ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

BAGTYÝARLYGYŇ, ERKANALYGYŇ BAÝRAMY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň  çar  künjünde  baýramçylyk dabaralary  giň  gerim  bilen  ýaýbaňlandy. Türkmen halky uly şatlyk-şowhun, ýokary ruhubelentlik  bilen özüniň  baş  baýramyny — Garaşsyzlyk  baýramyny dabaraly belledi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy baýramy — munuň özi  türkmen halkynyň bütewi Milli gününiň özboluşly, ajaýyp beýanaty hökmünde aýratyn dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylyk özygtyýarlylygyň, erkinligiň, jemgyýetdäki ajaýyp  sazlaşygyň, jebisliginiň baýramydyr. Bu baýram türkmen döwletiniň binýatlyk esaslaryny  düzýän adalatlylygyň dabaralanyş  baýramydyr. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda uly üstünlikler gazanan  ýurdumyz, Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşleriň  nurly  belentliklerine   sary  ynamly  gadam  urýar. Türkmen  jemgyýetiniň içki sazlaşygynyň kämilleşmegine, raýatlaryň ruhy-medeni ýokary göterilişiniň  üpjün edilmegine, olaryň  aň-düşünjesiniň düýpli özgermegine, şahsyýet bilen önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklaryň, öndürijiler bilen sarp edijiniň  arasyndaky baglanyşyklaryň düýbünden täze häsiýete eýe bolmagynda hem-de ýokary derejelere göterilmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetiniň bimöçberdigini  Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda  yzygiderli   nygtaýar. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk biziň jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň ruhunyň, aňyýetiniň täzelenmegine, täze, jebis sazlaşyklaryň emele gelmegine, raýatlarymyzyň önümçilige we durmuşa bolan garaýyşlarynyň çuň üýtgemegine giň ýol açdy, oňyn  mümkinçilikler döretdi.

Munuň  şeýledigini şu ýyl geçirilen  Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri  hem  doly  subut etdi.

Munuň şeýledigini şu ýyl geçirilen Aşgabat Aziadasynyň netijeleri ýene bir gezek ynamly subut etdi.

Türkmen raýatlarynyň ýokary işjeňligi, çekýän döredijilikli zähmeti tutuş ýurdumyzyň durkunyň, keşbiniň özgermegine, täzelenmegine, onuň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň artmagyna getirdi.

Kanunçylyk ulgamynda hem üýtgetmeler amala aşyrylyp, kämilleşdirmeler gazanyldy. Munuň özi  halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy üçin ýurdumyzda zerur ykdysady mümkinçilikleriň, kanunçylyk binýadynyň üpjün edilendiginden  habar berýär.

Garaşsyzlyk  ýyllarynda ýerli çig mallardan ýokary hilli,  dünýä  bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri  öndürýän ululy-kiçili zawodlardyr fabrikleriň täze-täze  toplumlarynyň  işe  girizilmegi, olaryň   doly  önümçülik  güýjünde  işledilmegi bolsa, Türkmenistany ähli babatda, şol sanda ykdysady  babatda  hem Garaşsyz  döwlet  hökmünde  dünýä  meşhur etdi. Ýurdumyzda  dünýä  ülňülerine  laýyk  gelýän  önümleri öndürmäge   ukyply   işgärleriň özboluşly, ajaýyp, baý milli gaznasy emele  geldi. Dünýä  derejeli bu hünärmenler  bolsa, döwletimiziň  milli  buýsanjyna  öwrüldiler. Olar öz  öndürýän  önümleri bilen Zemin  içre  Watanymyzyň  abraýyny arşa  göterip,  ýurdumyzyň intellektual  derejesiniň  örän ýokary  belentliklere  göterilmegigini  üpjün edýärler. Dünýäniň haryt  bazarlarynda bäsleşige  ukyply   türkmen  harytlaryny öndürýän hünärmenlerimiz, bu gün  Türkmenistan döwletimizde öndüriji güýçleriň täze nesilleriniň  kemala  gelendiginden habar berýär. Täze nesilleriň  kalbynda watansöýüjilik duýgularynyň möwç urýandygy bizi has-da begendirýär.

Nesiller çalyşýar. Dünýägaraýyşlar  üýtgeýär. Bizi begendirýän ýagdaý, Türkmenistanda nesilleriň ata-baba gelýän  täsin arabaglanyşygynyň üznüksiz saklanylýanlygydyr, dowam  edýänligidir. Kemala  gelýän täze  nesilleriň  ganynda, aňynda, häsiýetinde  pederlerimiziň  şöhratly  däpleriniň, beýik adamkärçilik  sypatlarynyň, işeňňirlik ukyplarynyň, watansöýüjilik duýgularynyň has  ýokary  derejede ýüze  çykmasyna biz, Garaşsyzlyk ýyllarynda medeni-gumanitar, ylym-bilim,  terbiýeçilik   ulgamlarynda durmuşa  geçirilen  işleriň  beren datly miwesi  diýip  düşünýäris. Nesilleriň arasyndaky  üznüksiz  arabaglanyşygyň  dowam  etmegi  bolsa, türkmen  halkynyň  geljeginiň şöhratlydygynyň  nyşanydyr. 

Ykdysadyýetdäki kuwwatly  ösüşler elmydama   beýleki ulgamlardaky we  beýleki ugurlardaky  ösüşlere  tijenme berýär. Munuň hut şeýle bolýandygyna  biz,  Garaşsyzlygymyzyň 26 ýylynyň  içinde has-da çuň  göz ýetirdik.

Goý, Milli Liderimiziň saýasynda baýramlaryňyz elmydama baýramlara ulaşsyn!

MERKEZI  SAÝLAW  TOPARY.