Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çar künjünde baýramçylyk dabaralary giň gerim bilen ýaýbaňlandy. Türkmen halky uly şatlyk-şowhun, ýokary ruhubelentlik bilen özüniň baş baýramyny — Garaşsyzlyk baýramyny dabaraly belledi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy baýramy — munuň özi türkmen halkynyň bütewi Milli gününiň özboluşly, ajaýyp beýanaty hökmünde aýratyn dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylyk özygtyýarlylygyň, erkinligiň, jemgyýetdäki ajaýyp sazlaşygyň, jebisliginiň baýramydyr. Bu baýram türkmen döwletiniň binýatlyk esaslaryny düzýän adalatlylygyň dabaralanyş baýramydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda uly üstünlikler gazanan ýurdumyz, Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşleriň nurly belentliklerine sary ynamly gadam urýar. Türkmen jemgyýetiniň içki sazlaşygynyň kämilleşmegine, raýatlaryň ruhy-medeni ýokary göterilişiniň üpjün edilmegine, olaryň aň-düşünjesiniň düýpli özgermegine, şahsyýet bilen önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklaryň, öndürijiler bilen sarp edijiniň arasyndaky baglanyşyklaryň düýbünden täze häsiýete eýe bolmagynda hem-de ýokary derejelere göterilmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetiniň bimöçberdigini Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda yzygiderli nygtaýar. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk biziň jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň ruhunyň, aňyýetiniň täzelenmegine, täze, jebis sazlaşyklaryň emele gelmegine, raýatlarymyzyň önümçilige we durmuşa bolan garaýyşlarynyň çuň üýtgemegine giň ýol açdy, oňyn mümkinçilikler döretdi.
Munuň şeýledigini şu ýyl geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri hem doly subut etdi.
Munuň şeýledigini şu ýyl geçirilen Aşgabat Aziadasynyň netijeleri ýene bir gezek ynamly subut etdi.
Türkmen raýatlarynyň ýokary işjeňligi, çekýän döredijilikli zähmeti tutuş ýurdumyzyň durkunyň, keşbiniň özgermegine, täzelenmegine, onuň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň artmagyna getirdi.
Kanunçylyk ulgamynda hem üýtgetmeler amala aşyrylyp, kämilleşdirmeler gazanyldy. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy üçin ýurdumyzda zerur ykdysady mümkinçilikleriň, kanunçylyk binýadynyň üpjün edilendiginden habar berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýerli çig mallardan ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän ululy-kiçili zawodlardyr fabrikleriň täze-täze toplumlarynyň işe girizilmegi, olaryň doly önümçülik güýjünde işledilmegi bolsa, Türkmenistany ähli babatda, şol sanda ykdysady babatda hem Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä meşhur etdi. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge ukyply işgärleriň özboluşly, ajaýyp, baý milli gaznasy emele geldi. Dünýä derejeli bu hünärmenler bolsa, döwletimiziň milli buýsanjyna öwrüldiler. Olar öz öndürýän önümleri bilen Zemin içre Watanymyzyň abraýyny arşa göterip, ýurdumyzyň intellektual derejesiniň örän ýokary belentliklere göterilmegigini üpjün edýärler. Dünýäniň haryt bazarlarynda bäsleşige ukyply türkmen harytlaryny öndürýän hünärmenlerimiz, bu gün Türkmenistan döwletimizde öndüriji güýçleriň täze nesilleriniň kemala gelendiginden habar berýär. Täze nesilleriň kalbynda watansöýüjilik duýgularynyň möwç urýandygy bizi has-da begendirýär.
Nesiller çalyşýar. Dünýägaraýyşlar üýtgeýär. Bizi begendirýän ýagdaý, Türkmenistanda nesilleriň ata-baba gelýän täsin arabaglanyşygynyň üznüksiz saklanylýanlygydyr, dowam edýänligidir. Kemala gelýän täze nesilleriň ganynda, aňynda, häsiýetinde pederlerimiziň şöhratly däpleriniň, beýik adamkärçilik sypatlarynyň, işeňňirlik ukyplarynyň, watansöýüjilik duýgularynyň has ýokary derejede ýüze çykmasyna biz, Garaşsyzlyk ýyllarynda medeni-gumanitar, ylym-bilim, terbiýeçilik ulgamlarynda durmuşa geçirilen işleriň beren datly miwesi diýip düşünýäris. Nesilleriň arasyndaky üznüksiz arabaglanyşygyň dowam etmegi bolsa, türkmen halkynyň geljeginiň şöhratlydygynyň nyşanydyr.
Ykdysadyýetdäki kuwwatly ösüşler elmydama beýleki ulgamlardaky we beýleki ugurlardaky ösüşlere tijenme berýär. Munuň hut şeýle bolýandygyna biz, Garaşsyzlygymyzyň 26 ýylynyň içinde has-da çuň göz ýetirdik.
Goý, Milli Liderimiziň saýasynda baýramlaryňyz elmydama baýramlara ulaşsyn!
MERKEZI SAÝLAW TOPARY.