ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

HALKARA SYNÇYLARY SAÝLAWLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY DURMUŞYNDA MÖHÜM DEMOKRATIK ÄDIM BOLANDYGYNY BELLEDILER

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary 2018-nji ýylyň 25-nji martynda demokratik esaslarda, köppartiýalylyk, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk esasynda geçirildi.

Diýarymyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, tutuş türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň, kämilliginiň, işjeňliginiň doly keşbini beýan eden bu saýlawlar milli demokratiýamyzyň özboluşly rowaçlanmasynyň mysaly hökmünde halk hakydasynyň şöhratly taryhyna girer.

Bu saýlawlara Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar  we adam hukuklary boýunça býurosyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Päkistan Yslam Respublikasyndan, Awstriýa Respublikasyndan gelen halkara synçylarynyň 142-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna milli synçylaryň 4072-siniň gözegçilik etmegi ýurtda bu jemgyýetçilik-syýasy çärä tutuş türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň talapkär nazarynyň gönügendigini aňladýan bolsa, abraýly halkara guramalaryndan 140-dan gowrak synçynyň gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynyň özboluşly ykrarnamasy bolup ýaňlandy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, şol bir wagtyň özünde-de ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda geçirilen bu saýlawlara berlen bahalaryň käbirleri bilen tanyşmak, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň näderejededigine göz  ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki saýlaw uçastoklarynyň 685-sine baryp gören 90 adamdan ybarat synçylar toparynyň Beýannamasynda Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň kanunçylyk esaslary, saýlaw toparlarynyň saýlawlary guramaçylykly geçirmekde alyp baran işleri, saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişi, dalaşgärleriň hödürlenilişi, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri, saýlaw möwsüminiň habar beriş serişdelerinde beýan edilişi, arza-şikaýatlar, saýlawlarda ses berlişine, saýlawçylaryň sesleriniň sanalyşyna syn etmek bilen bagly alnyp barlan işlere örän ýokary baha berlipdir. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilen bu saýlawlaryň derejesiniň halkara synçylary tarapyndan doly ykrar edilendigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň çagyrmagy boýunça 2018-nji ýylyň 20-26-njy marty aralygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzda bolan 15 adamdan ybarat synçylar toparynyň Beýannamasynda hem saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we beýleki hukuk kadalaryna laýyklykda, açyklyk hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigi aýratyn nygtalýar. Şeýle hem bu Beýannamada toparyň düzümindäki halkara synçylarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki 224 saýlaw uçastogyna baryp görendikleri, olaryň ählisinde saýlaw güni saýlawçylaryň örän işjeň ýagdaýda ses bermäge barandyklary, saýlaw uçastoklarynda ähli işleriň kanuny talaplara laýyklykda amala aşyrylandygy, düzgün-tertibiň bozulmalarynyň ýüze çykmandygy barada aýratyn nygtalýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparynyň ýurdumyzda geçirilen bu saýlawlara beren bahasy saýlawlarda demokratik ýörelgeleriň, umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň pugta berjaý edilendiginden habar berýär.

Halkara guramalaryndan gelen synçylardan başga-da, awstriýaly synçy Neda Bergeriň bu geçen saýlawlar baradaky pikiri hem aýratyn ähmiýetlidir. Neda Berger: «Men bu saýlawlara syn etmek maksady bilen Wenadan geldim. Saýlawlar açyklyk, aýdyňlyk, bäsleşik ýagdaýynda geçdi. Üç syýasy partiýanyň hemi-de raýatlar toparlarynyň hödürlän dalaşgärleri bäsleşdiler. Saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilendigini aýratyn nygtamak isleýärin» diýip, uly buýsanç bilen belledi.

Hytaý Halk Respublikasyndan gelen synçylaryň beýannamasynyň mazmuny bilen tanyşmak has-da ýakymly. Olar: «Biziň 25-nji martda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň çäklerinde saýlaw uçastoklaryna geçiren monitoringimiziň netijesinde, ses berlişinde hiç hili kemçilikleriň, düzgün bozmalaryň bolmandygy bellenildi. Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň Saýlaw kodeksine, şeýle hem halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigini aýratyn nygtaýarys. Hytaýly halkara synçylar Türkmenistanda geçirilen bu saýlawlary hakyky diýip ykrar edýärler.

Biz — hytaýly halkara synçylar geçen bu saýlawlaryň Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm demokratik ädimleriň biri bolandygyna pugta ynanýarys. Munuň özi döwlet gurluşyny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir. Biz agzybir türkmen halkynyň Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geljekde-de uly-uly üstünlikleri gazanjakdygyna pugta ynanýarys.

Türkmenistanyň halkyna bagt we rowaçlyklar arzuw edýäris» diýip, öz beýannamalarynda aýratyn nygtapdyrlar.

Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli kanunlarymyzyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, olaryň halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

...Hawa, halkara talaplarynyň derejesine laýyklykda geçirilen pasly bahardaky bu jemgyýetçilik-syýasy çäre, Türkmenistan döwletimizde demokratik saýlawlaryň çuň kök urandygyny, pajarlap ösüp, pür-pudak ýaýradyp, datly miwe berýändigini Zemine doly aýan etdi.

 

Agadurdy AKMYRADOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.