ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

BAHAR SAÝLAWLARY WE HALKARA SYNÇYLARY

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara halkara synçylarynyň gatnaşmagy özboluşly däbe öwrülip gitdi. Saýlawlara milli synçylarymyz bilen bilelikde, daşary ýurtly synçylaryň gatnaşmaklary Türkmenistanda geçirilýän bu jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň halkara ölçeglerine laýyklykda, çuň demokratik esaslarda amala aşyrylýandygyny aýdyň subut edýär.

Daşary ýurtly synçylaryň saýlawlara syn etmeklerini ýola goýmak nähili amala aşyrylýar?

Halkara synçylary saýlawlaryň bellenilen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti, Merkezi saýlaw topary tarapyndan çagyrylýar. Çakylyk haty bar bolan halatynda, halkara synçylary Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alynýar we olara Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.

Saýlawlara gatnaşýan daşary ýurtly synçylaryň işi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

Saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet we ýerli öz­özüňi dolandyryş edaralary, wezipeli adamlar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt synçysyna zerur bolan ýardamy berýärler.

Halkara synçysynyň öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýandygyny, şeýle hem onuň işi bilen bagly ähli çykdajylary daşary ýurt synçysynyň özüniň ýa­da ony iberen tarapyň çekýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

Halkara synçylary tarapyndan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň bozulan halatynda, Merkezi saýlaw topary onuň resmi taýdan bellige alynmagyny ýatyryp biler.

Halkara synçylaryny bellemegiň we olary bellige almagyň tertibiniň Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýandygyny bellemek ýerliklidir.

Saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin gelýän daşary ýurtly synçylaryň syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlaryň toparlarynyň wekilleri, dalaşgärler, synçylar, saýlawçylar bilen duşuşmaga, saýlawlara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine, Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň berjaý edilişine syn etmäge, Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygy, saýlawlara taýýarlyk görlüşi we olaryň geçirilişi barada öz pikirini aýtmaga, şeýle hem saýlawçylaryň sanawy bilen tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň mejlislerinde bolmaga, saýlaw gutulary möhürlenilende bolmaga, öňünden ses berlişine, ses berilýän jaýdan daşarda ses berlişine, saýlawlar güni saýlaw uçastogynda ses berlişine we saýlaw býulletenleriniň berlişine syn etmäge hukuklary bardyr. 

Mundan başga-da, halkara synçylary sesleriň sanalyşynda doldurylan ýa­da doldurylmadyk islendik saýlaw býulletenine, saýlaw topary tarapyndan ses bermegiň jemleri hakyndaky teswirnamanyň we beýleki resminamalaryň düzülişine, sesleriň, berlen saýlaw býulletenleriniň, hakyky däl diýlip hasap edilen saýlaw býulletenleriň, ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleriniň sanalyşyna syn etmäge, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň jemleri baradaky teswirnamalary we ol teswirnamalara goşulan resminamalar bilen tanyşmaga hukuklydyrlar.

Şu ýerde biz daşary ýurtly synçylaryň başga-da käbir hukuklary barada aýratyn gürrüň etmekçi bolýarys. Olaryň saýlaw býulletenini bermäge, saýlawçylaryň ýerine saýlaw býulletenini doldurmaga, ses bermegiň gizlinligini bozýan hereketleri etmäge, saýlaw býulletenleriniň sanalyşyna gatnaşmaga, saýlaw toparlarynyň işine päsgel berýän hereketleri etmäge hukuklarynyň ýokdugyny nygtamalydyrys.

 

Bezirgen GARAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň
Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.