l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

LEBAP  WELAÝATY

 

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy boýunça

Maminow Alişer Alijanowiç – Lebap welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň synag barlaghanasynyň gurluşyk önümleriniň hilini kesgitleýän  bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni. 1994-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde  doglan, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Nowruzow Merdan Döwletdurdyýewiç – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary. 1983-nji ýylda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda doglan, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Rozyýew Toýly Allanazarowiç – Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň ikinji bölüminiň prokurory. 1982-nji ýylda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda doglan, Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

79-njy «Darganata» saýlaw okrugy boýunça

 

Böriýew Yhlas Hallyýewiç – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary. 1993-nji ýylda Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda doglan, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Mamedowa Aýbölek Begmuradowna – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Zähmet gigiýenasy bölümçesiniň müdiri. 1990-njy ýylda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda doglan, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Öwezow Rahmanberdi Akmetowiç – Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap komitetiniň başlygy. 1973-nji ýylda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda  doglan, Kerki etrabynyň   ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

MARY  WELAÝATY

 

102-nji «Jemgyýet» saýlaw okrugy boýunça

Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Mary şäher salgyt bölüminiň Hasap we hasabat bölümçesiniň başlygy. 1995-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynda doglan, Mary  şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Nepesowa Zyba Serdarowna – Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky  komitetiniň baş hünärmeni. 1990-njy ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda doglan, Aşgabat  şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugy boýunça

 

Alyýew Begenç Berdimyradowiç – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri. 1995-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde doglan, Mary şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç – Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň  Mary şäher komitetiniň başlygy. 1993-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda doglan, Mary  şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Myradowa Jahangül Mämmetorazowna – Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy  baradaky komitetiniň baş hünärmeni. 1996-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

106-njy «Wekil» saýlaw okrugy boýunça

Atabaýewa Ejegül Gurbanamanowna – Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary. 1985-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynda doglan, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Ataýew Jumageldi Durdymyradowiç – Mary welaýatynyň Statistika müdirliginiň Maliýe statistikasy bölüminiň başlygy. 1990-njy ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda doglan, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

Kakabaýew Atageldi Sapargeldiýewiç – Mary welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory. 1988-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde doglan, Mary  şäheriniň ýaşaýjysy.

Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.

05.03.2026