ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

HAZAR — HALKARA HYZMATDAŞLYK DEŇZI

Türkmeniň Gahryman ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenbaşy şäherinde umumy meýdany 152 gektara barabar bolan täze Halkara deňiz portunyň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde, Hazar deňziniň diňe bir sebitde däl, eýsem Ýer ýüzündäki ähmiýeti has-da artdy. Türkmeniň köňül rowany hasyl boldy. Hazaryň halkara hyzmatdaşlyk deňzine öwrülendigine bu gün külli  älem şaýat boldy.

Bu port — parom, ýolagçy, ýük terminallaryndan ybarat.  Ol bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýär. Bu ýerdäki deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. Olarda 300 müň ýolagça we 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge mümkinçilik bar. Ýylyň dowamynda 400 müň konteýneri daşamaga  ukyply bolan bu deňiz portunyň  umumy geçirijilik kuwwaty, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 million tonna ýüke barabardyr.

Bu halkara deňiz porty baradaky käbir goşmaça maglumatlary siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

— Portuň umumy meýdany 1 million 358 müň 484 inedördül metre barabardyr;

— 20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deňdir;  

— Portuň kenar düzüminiň köp sanly desgalarynyň umumy uzynlygy 3,9 müň metrden gowrakdyr;

— Bu ýerde estakada aýrytlary bolan awtomobil ýoly hem-de uzynlygy 30 müň metre barabar bolan demir ýoly hereket edýär;

— Port iň häzirki zaman programma-enjamlaýyn toplumlar bilen üpjün edilendir;

— Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül meýdany eýeleýär;

— Her bir terminalda deňiz ekologiýasyny goramak üçin bioarassalaýjy enjamlar oturdylandyr;

— Awtomobil we ýolagçy parom terminallarynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metre barabardyr;

— Ýolagçy terminalynyň binasy 600 adam üçin niýetlenilendir;

— Port häzirki zaman ýük kranlarynyň 42-si, enjamlaryň 1030-sy, gurallaryň 5443-si bilen üpjün edilendir;

— Portda bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge doly mümkinçilik döredilendir.

Şeýle ajaýyp döwrebap Halkara deňiz portunyň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde, alyslar ýakynlaşyp, ýük daşamakdaky kyn işler aňsada öwrüldi. Üsti ýükli ulaglaryň badyny togtatman, öz arzyly menzillerine basym gowuşmagy üçin, Hazaryň türkmen kenarynda bina edilen bu täsin deňiz portunyň hyzmatyndan Ýewraziýa giňişliginde ýerleşen döwletleriň ählisiniň peýdalanyp bilmekleri üçin örän oňyn mümkinçilikler döredildi. Görkli çemene meňzeýän Türkmenistan Diýarymyzyň azym-azym şäherleriniň, obadyr kentleriniň üstünden geçip, magrypdan-maşryga, maşrykdan-magryba, günortadan-demirgazyga, demirgazykdan-günorta  rowan bolýan üsti ýükli ulag kerwenlerine türkmen bolup «Ýoluňyz ak bolsun!» diýmek gör, nähili ýakymly.

Kyn işleriň garşysynda mäkäm gaýalar ýaly mert durmagy başarýan zähmetsöýer türkmen halkynyň öz milli Lideriniň, Gahryman Arkadagynyň ýolbaşçylygynda nähili beýik işleri amala aşyryp bilýändigine bu gün dünýä ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdi.

Ösen dünýäniň talaplaryna doly laýyk gelýän bu porta geljek ähli görnüşli gämileriň hereketine we olara ýük ýüklemek hem-de olardan ýük düşürmek işlerine diňe bir awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen däl, eýsem hemra arkaly hem gözegçilik etmek mümkinçiligine eýe bolan bu iri deňizýaka desgasynyň üstünlikli işe girizilmegi, halkara hyzmatdaşlygynda täze ugur saýylýan ulag diplomatiýasynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň ajaýyp subutnamasydyr.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan bu deňiz portunyň mümkinçilikleri örän uludyr. Bu port arkaly Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmaga mümkinçilik açylýar. Şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligi döreýär.

Milli Liderimiziň: «Demirgazyk — Günorta», «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça geçelgeleriň çatrygynda ýurdumyzyň täsin geografik ýerleşmegini nazara alanyňda, ulag düzüminiň ösdürilmegi, elbetde, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň hem-de ilatyň isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň depginli ösdürilmegi uzak möhletleýin maksatnamanyň binýatlaýyn serişdesi bolup durýar.

Türkmenistanyň deňiz flotunyň hem-de ähli degişli düzümleriniň ösdürilmegi strategik ähmiýete eýe bolýar. 2013-nji ýylyň awgustynda badalga berlen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurulmagy onuň möhüm düzümi boldy» diýip, nygtamagy ýöne ýere däl. Çünki, Gündogardan, Çyn-Maçyndan, tutuş Ýuwaş Umman sebitinden... alys ýola çykan we Türkmenbaşydaky portdan geçip, möwçli deňiz-derýa ýollaryny gulaçlap, per açyp, Bagdat suwuny içen, gykuwlaşyp Hebeşistana sary uçan  durnalaryň baryp ýeten menzillerine, şeýle-de Pereňistana, Dumanly Albiona, Baltika ýakalaryna, Skandinawiýa döwletlerine çenli ýol ýitirmän baryp ýetjek üsti ýükli ulag kerwenleriniň türkmen halkynyň milli Lideriniň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede döredip beren ajaýyp mümkinçiliklerinden, oňyn şertlerinden müňde bir razy boljakdyklaryna şek-şübhe ýokdur.  

Halkara deňiz portunyň desgalary bilen bir hatarda, «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu ýerde ýylda poladyň 12 müň tonnasynyň işlenilmegi üçin zerur şertleriň, şeýle hem bu zawodda her ýylda gämileriň 4-sini gurmak, 20-sini abatlamak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi Hazar deňziniň halkara hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmegi üçin mäkäm binýatlyk esaslarynyň pugta üpjün edilendigini doly subut edýär.

 

Agadurdy AKMYRADOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.