ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

DALAŞGÄRLERI BELLIGE ALMAK

Öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basan türkmen jemgyýetinde 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek saýlawlar raýatlarymyzyň syýasy işjeňliginiň derejesini ýene bir gezek dünýä aýan etjek jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler. Dalaşgärleri hödürlemek we olary hasaba almak işleri amala aşyrylýan häzirki döwürde geçirilýän çäreler munuň hakykatdan hem şeýle boljakdygyny doly subut edýär.

Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler degişli okrug saýlaw toparlary, halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler bolsa welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlary, Geňeş agzalygyna dalaşgärler hem etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary tarapyndan bellige alynýar.

Bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanyp, saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanar.

Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär hem-de bellige alnan dalaşgärlere şahsyýetnama berilýär.

Okrugyň, welaýatyň, etrabyň, şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary degişli dalaşgärleriň bellige alnandygy hakynda teswirnama düzýär. Bu teswirnama dalaşgärleriň razylyk arzalary bilen bilelikde degişli saýlaw toparynda saklanylýar.

Saýlaw topary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň talaplary doly berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleriň ählisini bellige almaga borçludyr.

Dalaşgärlige hödürlenilen her bir adam saýlaw okruglarynyň diňe birinde bellige alnyp bilner.

Dalaşgärler haýsydyr bir saýlaw toparynyň düzümine girýän bolsalar, olar bellige alnan pursadyndan başlap, şol toparyň düzüminden çykarylan diýlip hasap edilýär. Milli synçylar babatynda hem şeýle ýagdaý göz öňünde tutulandyr.

Degişli saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary olar bellige alnandan soň bäşilenji günden gijä goýman, ilatyň dykgatyna ýetirýär, habarda dalaşgärleriň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we ýeri, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Bahar paslynyň ilkinji aýynda, ýagny tebigatyň täze keşbe-görnüşe girýän döwründe geçiriljek bu saýlawlar, tutuş türkmen jemgyýetinde çuň özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň binýatlyk esaslarynyň üpjün ediljekdiginden nyşandyr. 

 

Merkezi saýlaw topary.