Halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Saýlawlar demokratik şertlerde, aýanlykda, asudalykda, agzybirlikde geçirilýär.
Elbetde, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi saýlaw möwsüminde alnyp barylan işlere bagly bolýar. Saýlaw möwsüminiň demokratik kadalara laýyklykda geçirilmegi üçin, onuň aýanlyk ýörelgeleriniň üpjün edilmegi esasy şertleriň biri bolup durýar. Saýlaw işleriniň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda saýlawlara taýýarlyk görlüşine we geçirilişine halkara hem-de milli synçylaryň syn etmekleri üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlary bellemek hakyndaky kararynyň, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek hakyndaky kararynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilmegi, saýlaw möwsüminiň ilkinji ädiminiň aýanlyk ýörelgeleri bilen başlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmegiň düzgünleri milli kanunçylygymyzda bellenilýär. Saýlaw möwsüminiň aýanlygyny berjaý etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine uly wezipeler degişli bolup durýar. Saýlawlar gününi bellemek hakynda kararyň kabul edilen gününden başlap, tä saýlawlaryň netijeleri yglan edilýänçä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly saýlawlaryň taýýarlyk işleri we ses bermegiň geçirilişi, ses bermegiň jemleri barada tapgyrlaýyn ilatyň dykgatyna ýetirilip durulýar.
Saýlaw toparlary hem saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek işlerini açyk we aýan amala aşyrýarlar. Saýlaw toparlary öz düzümi, ýerleşýän ýeri we geçirýän işleri hakynda, bellige alnan dalaşgärler, olaryň terjimehalyna degişli maglumatlar we kabul edýän kararlary hakynda ilaty habarly edýärler. Saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, kanunçylykda bellenilen ygtyýarly adamlara saýlawlaryň taýýarlyk işleri we olaryň geçirilişi bilen bagly işlere gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen ygtyýarly adamlara saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça mejlislere we ýygnaklara, saýlaw toparlarynyň mejlislerine, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlislerine, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklaryna, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryna, ses bermäge başlanylmazdan ozal saýlaw gutulary möhürlenende, ses bermegiň barşynda, saýlaw uçastogynda sesler sanalanda, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri takyklanylanda hem-de saýlawlaryň umumy jemleri jemlenilende bolmaga hukuk berilýär.
Saýlawlaryň aýanlykda geçirilmeginde milli synçylara uly orun degişlidir. Milli synçylaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasynda jikme-jik bellenilmek bilen, olara saýlaw möwsüminiň ähli işlerine syn etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Milli synçylar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilýär we ýerli derejede saýlawlaryň kanunalaýyk geçirilişine syn edýärler.
Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça milli synçylaryň 2855-si bellige alyndy we olaryň 50,47 göterimi zenanlardyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň milli kanunçylyklara we demokratik ýörelgeleriň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilişine syn etmek üçin daşary ýurt (halkara) synçylary hem çagyrylýar. Halkara synçylary Türkmenistan döwletiniň çakylyk ibermegi esasynda halkara guramalary, ýagny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary, daşary ýurt döwletleri tarapyndan ugradylýar. Halkara synçysy öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýar. Saýlawlara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine syn etmek bilen baglanyşykly bolmadyk başga işleri amala aşyrmaga halkara synçylarynyň hukuklary ýokdur. Halkara synçylarynyň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasynda jikme-jik bellenilmek bilen, olara saýlaw möwsüminiň ähli işlerine syn etmäge giň mümkinçilikler üpjün edilýär.
Halkara guramalarynyň synçylary saýlaw geçirilýän degişli döwletiň milli kanunçylyklarynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen birlikde, her bir halkara guramasynyň synçylyk işlerini amala aşyrmak bilen bagly kabul eden öz Düzgünnamasynyň talaplaryny hem ýerine ýetirmelidirler.
Halkara guramalarynyň synçylary saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilişi barada beýannama kabul edýärler we onuň mazmuny bilen tanyşdyrmak üçin, beýannamany köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halkara derejesinde yglan edýärler.
Halkara guramalaryndan hem-de daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryndan bolan halkara synçylarynyň 90-sy ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlara syn etdiler.
Saýlawlaryň aýanlykda geçirilmegi babatynda ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde uly işler durýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk görlüşiniň we olaryň geçirilişiniň barşyny beýan edýärler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilmeginde, saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň saýlawçylaryň dykgatyna öz wagtynda we dogruçyl ýetirilip durulmagynda uly jogapkärçilik degişlidir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri saýlawçylaryň ähli maglumatlar bilen tanşyp bilmeklerini üpjün edýärler. Ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan taýýarlanylýan habarlaýyn maglumatlaryň mazmuny dogruçyl, hakyky bolmalydyr. Şunda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlaryň teklipçi toparlarynyň, dalaşgärleriň hukuk deňligi bozulmaly däldir. Şeýle hem haýsydyr bir tarapyň ileri tutulmagyna ýol berilmeýär.
Elbetde, bu şertler 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda hem berjaý edildi.
Saýlawlaryň aýanlyk şertleriniň çäklerinde, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler öz maksatnamalary boýunça deň derejede teleýaýlymlarda çykyş etdiler. Olaryň terjimehallary suratlary bilen «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde çap edilip, dolulygyna halka ýetirildi.
Şeýle hem saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilişini habarlaryň, şekilli görnüşleriň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri – «TASS», «Associated Press», «Frans Press», «NCA», «Reuters» agentlikleriniň, «TRT» teleradiokompaniýasynyň, «Mir-24», «TRT World» teleýaýlymynyň, «Turkmenistan.ru» internet gazetiniň, «Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň, «SalamNews» internet saýtynyň we beýlekileriň habarçylary öz wagtynda halk köpçüligine ýetirip durdular.
Şonuň ýaly hem saýlaw möwsümine degişli çözgütler hakyndaky maglumatlar merkezi gazetlerde we ýerli «Aşgabat», «Ahal durmuşy», «Balkan», «Daşoguz habarlary», «Türkmen gündogary», «Maru–şahu jahan» gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty (saylav.gov.tm) hereket edýär hem-de onda saýlawlar baradaky habarlar, maglumatlar yzygiderli goýlup, halka ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň internet-saýtynda saýlaw möwsümi bilen bagly täzelikler we habarlar 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirilip duruldy.
Saýlaw kanunçylygy, saýlawçylaryň saýlaw hukuklary hakynda teleýaýlymlarda yzygiderli söhbetdeşlikler guralyp, saýlawlaryň açyklykda we aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilişi giňişleýin beýan edildi.
Saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň 240-synda wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly, online düzgüninde Merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda ilata göni görkezildi.
Ýurdumyzda döwlet ähmiýetli, döwrebap Arkadag şäheriniň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen, täze «Arkadag» teleýaýlymy hem-de «Arkadag» gazeti hem döredildi we işläp başlady. Munuň özi hem geljekde saýlawlaryň giň gerimli aýanlyk şertlerinde geçirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar.
Şeýlelikde, aýanlyk bilen başlanyp, aýanlyk bilen tamamlanýan saýlawlar biziň ýurdumyzda bu syýasy çäräniň aýanlykda, açyklykda, demokratik kadalara laýyklykda geçirilýändigini äşgär edýär.
Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.