CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAW ULGAMYNYŇ ESASLARY

Gahryman Arkadagymyzyň ösüşli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz demokratik ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda saýlawlar halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda we bäsleşik esasynda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde saýlawlary geçirmekligiň halkara tejribelerini öwrenmek, bular barada saýlawçylaryň we saýlaw toparlarynyň arasynda düşündiriş işlerini geçirip, ony halk köpçüliginiň aňyna ýetirmek, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmek Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunca merkezi toparyň wezipeleriniň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, has-da baýlaşdyrmak bilen bagly ençeme işler alnyp barylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Bu ysnyşykly hyzmatdaşlyk bolsa, ýurduň saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan we beýleki halkara guramalaryndan, şeýle hem sebitdäki döwletlerden halkara synçylarynyň gatnaşmagy bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramacylykly geçirmekde halkara derejesinde tejribe alyşmaga ýardam berýär.

Raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary özüniň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Taryhy jähetden bu wajyplygy şeýle düşündirip bolar. Türkmen halkynyň durmuşynda özboluşly maslahatlaryň, sala salşyklaryň yzygiderli geçirilendigini taryhy çeşmeler subut edýär. Bu geňeşlerde halkyň her bir agzasy deň görlüpdir. Şol geňeşlerde daýhanyň hem, çopandyr çolugyň hem, kethudadyr baýlaryň hem deň ses bermek hukugynyň bolmagy türkmen jemgyýetinde irki zamanlarda hem çuň demokratik ýörelgeleriň höküm sürendiginden habar berýär.

Saýlawlar jemgyýetiň özboluşly aýnasydyr. Ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr.

Türkmenistanda saýlamaga we saýlanmaga, sala salşyklara gatnaşmaga hukuklar çäklendirilmeýär we ol ählumumy häsiýete eýedir. Munuň özi halkyň saýlaw hukukly ähli gatlagynyň wekilleriniň öz erk-islegini açyk we erkin beýan edip bilmekleri üçin döredilen oňyn şertlerdir.

Türkmenistanyň kanunlarynda we hakyky durmuşda adamlaryň syýasy hukuklary babatda hiç hili gadagan etmeler we çäklendirmeler ýokdur. Bu ýörelge jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň degişli ugurlaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilendir. Biziň ýurdumyzyň saýlaw hukuklary we azatlyklary boýunça kanunlarynyň möhüm aýratynlygy olaryň bu ugurdaky halkara talaplaryna we ülňülerine gabat gelýänligidir.

Merkezi saýlaw toparynyň işiniň esasy ýörelgesi kanunylygyň, garaşsyzlygyň, açyklygyň we aýanlygyň üpjün edilmeginden ybarat bolup durýar. Ilatyň hukuk taýdan habarlylygyny üpjün etmek üçin Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň esasy düzgünlerini, saýlawlary guramaga degişli hukuk kadalarynyň gysgaça düşündirişlerini öz içine alýan kadalaşdyryjy resminamalary neşir edýär. Şeýle hem saýlawlarda ses bermäge gelýänler üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler döredilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň      1-nji maddasynyň 1-4-nji böleklerine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy hem-de bäsleşik esasynda geçirilýär. Bu saýlawlar bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.

Saýlaw we sala salşyk möwsüminiň demokratik ýörelgeleri hökmünde Türkmenistanyň Prezidentligine, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri we sala salşyklara goýlan meseleleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýandygyny hem mysal getirmek bolar.

Saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

Saýlawlar we sala salşyklar ählumumydyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, olaryň saýlamaga, saýlanmaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär.

Saýlawlara we sala salşyklara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara we sala salşyklara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň ýa-da sala salşyga gatnaşyjynyň bir sesi bardyr. Saýlawlar göni saýlawlardyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalary raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar.

Türkmenistanyň raýatlary sala salşyga çykarylan meseläniň (meseleleriň) tarapyna ýa-da onuň (olaryň) garşysyna gös-göni ses berýärler. Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy erkin we meýletindir. Saýlawlarda we sala salşykda ses bermek gizlindir. Saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýär.

Bu aýdylanlar saýlawlarda saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgeleri bolan – ählumumy saýlaw hukugy, deň saýlaw hukugy, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi, saýlawlaryň erkinligi hem-de bäsleşik esasynda geçirilýändigini äşgär edýär. Munuň özi halkyň ähli gatlagynyň wekilleriniň öz erk-islegini açyk, erkin beýan edip bilmekleri üçin döredilen oňyn şertler we mümkinçiliklerdir.

Şeýlelikde, Türkmenistanda saýlawlar nusgalyk derejede geçirilýär. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem-de 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary aýdyň subutnamadyr.

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli, ynsanperwer başlangyçlaryny parasatlylyk bilen dowam etdirýän, halkyny demokratik ýol bilen bagtly geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda  Saýlawlary  we  sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni