Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik ýörelgeleri has-da ýaýbaňlandyrmak babatynda saýlaw toparlarynyň öňünde hem wajyp wezipeler durýar.
Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasy tarapyndan saýlawlarda ulanmak üçin gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň ençeme görnüşi işlenilip taýýarlanyldy. Olar «Welaýat we Aşgabat saýlaw toparlary üçin gollanma», «Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma», «Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary üçin gollanma», «Okrug saýlaw toparlary üçin gollanma», «Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma», şeýle hem «Milli synçylar üçin ýatlama», «Daşary ýurt halkara synçylary üçin ýatlama», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýatlama», «Dalaşgärleri hödürlemek üçin gollanma», «Dalaşgärler üçin ýatlama», «Dalaşgärleriň ynanylan adamlary üçin ýatlama» we «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses bermegi guramagyň we geçirmegiň tertibi hakynda düzgünnama», «Saýlaw gutularyny möhürlemegiň tertibi hakynda düzgünnama» ýaly neşirlerden ybaratdyr.
Saýlaw toparlarynyň saýlaw resminamalaryny dürs we dogry ýazmaklaryny üpjün etmekde bu neşirleriň ähmiýeti örän uludyr.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre üçin neşir edilen gollanmalardyr ýatlamalar, taýýarlanylan düzgünnamalar ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam berer.
Berdimyrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.