Türkmenbaşynyň täze gurlup ulanylmaga berlen Halkara deňiz porty deňiz derejesinden aşakda ýerleşen iň uly deňiz porty hökmünde 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Portuň umumy meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metr bolup, onda gämileriň duralga has ýakyn ýanaşyp bilmeklerini üpjün etmek maksady bilen, deňziň düýbüni çuňaltmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Has takygy, bu ýerden — deňiz düýbünden 10 million kub metre barabar toprak gazylyp aýryldy.
Deňiz portundaky 20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre barabar bolup, bu ýerde bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämilerine hyzmat etmäge mümkinçilik döredilendir.
Ýük göterijiligi 10 müň tonna bolan gämileriň ýerini üýtgediş ulgamy oturdylan bu deňiz portunda, ýük göterijiligi 80 tonna barabar bolan tigirli kran, ýük göterijiligi 40, 60 we 80 tonna bolan relsde ýöreýän döwrebap kranlar hereket edýärler.
Hormatly Prezidentimize Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili hanym Şeýda Subaşi tarapyndan degişli sertifikat gowşuryldy.
Merkezi saýlaw topary.