ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

SAÝLAWLAR: JEMGYÝETÇILIGIŇ NAZARY

Häzirkizaman dünýäsinde saýlawlaryň we sala salşyklaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şonuň bilen birlikde hem saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygy ykrar edildi.

Elbetde, saýlawlara ýerli derejede syn etmekligiň özi gönüden-göni adam hukuklarynyň goraglylygynyň üpjün edilmegine hem-de saýlaw işleriniň milli kanunçylyklara, halkara kadalaryna laýyklykda we açyklykda, aýanlykda amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, ýerli synçylar toparlary tarapyndan saýlawlaryň geçirilişine syn etmeklik işleri käbir kanunçylyk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, haýsydyr bir saýlawlarda ýol berlen käbir düzgün bozulmalaryň indiki saýlawlarda gaýtalanmazlygy we jemgyýetçilik köpçüliginiň saýlawlaryň adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine bolan ynamyny artdyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.           

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem halkyň öz erk-islegini erkin beýan etmegi netijesinde, jemgyýete mydama gülläp ösüşler, rowaçlyklar, bedew batly öňegidişlikler ýaran bolýar. Bir agza bakýan millet ruhy taýdan kämil çykyp, ýaş, orta, ýaşuly nesliň, şeýle hem işçidir daýhanyň, gurluşykçydyr telekeçiniň, intelligensiýanyň wekilleriniň ähli güýji, zehin-üşügi jem bolup, döwletiň sarsmaz kuwwatyna öwrülýär.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerinden alyp gaýdýar hem-de häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Munuň özi bolsa jemgyýetçilik durmuşyndaky halk häkimiýetliliginiň eýýäm taryhy döwürlerde ýüze çykandygyny, halkyň öz erk-islegi esasynda saýlan adamlarynyň olaryň ýaşaýyş-durmuşynda ýüze çykýan bähbitlerini gorandygyny görkezýär.

Ata-babalarymyzyň «Aý dogsa, älem görer» diýişleri ýaly, ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlyk şertlerini giň gerimde üpjün etmek maksady bilen, saýlawlara taýýarlyk görlüşine we geçirilişine halkara hem-de milli synçylaryň gözegçilik etmekleri üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.

Aslynda, saýlawlara halkara we ýerli derejede syn etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginiň esasy bir şerti bolup durýar hem-de bu şertler ählumumy ykrar edilen halkara resminamalarynda hem bellenilendir.

Saýlawlara syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzda saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri bardyr.

Uzak möhletleýin syn etmek – saýlaw möwsümi başlanandan tä saýlawlaryň jemlerini yglan etmek döwrüni öz içine alýar.

Gysga möhletleýin syn etmek – ses bermegiň barşyny we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn etmekdir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlara syn etmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar, daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň synçylary (daşary ýurt (halkara) synçylary) amala aşyryp bilerler.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.

Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.

Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda, dalaşgärler bolsa bellige alnandan soň amala aşyrýarlar.

Milli synçyny bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy gatnaşsa, ol ygtyýarlydyr.

Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçy belläp bilerler.

Milli synçylary bellemek işlerine saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan edilen gününden girişilip bilinýär.

Milli synçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Merkezi saýlaw topary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary bellige alýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasynyň 31-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş topary döredildi. Bu toparyň düzümine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň Merkezi guramalarynyň jogapkär işgärleri girýärler.

Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde sese goýmak arkaly tassyklanylýar, iş toparynyň agzalaryna degişli şahsyýetnama berilýär. Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümine syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri olaryň Merkezi guramalarynyň hödürnamasy boýunça kabul edilýär.

Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň bu agzalary Merkezi saýlaw toparynyň geçirýän ähli mejlisine gatnaşýarlar we onda kabul edilýän kararlar hem-de çözgütler bilen aýanlyk şertlerinde tanyşýarlar.

Syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň hersi öz degişli guramasyndan welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça hödürlenen we bellige alnan milli synçylaryň işiniň guramaçylykly alnyp barylmagyny utgaşdyrýar.

Her saýlawlar boýunça bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi  baradaky maglumatlar düzülýär. Şonuň esasynda olaryň içinde dürli ýaşdaky, dürli bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda işleýän raýatlaryň bardygyny hem-de dürli milletleriň wekilleridigini we jynsy aýratynlygyny görmek bolýar.

Milli synçylyga bellenilýän saýlaw hukukly raýatlaryň düzüminde gender deňligine hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgeleriniň berjaý edilýändigini we zenanlarymyzyň syýasy işjeňligini görkezýär.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi barada aýdylanda:

milli synçylaryň 3223-siniň 1695-si erkek adamlar, 1528-si aýal maşgalalar bolup durýar;

şeýle-de ýaşy boýunça: 30 ýaşa çenlisi 949, 30-40 ýaşa çenlisi 818,    40-50 ýaşa çenlisi 775, 50-den ýokarysy 681 sany;

bilimi boýunça: ýokary bilimli 1646, ýörite orta bilimli 1151, orta bilimli 426 sany;

işleýän ulgamy boýunça: 115-si senagat, gurluşyk, 48-si ulag we aragatnaşyk, 387-si oba we suw hojalyk, 1135-si ylym, bilim, 138-si medeniýet we sungat, 205-si saglygy goraýyş, 64-si durmuş üpjünçiligi, 108-si maliýe we ykdysadyýet, 1023-si bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar;

milleti boýunça: 3061-siniň türkmen, 32-siniň rus, 124-siniň özbek,     1-siniň azerbaýjan, 2-siniň ukrain, 1-siniň ermeni, 2-siniň uýgur milletlerdigini görmek bolýar.

Bu bellige alnan milli synçylaryň 610-sy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 336-sy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 407-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 687-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 279-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 509-sy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 321-si raýatlar toparlary, 74-si dalaşgärler tarapyndan bellenilendir.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi barada aýdylanda:

milli synçylaryň 4072-siniň 2126-sy erkek adamlar, 1946-sy bolsa aýal maşgalalar bolup durýar;

şeýle-de ýaşy boýunça: 30 ýaşa çenlisi 1132, 30-40 ýaşa çenlisi 983, 40-50 ýaşa çenlisi 1082, 50-den ýokarysy 875 sany;

bilimi boýunça: ýokary bilimli 2082, ýörite orta bilimli 1435, orta bilimli 555 sany;

işleýän ulgamy boýunça: 190-sy senagat, gurluşyk, 78-si ulag we aragatnaşyk, 537-si oba we suw hojalyk, 1620-si ylym, bilim, 186-sy medeniýet we sungat, 251-si saglygy goraýyş, 71-si durmuş üpjünçiligi, 157-si maliýe we ykdysadyýet, 982-si bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar;

milleti boýunça: 3840-syniň türkmen, 22-siniň rus, 200-siniň özbek,      1-siniň azerbaýjan, 1-siniň osetin, 1-siniň garagalpak, 2-siniň tatar, 3-siniň gazak, 1-siniň ermeni, 1-siniň berberi milletlerindendigini görmek bolýar.

Bu bellige alnan milli synçylaryň 591-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 311-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 392-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 665-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 253-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 226-sy raýatlar toparlary, 1109-sy dalaşgärler tarapyndan bellenilendir.

Bellenilip geçilen maglumatlara ser salanyňda, saýlawlaryň jemgyýetçiligiň giň gerimli gözegçiligi esasynda geçirilýändigine göz ýetirýärsiň.

Ýerli synçylar saýlawlar hakyndaky milli kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini we saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryny içgin öwrenmelidirler we onuň berjaý edilmegini gazanmalydyrlar.

Bu babatda saýlawlary geçirmegiň ähli demokratik ýörelgelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň we halkara resminamalarynyň ähmiýeti uludyr.

Hut şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli kanunçylyk namalaryna we kadalaryna laýyklykda, milli synçylaryň alyp barmaly işlerine ýardam bermek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan milli synçylar üçin ýörite ýatlama işlenilip taýýarlanylýar. Şeýle-de, saýlaw möwsüminde olar bilen usuly okuw maslahatlary geçirilip, olaryň saýlawlara syn etmek işleriniň düzgünleri, ygtyýarlyklary we hukuklary, şonuň bilen birlikde hem saýlawlara syn etmegiň halkara tejribeleri barada hem düşündirişler berilýär.

Milli synçylar saýlawlara taýýarlyk görlüşi we geçirilişi baradaky belliklerini we jemleýji pikirlerini saýlaw uçastogyndaky “Saýlawçylaryň we synçylaryň teklipleri” depderçesinde ýazýarlar hem-de özlerini bellän taraplara hasabat berýärler. Şeýle-de, ýerlerden gelen hasabatlar esasynda,   Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlislerinde Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzalarynyň habarlary hem diňlenilýär.

Aslynda, beýleki saýlaw işleri bilen birlikde, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylary bellemek, şeýle-de, olary degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige almak hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnamalary gowşurmak işleriniň geçirilişi barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna yzygiderli ýetirilip durulmagy biziň saýlawlarymyzyň aýanlyk şertlerinde geçirilýändigini görkezýär.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara milli synçylaryň gözegçilik etmegi bu jemgyýetçilik-syýasy çärä tutuş türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň talapkär nazarynyň gönügendigini we kämil jemgyýet tarapyndan ygtybarly gözegçilik edilýändigini görkezýär.

Pederlerimiziň «Halk aýtsa, galp aýtmaz» ýa-da “Il agzy – keramat” diýen pähim-parasatly nakylyna eýerip, jemgyýetçiligiň-halkyň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň saýlaw möwsümi boýunça jemleýji maglumatlary we pikirleri esasynda, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuna laýyklykda, demokratik ýörelgeler we bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirilendigi hakynda Merkezi saýlaw toparyna ykrarnama berýändiklerini hem belläp geçsek ýerlikli bolar.

Bu aýdylanlar ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik esaslarda, halkara kadalaryna, milli kanunçylyklarymyza laýyklykda, tutuş jemgyýetçiligiň gözegçiliginde, adalatly geçirilýändigini, ýurdumyzda milli synçylaryň kämil derejeli ulgamynyň, başga söz bilen aýdanyňda, olaryň institutynyň emele gelendigini, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny äşgär edýär.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy.