaryň jemi jemlenilenden soň tamamlanýar.
Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.