l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalygyna, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen,
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek üçin ýurdumyzda 5 saýlaw okrugy, ýagny Lebap welaýatynda 2, Mary welaýatynda 3 saýlaw okrugy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri, şeýle hem bellige alnan dalaşgärleriň sanawy, terjimehallary baradaky maglumat «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleriniň sahypalarynda türkmen we rus dillerinde çap edilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi.

Saýlawlar welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäklerindäki degişli etrapdyr şäherleriň 43-sinde, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň 156-synda geçirilýär.

Saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň jemi sany 363-e deň bolup, täze döredilen etraplaryň her birinde 20 saýlaw okrugy, 7 etrapda jemi 140 okrug döredildi. Ygtyýarlyk möhleti tamamlanmazdan öň çykyp giden welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 3, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 12, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 203 saýlaw okrugy döredildi.

Has anygy: saýlawlar Ahal welaýatynda 66 saýlaw okrugynda, Balkan welaýa-tynda 11 saýlaw okrugynda, Daşoguz welaýatynda 97 saýlaw okrugynda, Lebap welaýatynda 99 saýlaw okrugynda, Mary welaýatynda 86 saýlaw okrugynda, Aşgabat şäherinde bolsa saýlaw okruglarynyň 4-sinde geçiriler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasynyň guramalary we raýatlar toparlary gatnaşdylar.

Dalaşgärleri hödürlemek 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 28-ine başlandy we 26-njy fewralda tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak bolsa, şu ýylyň 7-nji fewralyndan 3-nji marty aralygynda geçirildi.

Şeýlelikde, Kanuna laýyklykda, hödürlenen dalaşgärleriň 759-sy degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Şolardan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 14-si, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 9-sy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 310-sy we geňeşleriň agzalygyna bolsa 426-sy bellige alyndy.

Has anygy: dalaşgärlerleriň 312-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, 34-si, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçile partiýasynyň, 155-si Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň guramalary we 258-si bolsa raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlarda saýlawçylaryň ses bermekleri üçin saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder, şol sanda Ahal welaýatynda 77-si, Balkan welaýatynda 12-si, Daşoguz welaýatynda 163-si, Lebap welaýatynda 181-si, Mary welaýatynda 125-si, Aşgabat şäherinde 20-si. Saýlawlar güni ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 7-den 19-a çenli geçiriler.

Türkmenistanyň raýatlarynyň 658924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11373-si saýlawlarda ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr. Saýlawçylaryň 16697-si ýaşy 70-den geçen ýaşuly adamlar, 1998-si bolsa ýarawsyzlygy sebäpli saýlawlar güni ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylardyr.

Häzirki wagtda saýlawlarda ses bermek üçin hereket etjek 578 saýlaw uçastogy doly enjamlaşdyrylyp, saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi.

Saýlaw okruglarynyň belgileri, çäkleri we şol saýlaw okruglarynyň çäklerinde ýerleşýän saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezi we çäkleri baradaky maglumatlar ýanwar, fewral aýlarynda, şeýle-de, ýerli wekil- çilikli edaralaryň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna bellige alnan dalaşgärleriň sanawy mart aýynda «Ahal durmuşy», «Balkan», «Daşoguz habarlary», «Türkmen gündogary», «Maru — şahu jahan», «Aşgabat» gazetleriniň sahypalarynda çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Şeýlelikde, saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 5 adam, täze döredilen etraplaryň 7-siniň her biriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 20, jemi 140 adam, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 adam, etrap halk maslahatlarynyň agzalygyna 12 adam, geňeşleriň agzalygyna 203 adam saýlanylar. Saýlawlarda kanun çykaryjy wekilçilikli edara, ýerli wekilçilikli edaralara we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň edaralaryna jemi 363 adam saýlanylar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, bahar paslynda geçjek saýlawlarda hem her okrug boýunça dalaşgärleriň azyndan 2–3-si bäsleşer.

Saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden, raýatlar toparlary tarapyndan, şeýle-de, dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylarynyň jemi 667-si bellige alyndy. Şol sanda milli synçylaryň 118-si Demokratik partiýa, 109-sy Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 100-si Agrar partiýa, 105-si Kärdeşler arkalaşyklary, 96-sy Zenanlar guramasy, 96-sy Ýaşlar guramasy tarapyndan bellenilen wekillerdir. Raýatlar toparlary tarapyndan 15-si, dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryyň 28-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alnan milli synçylaryň umumy sanynyň 51,42 göterimi zenanlardyr, 49,48 göterimi bolsa ýaşlardyr.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan gollanmalaryň 3-si taýýarlanyldy. has takygy:

«Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma»;

«Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma»;

«Dalaşgär hödürlemek boýunça gollanma».

Saýlaw möwsümi döwründe we ses berilýän gün peýdalanyljak resminamalar taýýarlanyldy.

Ýerli saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuwlar geçirildi. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerli saýlaw toparlarynyň agzalary bilen, şeýle-de, mart aýynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň alyp barmaklarynda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi.

Okuw-maslahatlarynda saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hukuk taýdan sowatlylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, öňünden ses bermek we saýlawlar güni ses bermek, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk şertlerini üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tejribe alşyldy.

Şu günlerde, bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, deň şertlerde wagyz işlerini erkin geçirmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler saýlaw okrugynyň saýlawçylary bilen duşuşyp, duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylýan adamlarynyň çykyşlary arkaly dalaşgärleriň terjimehallary bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de, dalaşgärler hem özleriniň maksatnamalary bilen duşuşyga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrýarlar we olaryň sowallaryna ýerlikli jogap berýärler.

Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» we «Türkmenistan» teleýaýlymlarynda maksatnamalary bilen çykyş edýärler.

Elbetde, saýlawlaryň aýanlykda, açyklykda, demokratik şertlerde geçirilmeginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem möhüm orny bardyr.

Türkmenistanda geçirilýän saýlawlar ählumumy, erkin hem gizlin ses bermek hukugyna esaslanýan demoktratik saýlawlardyr. Saýlawlaryň açyklygy, dalaşgärleriň özara bäsleşigi, synçylaryň syn etmegi üçin döredilýän elýeterlilik, sesleri sanamagyň aýanlygy demokratik saýlawlara mahsus alamatlar bolup, biziň ýurdumyzda saýlawlary halkara derejesinde ykrar edilen demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, milli synçylaryň, dalaşgärleriň ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda halal, tutanýerli zähmet çekýän saýlaw hukukly raýatlaryndan ybaratdygy, şeýle-de olaryň arasynda zenanlaryň, ýaş nesliň wekilleriniň köpüsiniň bolmagy saýlawlaryň Esasy Kanunymyzda kesgitlenilen syýasy köpdürlülik we deňhukuklylyk esasynda guralýandygyny görkezýär. Munuň özi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň saýlaw işlerinde dabaralanmasydyr.

Häzirki wagtda saýlaw toparlary tarapyndan alnyp barylýan işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda, umumy ykrar edilen halkara kadalary esasynda geçirmäge ähli zerur şertleri döretmek ugrunda uly tagallalary edýän belent mertebeli Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ähli saýlaw toparlarynyň agzalarynyň adyndan ak ýürekden çykýan alkyş sözlerimizi aýdýarys.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary.
07.03.2026