ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

TÜRKMENIŇ DEMOKRATIK SAÝLAWLARYNYŇ KÖKLERI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän dürli derejeli saýlawlaryň kökleri müňýyllyklara uzap gidýär. Şol bir wagtyň özünde-de, çuň demokratik häsiýete we mazmuna ýugrulan saýlawlar häzirki zaman dünýäsinde ykrar edilen halkara ýörelgelerine laýyklykda geçirilýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlarda ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimiz bilen halkara tejribeleriniň örän utgaşykly, sazlaşykly ulanylýandygyndan habar berýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän demokratik saýlawlaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň kökleri barada gürrüň bermegini sorap biz, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi Amangeldi GANDYMOWA ýüz tutduk:

 

--Amangeldi Gandymowiç, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hünärmenleri tarapyndan biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli demokratik saýlawlar öz akabasyny, gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýar. Bu barada okyjylarymyza gürrüň beräýseňiz?

--Siz dogry bellediňiz. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň milli demokratik kökleri ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar.

Häzirki döwürde biziň hünärmenlerimiz tarapyndan demokratik saýlawlaryň kökleri yzygiderli öwrenilýär we seljerilýär. Halkymyzyň heňňamlara siňip giden we taryhda öçmejek yz galdyran geçmişini öwrenmek biziň üçin örän täsin we gyzyklydyr. Sebäbi diýeniňde, taryhyň jümmüşine näçe içgin aralaşdygyňça, şonça-da türkmen milletiniň demokratik ýörelgelere esaslanýan syýasy ulgamynyň kämil derejede bolandygyna, halkyň erk-isleginiň, saýlawlaryň hem uly ähmiýete eýedigine doly göz ýetirýärsiň.

Has irki döwürlerde türkmenler belli bir ýere ýygnanyşyp, öz aralarynda maslahatlar geçiripdirler. Ana, şol maslahatlarda hem olar öz aralaryndan ýolbaşçy saýlapdyrlar. Ine, şol maslahatlar bolsa, biziň milletimizde saýlawlaryň ilkinji ýüze çykmasynyň alamatlarydyr.

Maslahata gatnaşyjylar tutuş türkmen jemgyýetini emele getirýän tireleriň, taýpalaryň, obalaryň, hanlyklaryň wekilleri, baştutanlary bolupdyrlar. Şolaryň deň derejedäki wekilçiligi esasynda geçirilýän maslahatlarda ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna degişli meseleler çözülipdir we degişli kararlar kabul edilipdir. Hut şonuň üçin hem taryhda şeýle maslahatlaryň ähmiýeti örän uly bolupdyr.

Wagtyň geçmegi bilen bolsa,  bu maslahatlar giň gerimlilik, saýlaw we ses bermek häsiýetine eýe bolupdyr. Şonuň netijesinde-de adamlaryň saýlamak we saýlanmak hukuklary kemala gelip, halkyň, il-günüň bähbidini goraýan wekilçilikli edaralar döräpdir.

Türkmen halkynyň taryhynda özüniň gözbaşyny Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýan saýlawlar nähili ýüze çykypdyr diýlen sowala, biziň ata-babalarymyzyň il üçinden hanlary, kethudalary, arçynlary, miraplary saýlamaklary bilen baglylykda ýüze çykypdyr diýip jogap berip bolar.

Taryhy eýýamlarda biziň halkymyzyň syýasy durmuşynda adalatlylygyň, deňhukuklylygyň, bir söz bilen aýdanyňda bolsa demokratiýanyň höküm sürendigini, dabaralanandygyny anyk delilleriň üsti bilen bilmek bolýar.

        Bu barada käbir mysallara ser salyp göreniňde, Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen pikirleriň köpüsine gabat gelmek bolýar. Bu ajaýyp eserde bir adamynyň göwnüni ýykmaklygyň, müň gezek Käbäni ýykan ýaly bolýar diýlen pikiriň öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, bilşimiz ýaly, Käbe musulman ymmatynyň ybadat edýän we haja gidip-gelýän iň bir mukaddes ýeri. Ýöne, Döwletmämmet Azadynyň özüniň dini taglymatlara durky bilen uýýan şahs bolup, adamynyň mertebesini kemsitmegiň müň gezek Käbe ýykan ýaly bolýandygyny aýtmagynyň özi, hakykatdan hem biziň pederlerimiziň adam mertebesine, hukuklaryna we azatlyklaryna örän ýokary derejede hormat goýandyklaryny tassyklaýar.

Şu nukdaýnazardan, bu mysallar türkmenler islendik döwürde hem demokratik ýörelgelere eýeripdirler diýip aýtmaga doly esas bolup durýar.

--Siz türkmen halkynyň saýlawlarynyň taryhyny öwreneniňizde, ony haýsy döwürlere bölýärsiňiz?

--Türkmen halkynyň taryhynda saýlawlaryň nähili derejede geçirilendigini we onuň nähili ähmiýete eýe bolandygyny öwrenmekligi esasy üç döwre bölmek bolar. Birinjisi, has irki döwürlerden başlap, XIX asyryň 80-nji ýyllaryna çenli. Ikinjisi, 1881-nji ýyldan başlap, 1991-nji ýyla çenli. Üçünjisi bolsa, 1991-nji ýyldan başlap, Garaşsyzlyk ýyllaryny öz içine alýan döwre bölmek bolýar.

Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk hukugyna esaslanýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmekleriniň, halk demokratiýasynyň netijeli görnüşi bolan saýlawlary geçirmek boýunça baý tejribe toplanyldy. Ösüşiň demokratik ýoluny saýlap alan Türkmenistanda jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge, ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär.

Adalata, milli demokratik gymmatlyklara aýratyn gadyr goýýan halkymyz asyrlaryň dowamynda geçirilip gelnen saýlawlarda mynasyplar üçin ses bermegi özüne mertebe hem dereje saýýan halk hökmünde tanalypdyr.

Türkmenleriň taryhy durmuşynda geçirilen geňeşlerde halkyň her bir agzasy deň görlüpdir. Şol geňeşlerde çopanyň hem, kethudanyň hem ses bermek hukugy deň bolupdyr. Has takygy, saýlawlaryň demokratik ýörelgeleri, ýagny adalatlylyk, açyklyk, deňlik, bäsleşik wezipeli adamlary saýlamaklygyň esasy ugry saýylypdyr we bu demokratik esaslar doly derejede ýerine ýetirilipdir.

Türkmen halky mynasyp dalaşgärleri hödürlemek we olary saýlamak meselesine elmydama örän jogapkärli çemeleşipdir.

Merdana ata-babalarymyz taryhyň dürli döwürlerinde adalatly saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgelerine wepaly bolupdyrlar. Il içinde ykrar edilen şol ýörelgeleriň saýlawlarda gyşarnyksyz berjaý edilmegine aýratyn talap bildiripdirler. Hanlaryň, oba kethudalarynyň, arçynlaryň saýlawlary bäsleşik esasynda geçirilip, şol wezipelere il içinde sözi geçýän abraýly adamlary saýlapdyrlar.

Saýlawlaryň taryhy barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň şu parasatly jümlelerini mysal getirsek ýerlikli bolar: «Türkmen halky ähli döwürlerde hem öz taryhyna uly sarpa goýan halk. Biziň halkymyz, aýratyn-da, saýlawlaryň demokratik esaslary barada ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýeripdirler. Olar hakynda men öz eserlerimde belläp geçdim.

Mysal üçin, «lliň güýji — siliň güýji», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Halk aýtsa, galp aýtmaz» ýa-da «Ýedi ölçäp, bir kes» diýilýär. Şonuň üçin ir döwürlerde hem demokratik sütünlere esaslanyp, hanlary, umuman, kethudalary, arçynlary, miraplary aýdyňlyk, aç-açanlyk, bäsleşik esasynda saýlapdyrlar. Şolara mynasyp adam bar bolsa, agzybirlik bilen saýlaw esasynda, jemgyýetiň arasynda deňhukuklylyk we açyklyk esasynda saýlapdyrlar». Milli Liderimiziň aýdan bu gyzyla gaplaýmaly pikirleri biziň üçin gymmatly hazynadyr.

Deňhukuklylyk, adalatlylyk biziň ata-babalarymyzyň syýasy durmuşynda demokratik ýörelgeleriň esasyny düzüpdir we bu düzgünler pugta berjaý edilipdir.

Meşhur türk taryhşynasy Mehmet Saraýyň «Türkmen taryhy» atly kitabynda türkmenleriň demokratiýasy — halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, saýlawly we wekilçilikli syýasy durmuşy, döwleti adalatly dolandyrmagyň gurluşy barada täsirli maglumatlar beýan edilýär. Bu kitapda: «Taýpa geňeşleri kiçi parlamente öwrülýär, sebäbi, şol geňeşlerde her bir taýpa deň derejede wekilçilik edipdir. Olar öz hanlaryny saýlapdyrlar we öz maslahatlarynyň kararlaryna boýun bolupdyrlar. Şeýle hem: «Türkmen Parlamenti we olaryň işleýşi örän gyzykly. Her bir taýpanyň aksakgallary, baştutanlary, işanlary we mollalary şolaryň kiçi parlamentinde deň derejede wekilçilik edipdirler. Her bir oba baý-u-garyp diýmän, abraýly adamlardan öz maslahatyny saýlapdyr we şu maslahatyň karary bütin mähelle tarapyndan kabul edilipdir we oňa garşy çykylmandyr.

Şeýle maslahatda diňe bir hüjüm etmek we goranmak çäreleri bilen baglanyşykly syýasy meseleleri çözmek bilen çäklenilmeýärdi, eýsem şeýle-de içerki syýasatyň we umumy kanunçylygyň meseleleri we her günki gatnaşyklarda ýüze çykýan köp-köp adalat meseleleri hem çözülýärdi.

Şol maslahatlarda hemme kararlar gatnaşyjylaryň diňe bir agyzdan ses bermegi bilen kabul edilýärdi. Pikirler çapraz gelen mahalynda bolsa, bir karara gelmek üçin, birek-birege düşüniler diýen umyt bilen üç gün möhlet berilýärdi we hatda üç gün geçenden soň hem şol umyt berjaý bolmasa, mesele tä oňşuk gazanylýança, açyk galdyrylýardy. Jemgyýetçilik ähmiýetli mesele ara alnyp maslahatlaşylanda, köpçülik şol meseläniň çözülmeginiň tarapynda bolsa, maslahat şol meseläniň çözgüdini ýene üç günlük yza süýşürýär we eger garşy çykýan azlyk öz pikirini gülletjek bolup, eňek bermän dursa, onda mesele obanyň diňe ähli ilatynyň erk bildirmegi bilen çözülýär» diýlip aýdylýar.

Bilşimiz ýaly, häzirkizaman saýlawlarynda degişli saýlawlar boýunça saýlaw okruglary döredilip, şol okruglar boýunça hem dalaşgärler saýlanylýar. Taryhy döwürlerdäki saýlawlarda saýlaw okruglary döredilmedik bolsa-da, her bir taýpa okrug manysynda saýlawly orunlara deň şertlerde wekilçilik edipdirler.  

--Amangeldi Gandymowiç, şol maslahatlarda, geňeşlerde türkmenler gender deňligine nähili üns berdilerkä?

--Zenanlara hormat goýmak biziň ata-baba dowam edip gelýän däbimizdir, olaryň saýlawly wezipeleri eýeländikleri barada anyk bir mysallar bolmasa-da, beýleki meselelerde deňhukuklylyk ýörelgeleri zenan maşgalalar babatynda hem pugta berjaý edilipdir.

«Türkmen taryhy» atly kitabyň 61-nji sahypasynda kethudalaryň, ýaşulularyň we ýönekeý raýatlaryň hemmesiniň büs-bütin deň şertlerde ýaşandygy, bu deňligiň diňe bir erkek kişileriň arasynda däl-de, eýsem aýallaryň arasynda hem ýöredilendigi barada aýdylýar.

Bu taryhy çeşmäniň 62-nji sahypasynda bolsa: «Türkmen jemgyýetinde aýallar öz maşgalalarynyň içinde örän täsirli bolýar we öz kowumlarynyň umumy işlerinde edil erkekler ýaly sözüni geçirip bilýär» diýen taryhy maglumatlara duş gelmek bolar. Elbetde, bu mysallardan türkmen jemgyýetinde zenanlaryň syýasy meseleleriň çözülmegine gatnaşandyklaryny, gender deňliginiň – deňhukuklylyk şertleriniň hemişe-de goralandygyny aýdyňlygy bilen bilmek bolýar.

Şol deňhukuklylyk, adalatlylyk ýörelgeleri halkyň öz saýlan wekilleri tarapyndan üpjün edilipdir.

--Halkymyzyň taryhynda saýlawlaryň halkyň erk-ygtyýaryna eýermek kadalary nähili berjaý edilipdir?

--Siz örän jaýdar sowal berdiňiz. Türkmeniň taryhynda saýlawlaryň halkyň erk-ygtyýaryna eýermek kadalary durmuşyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Taryhda döwlete dahylly we beýleki her bir meseleler bilen baglanyşykly maslahatlarda halkyň erk-islegi saýlaw netijesinde çözülipdir.

Munuň özi jemgyýetçilik durmuşyndaky halk häkimiýetliliginiň taryhy döwürlerde ýüze çykandygyny, halkyň öz erk-islegi esasynda saýlan adamlarynyň olaryň bähbitlerini gorandygyny görkezýär. Bu aýdylanlar taryhy eýýamlarda hem biziň ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda saýlawlaryň aýratyn ähmiýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Geliň, şu ýerde käbir anyk wakalara ýüzleneliň. Bu wakalar rowaýata öwrülip we dilden-dile geçip, halkyň aňyna siňipdir.

Mysal üçin, XVIII asyryň ahyrlarynda teke türkmenleri Gökdepede jemlenişip, Ahala han saýlapdyrlar. Saýlawlarda halkyň teklibi esasynda we bäsdeş hökmünde iki adam orta çykypdyr, ýagny iki dalaşgär – Nurberdi han hem-de Orazmämmet han sese goýlupdyr. Halk arasynda bar bolan maglumatlara görä, şol döwürlerde ses bermek açyk görnüşde, ýagny halkyň her bir ses berýän wekiliniň telpegini galdyrmagy arkaly amala aşyrylypdyr. Ses bermäge gatnaşýanlar bolsa, her tiräniň, her taýpanyň öz aralaryndan saýlan wekilleri bolupdyr. Şeýlelikde, ses bermegiň netijelerine laýyklykda, Orazmämmet han has köp ses alypdyr.

Emma şol wagtlarda ýurduň syýasy durmuşynyň ýitileşendigini, Nurberdiniň gujurly, syýasy düşünjelili  şahsyýetdigini göz öňünde tutup, Orazmämmet han Nurberdiniň han saýlanylmagyny ýerlikli hasap edipdir. Ol bu pikirini ses bermäge gatnaşýan märekä aýan edipdir hem-de Nurberdini hanlyga saýlamaklaryny towakga edipdir.

Şondan soňra saýlawçy märeke Nurberdiniň tarapyna ses beripdir we Nurberdini Ahala han saýlapdyr. Orazmämmet hanyň hanlykdan ýüz döndermegi biziň ata-babalarymyzyň halkyň bähbidini öz şahsy bähbitlerinden ýokary tutandygyna şaýatlyk edýär. Çünki, her bir saýlawçynyň meýletin bildirýän şahsy erk-islegi, oý-pikiri hem bütin halkyň bagtyýar, ýurduň asuda durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilipdir. Orazmämmet han saýlawdan soň Nurberdi hanyň baş maslahatçysy bolup, pähim-paýhasy bilen il-halk üçin  köp peýdaly işler bitiripdir.

Şol geçirilýän saýlawlarda ýörite kätipler bolup, saýlawlaryň geçiş ýagdaýyny, kimleriň dalaşgärdigini, kimiň tarapyna ýa-da garşysyna näçe sesiň berlendigini resmileşdiripdirler hem-de aýanlyk şertlerinde, şol pursadyň özünde ses bermegiň netijelerini yglan edip, haýsy dalaşgäriň saýlanylandygyny halka ýetiripdirler.

Saýlawlaryň wagyz işleriniň üpjün edilmegini we aýanlyk şertlerini esasan jarçylar berjaý edipdirler. Has takygy, saýlawlarda haýsy dalaşgärleriň bäsleşjekdigi, ses bermegiň nirede we haçan geçiriljekdigi, kimiň saýlanylandygy baradaky habarlary jarçylar jar çekip, ilatyň dykgatyna ýetiripdirler. Ýa-da saýlawlaryň netijesi ýörite namalar görnüşinde degişli ýerlere iberilipdir.

Han saýlawlary ählihalk saýlawlary derejesinde geçirilmese-de, ýagny saýlawlarda ses bermäge diňe her tiräniň, her taýpanyň öz aralaryndan saýlan wekilleri gatnaşan bolsa-da, saýlawlaryň demokratik ýörelgeleri doly berjaý edilipdir. Has dogrusy, ol döwürlerde  ählihalk saýlawlaryny geçirmäge döwrüň mümkinçiligi bolmandyr.

Umuman, taryhda türkmenleriň kethudalary, ýaşululary we ýönekeý raýatlary deň şertlerde ýaşar ekenler. Emläk ýa-da wezipe ýagdaýyna garamazdan, geçmişde türkmen jemgyýetinde adamlar dalaşgäriň, sala-salşyga çykarylan meseläniň tarapyna ýa-da garşysyna göni, aç-açan, erkin we meýletin ses beripdirler. Bu meselede hiç hili çäklendirmelere ýol berilmändir.

Il-günüň ynamyna eýe bolup, halkyň arasyndan öňe çykan hanlar, arçynlar we miraplar kanunçylyk esasynda bellenilen ygtyýarlylyk möhleti bilen saýlanylmandyr, ýagny olar uzak wagtlap şol saýlanylan wezipesinde işläpdirler. Ýaşynyň bir çene barmagy sebäpli ýa-da özüniň wezipeden boşamak islegine we beýleki sebäplere görä, olaryň ýerine başga adamlar saýlanylypdyr. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, käbir halatlarda, halk oňlan ýagdaýynda, olaryň öz nesilleri olaryň wezipesini dowam etdiripdirler.

Durmuşyň zerurlygyna görä, saýlawly wezipedäki adamlaryň her ýylda ýa-da başga möhletlerde täzeden saýlanylyp durulmagy üçin-de hiç hili bökdençlikleriň, çäklendirmeleriň bolmandygyny hem aýtmalydyrys.

Bu taryhy maglumatlar dalaşgärleriň gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna garamazdan, olaryň saýlanmaga deň hukuklarynyň bolandygyny subut edýär.

--Amangeldi Gandymowiç, türkmenleriň saýlawlarynyň taryhy barada türk alymy Mehmet Saraýyň hem täsin pikirleri bar eken.!?

— Hawa, biz Mehmet Saraýyň pikirlerini dykgatly öwrendik. Onuň «Türkmen taryhy» atly kitabyndaky: «Bent iki esasy ýap bilen Mary oazisiniň iki ýarymyna-da deň mukdarda suw akdyrýardy. Bu iki ýap hem öz gezeginde kiçi ýaplary suw bilen üpjün edýärdiler. Teke taýpalarynyň iki esasy şahasy hem bu iki ýabyň boýunda oturýardy. Utamyş-çep tarapynda, Togtamyş hem-sag tarapynda. Suwuň paýlanylyşyna her ýylda täzeden saýlanyp duran resmi aryk aksakgallar tarapyndan gözegçilik edilerdi. Aryk aksakgallarynyň borjy suwuň paýlanylyşyna gözegçilik etmekden we ýaplaryň arassalanylyp we bejerilip durluşyna esewan bolmakdan ybaratdy» diýlen bu jümleler aryk aksakgallarynyň saýlawlarynyň her ýylda täzeden geçirilip bilinýändigini tassyklaýar. Munuň özi türkmenleriň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratik ýörelgeleriň berk berjaý edilendigini görkezmek bilen, ýokarda atlandyrylyşy ýaly – resmi aryk aksakgallarynyň, ýagny miraplaryň saýlawlarynyň örän uly ähmiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenler il-gününi bir agza bakdyryp, oňa baş bolup bilýän, şeýle-de halky dürs hem dogry ýoldan bagtyýar geljege ynamly äkidip biljek pähim-parasatly, mynasyp şahsyýeti özlerine baş saýlap, oňa ak ýürekden gulluk etmegi başarypdyrlar.

Taryhy mysallar halk tarapyndan saýlanylan adamlaryň, ýagny    kethudalaryň, arçynlaryň, hanlaryň häzirkizaman wekilçilikli ýa-da häkimiýet edaralarynyň wezipelerini ýerine ýetirendiklerini ynam bilen aýtmaga ygtybarly esas bolup durýar.

Ýazyjy Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljukly» romanynyň üçünji kitabynyň «Malazgirt arslany» diýlen birinji babynyň «Beýik gurultaý» atly bölüminde-de türkmenleriň aslynyň demokrat halk bolandygy aýratyn nygtalýar.

Bu bölümde: «Dandanakan söweşinden köp wagt geçmänkä ýeňiji Seljuklar özleriniň uly gurultaýyna ýygnandylar. Bu, dogrusy, türkmenleriň, indi Beýik Seljukly döwletiniň gurultaýydy – iň baş ýygnagydy. Gurultaýa Seljuk maşgalasynyň ähli erkek kişileri, neberäniň ýaşulylary, Seljukly goşunynyň serkerdeleri gatnaşýardylar. Gurultaýyň beýemçileri Togrul Beg bilen Çagry Begdi.

Gurultaýda hemme zatdan öňürti wajyp bir gürrüň boldy. Döwlet başynda durmaly adamlaryň agzybirligi hem-de bütewilik! Iň derwaýys zat hökmünde kabul edilmeli zat – öňi bilen şudy. ...Ondan soň ähli beýleki zatlar» diýen setirler Togrul Beg we Çagry Beg döwründe il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleriň açyk we aýdyň, demokratik şertlerde, halkyň wekilleri bilen geňeşmek arkaly çözülendigini äşgär edýär.

Mundan başga-da, romanda döwleti dolandyryş ulgamy barada köp gürrüň edilýändigini aýtmak gerek. Seljuk-türkmenler ozaldan gelýän çarwa halk bolsa-da, erkinlik ýörelgesi özboluşly bir şekilde dowam edip gelýärdi. Patyşalyk häkimiýeti näçe güýçli bolsa-da, barybir, bu ulgamda halk özüni erkin duýýardy. Patyşa bilen halkyň arasynda gatbar-gatbar emeldarlyk edaralary ýokdy. Her obanyň bir kethudasy, uly iliň bir taýpa serdary bolardy. Olar bilen, hatda patyşa bilen aralykda, nähilidir bir görner-görünmez böwetler ýokdy. Hökümdar seniň bilen, nähilidir bir tanyş, arkadaş ýalydy, obadaş, ildeş ýalydy.

Iň bir wajyp tarapynyň biri, uly il tarapyndan saýlanyp-seçilip alnan adamlar – ýaşulular döwlet maslahatyny emele getirip, belli-belli wagtlarda patyşanyň ýanyna ýygnanyşýardylar we döwlet işlerine seredýärdiler. Uly-uly mejlisler geçirýärdiler. Köpçüligiň akyl-paýhasyndan süzülip çykan şol erk-isleg bolsa, patyşalar üçin hem kanundy. Gepiň keltesi, türkmen Töresiniň düýp maddasy bolan «deň atalaryň deň ogullary» diýen ýazylmadyk, ýazylmadykça-da güýçli, çünki eneden dogma süňňüňde, beýniňde bolmaly kada-kanun durmuşyň diňe ýörelgesini däl, eýsem howasyny emele getirýärdi. Dem alynýan howa şoldy. Şol bir wagtyň özünde, Patyşa häkimliginiň mäkämligi zadyň çaky däldi, tüýs geregi ýalydy. Onuň emri iki aýtdyrylmaýardy. «Barmy, bar, ýokmy, ýok». Ýöne buýruk berjaý edilmedik halatynda, ol bütin jemgyýet tarapyndan ýazgarylýardy. Hemme kişi diňe şeýle bolmalydyr öýdýärdi. Şoňa hatda werdiş bolupdy. Şondan kanagatlanma alýardy.

Eger-de ýazgarylmaga degişli zat öz degişli jezasyny almasa, halk ony döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky adatdan daşary bir bozulyş diýip hasap edýärdi. Kanagatlanma tapanokdy. Jenaýatkäre jeza bermeseň, uly ile jeza berdigiňdir diýip hasap edilýärdi. Döwlet kanunlary örän ýönekeýdi, gönümeldi, iň bir sada adama- da düşnüklidi. Olaryň hemmesi örän çuň, örän syrly, emma hiç hili çolaşygy we çaprazlygy bolmadyk, Oguz Handan gaýdan mukaddes törelerimizden gelýärdi, şolaryň gündelik durmuşda şöhlelenişidi. Gysgaça aýdanyňda, mukaddes töre, ýagny jemgyýet kanunlary bilen döwlet kanunlary – şol bir zatdy. Kanun töräniň şöhlelenmesidi. Şöhle bolsa bozulmak diýen zady bilmeýän tebigy bir hadysa dälmidi näme? Ana türkmen hem Allatagalanyň ýaradyşyna görä, durmuşda edil şöhle kibi, bozulmany bilmeýän bir jemagatydy diýlen buýsandyryjy we taryhy maglumatlar türkmeniň halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň, şeýle-de saýlawly demokratiýasynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna göz ýetirmäge esas bolup durýan anyk mysallardyr.

Munuň özi, belki-de türkmeniň saýlawly demokratiýasy ondan hem irki döwürlerde kemala gelendir diýmäge-de tutarykdyr.

Şol Beýik gurultaýda garalan meseleler, saýlanylan sebitleýin häkimler türkmen jemgyýetinde döwleti dolandyrmagyň kämil tejribeleriniň eýýäm Togrul Beg we Çagry Beg döwrüne çenli doly derejede kemala gelendigini, mundan öňki mysaly setirleriň içinde gabat gelýän «Iň bir wajyp tarapynyň biri, uly il tarapyndan saýlanyp-seçilip alnan adamlar – ýaşulular döwlet maslahatyny emele getirip, belli-belli wagtlarda patyşanyň ýanyna ýygnanyşýardylar we döwlet işlerine seredýärdiler. Uly-uly mejlisler geçirýärdiler. Köpçüligiň akyl-paýhasyndan süzülip çykan şol erk-isleg bolsa, patyşalar üçin hem kanundy» diýlen jümleler bolsa, saýlawlaryň şol döwürlerde-de döwleti dolandyrmakda uly ähmiýete eýe bolandygyny äşgär edýär.

--Amangeldi Gandymowiç, pederlerimiziň kämil ýol-ýörelgeleri bu gün hormatly Prezidentimiziň  parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan Türkmenistan döwletimiz üçin örän gymmatly we nusgalyk tejribe bolup hyzmat edýär...

--Hawa, siziň belleýşiňiz ýaly, pederlerimiziň kämil ýol-ýörelgeleri bu gün biziň üçin gymmatly we nusgalyk tejribedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we asyrlaryň dowamynda kemala gelen şol milli demokratik ýörelgeleriň taryhy köklerinden ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlaryň mundan beýläk-de milli kanunlarymyza laýyklykda, guramaçylykly we halkara kadalary, bäsleşik, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak saýlaw toparlarynyň esasy maksadydyr.

--Amangeldi Gandymowiç, türkmeniň demokratik saýlawlarynyň müňýyllyklara uzaýan kökleri barada beren täsirli gürrüňleriňiz okyjylarymyzyň göwnünden turar diýip tama edýäris.

 

Söhbetdeş bolan A.Akmyradow.