l
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalygyna, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek üçin ýurdumyzda 5 saýlaw okrugy, ýagny Lebap welaýatynda 2, Mary welaýatynda 3 saýlaw okrugy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri baradaky maglumat «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleriniň sahypalarynda türkmen we rus dillerinde çap edilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi.
Täze döredilen etraplaryň her birinde 20 saýlaw okrugy, 7 etrapda jemi 140 okrug döredildi. Ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazdan öň çykyp giden welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 3, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 12, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 203 saýlaw okrugy döredildi. Şeýle-de, saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermegi guramaçylykly geçirmek üçin Ahal welaýatynda 77 saýlaw uçastogy, Balkan welaýatynda 12 saýlaw uçastogy, Daşoguz welaýatynda 163 saýlaw uçastogy, Lebap welaýatynda 181 saýlaw uçastogy, Mary welaýatynda 125 saýlaw uçastogy, Aşgabat şäherinde bolsa 20, saýlaw uçastogy hereket eder. Bu okruglaryň belgileri, çäkleri we şol saýlaw okruglarynyň çäklerinde ýerleşýän saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezi we çäkleri baradaky maglumatlar degişlilikde ýanwar we fewral aýlarynda «Ahal durmuşy», «Balkant», «Daşoguz habarlary», «Türkmen gündogary», «Maru — şahu jahan», «Aşgabat» gazetleriniň sahypalarynda çap edilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi.
Saýlawlaryň ählisi boýunça boýunça jemi 363 saýlaw okrugy döredildi.
Saýlawlarda ses bermegi guramaçylykly geçirmek üçin ýurdumyzyň çäginde saýlaw uçastoklarynyň jemi 578-si hereket eder.
Türkmenistanyň raýatlarynyň 658470-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi.
Saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 5 adam, täze döredilen etraplaryň 7-siniň her biriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 20, jemi 140 adam, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 adam, etrap halk maslahatlarynyň agzalygyna 12 adam, geňeşleriň agzalygyna 203 adam saýlanylar. Saýlawlarda kanun çykaryjy wekilçilikli edara, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň edaralaryna jemi 363 adam saýlanylar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, bahar paslynda geçjek saýlawlarda hem her okrug boýunça dalaşgärleriň azyndan 2–3-si bäsleşer.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.
Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýär.
Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýär.
Dalaşgärleri hödürlemek 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 28-ine başlandy we 26-njy fewralynda tamamlanýar. Dalaşgärleri degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige almak bolsa şu ýylyň fewral aýynyň 7-den mart aýynyň 3-ne çenli geçiriler.
Saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň jemi 624-si bellige alyndy. Şol sanda milli synçylaryň 118-si Demokratik partiýa, 109-sy Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 100-si Agrar partiýa, 105-si Kärdeşler arkalaşyklary, 96-sy Zenanlar guramasy, 96-sy Ýaşlar guramasy tarapyndan bellenilen wekillerdir. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alnan milli synçylaryň umumy sanynyň 52 göterimden gowragy zenanlardyr, 49 göterimden gowragy bolsa ýaşlardyr.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan gollanmalaryň 3-si taýýarlanyldy. has takygy:
«Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma»;
«Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma»;
«Dalaşgär hödürlemek boýunça gollanma».
Saýlaw möwsümi döwründe we ses berilýän gün peýdalanyljak resminamalar taýýarlanyldy.
Ýerli saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuwlar geçirildi. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerli saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi. Okuw-maslahatlarynda saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hukuk taýdan sowatlylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, öňünden ses bermek we saýlawlar güni ses bermek, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk şertlerini üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tejribe alşyldy.
Türkmenistanda geçirilýän saýlawlar ählumumy, erkin hem gizlin ses bermek hukugyna esaslanýan demoktratik saýlawlardyr. Saýlawlaryň açyklygy, dalaşgärleriň özara bäsleşigi, synçylaryň syn etmegi üçin döredilýän elýeterlilik, sesleri sanamagyň aýanlygy demokratik saýlawlara mahsus alamatlar bolup, biziň ýurdumyzda saýlawlary halkara derejesinde ykrar edilen demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda, umumy ykrar edilen halkara kadalary esasynda geçirmäge ähli zerur şertleri döretmek ugrunda uly tagallalary edýän belent mertebeli Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ähli saýlaw toparlarynyň agzalarynyň adyndan ak ýürekden çykýan alkyş sözlerimizi aýdýarys.
Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç, mertebeleriniň belent bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary.
23.02.2026
