ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

YKLYMLARA ÝAŇ SALAN GARAGUM AWTORALLISI TAMAMLANDY

Üstünden türkmen ýeli öwsen Jeýhun bilen Bahry Hazar aralygyny tutup ýatan Garagum çölünde geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi tamamlandy.  11-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň  çäklerinden badalga alan bu halkara awtorallisi Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Mary düşelgesinden», Ahal welaýatynyň «Garagum ýalkymy», Daşoguz topragyndaky «Altyn asyr» Türkmen köli, Balkan welaýatynyň «Sport» meýdançasyndaky düşelgelerden geçip, 15-nji sentýabrda Aziýanyň şypahana merjeni saýylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky arzyly pellehana baryp ýetdi.

Şol gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we «Africa Eco Race» ralli ýaryşynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary, «Amul — Hazar 2018» ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny — içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda birinji ýeri eýelän — «MINI» awtoulagyň ekipažy — ispaniýaly Hoan Roma we Aleks Haro, şeýle hem Belarusuň «MAZ» awtoulagynyň ekipažy  — Sergeý Wýazowiç, Pawel Garanin, Andreý Žigulin, Gazagystanyň «NISSAN» awtoulagynyň ekipažy — Kirill Çernenkow, Alekseý Mun, fransiýaly awtoralliçiler — Týerri Pitawi, Jillis Kolombe, Iwan-Pýerre, Weronika Dard  altyn baýraga mynasyp boldular.

Pellehana ikinji bolup gelen çeh ekipažynyň agzalary — Miroslaw Zapletal, Marek Sikora, rus ekipažynyň agzalary, ýagny «Kamaz» awtoulagynyň sürüjileri — Aýrat Mardeýew, Dmitriý Swistunow, Ahmet Gilýautdinow, fransiýaly awtoralliçiler — Herwe Dirs, Alan Brýus, gazagystanly awtoralliçiler — Marat we Nursultan Abikaýewler, britaniýaly awtoralliçiler — Garri Hant, Wouter Rozegaar bolsa kümüş baýraklara mynasyp boldular.

Türkmen ekipažynyň ikisiniň agzalary — Hojaguly Annamämmedow, Gaýgysyz Akmyradow, Guwanç Hommadow, Rejepnyýaz Annaberdiýew üçünji ýeri eýeläp, bürünç baýraga mynasyp boldular. Şeýle hem bürünç baýraga «KAMAZ-masteriň» wekilleri Dmitriý Sotnikow, Ruslan Ahmadeýew, Ilgiz Ahmetzýanow, fransiýaly  Žan-Klod Rufýe, Jerom Bos, gollandiýaly Gert Žan wan der Walk, Branko da Lange eýe boldular.

Žan-Lui Şlesser hemişelik Bitarap Türkmenistanda  «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegine beren uly goldawlary we ýardamlary üçin  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa  öz hoşallygyny bildirdi  hem-de ralliniň hakyky ýeňijisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem Žan-Lui Şlesser milli Liderimize «Amul — Hazar 2018» rallisiniň hakyky ýeňijisi hökmünde «Africa Eco Race»-iň adyndan ýörite sylagy gowşurdy.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäredäki baýramçylyk konsertinde türkmen we daşary ýurt estrada artistleri, ýurdumyzyň meşhur tans we halk döredijilik toparlary çykyş etdiler.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenlerini baýraklar bilen sylaglamagy bolsa, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporta örän uly ähmiýet berilýändigini Ýer ýüzüne ýene bir gezek doly sübüt etdi.

 

Merkezi saýlaw topary.