CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

SAÝLAWÇYLARYŇ SANAWLARYNY DÜZMEGIŇ TERTIBI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, pähim-parasatly, öňdengörüji we demokratik syýasaty netijesinde günsaýyn gülläp ösýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde saýlaw ulgamyna hem içgin üns berilýär.

Elbetde, ýurdumyzda saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik şertlerde geçirilmeginde saýlawçylaryň sanawy esasy resminamalaryň biri bolup durýandyr.

Saýlawçylaryň sanawy – munuň özi belli bir saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlaryň sanawydyr. Aslynda-ha, saýlawçy diýip, ýurduň aktiw saýlaw hukukly raýatyna aýdylýar. Saýlawçylaryň aktiw saýlaw hukygy, ýagny saýlamaga bolan hukugy hemme ýurtlarda birmeňzeş däldir. Dünýäniň käbir ýurtlarynda on alty ýaşy dolan raýatlaryň hem ses bermäge gatnaşmaga hukuklary bar. Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, on sekiz ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr. Saýlawlara we sala salşyklara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Saýlawçylaryň sanawlary uçastok saýlaw toparlary tarapyndan düzülýär. Saýlawçylaryň sanawlary we olary düzmegiň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 41-nji, 42-nji, 43-nji maddalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Saýlawçylaryň sanawy her bir saýlaw uçastogy boýunça düzülýär we oňa uçastok saýlaw toparynyň başlygy bilen kätibi tarapyndan gol çekilýär. Uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek işine jemgyýetçilik wekillerini hem çekip biler. Eger-de saýlaw uçastogynyň çäginde birden köp saýlaw okrugy ýerleşýän bolsa, onda saýlawçylaryň sanawy her bir saýlaw okrugy boýunça aýratynlykda düzülýär. Muňa mysal edip, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny görkezip bolar. Saýlawçylaryň sanawy döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde, degişli etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary hem-de uçastok saýlaw toparlary tarapyndan düzülýär. Saýlawçylaryň sanawy baş we içki sahypalardan ybarat bolup, onuň nusgasy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanylýar.

Saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlawçylaryň jemi sany her bir saýlaw uçastogynda iki müňden geçmeli däldir. Saýlawçylaryň sanawynyň düzülişi halkara tejribelerine laýyklykda iki görnüşde bolýar:

– kagyza çap edilen sanaw;

– elektron sanaw (reýestr).

Kagyza çap etmek diýlende, saýlawçylaryň sanawyny kompýuterde çap etmek arkaly düzülýän sanawa düşünilýär. Kagyza çap etmek görnüşi has ýörgünli ulanylýan usullaryň biridir. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda saýlawçylaryň sanawlaryny düzmegiň şu görnüşi ulanylýar. Sanly ulgama geçilýänligi bilen baglylykda, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmegiň elektron görnüşine geçmegiň halkara tejribeleri öwrenilýär.

Elektron sanaw (reýestr) – saýlawçylaryň sanawynyň elektron görnüşidir. Elektron reýestrde sanawlar kompýuterlerde saklanyp, belli bir möhletlerde saýlawçylar baradaky maglumatlar degişli gulluklar tarapyndan täzelenip durulýar.

Ýurdumyzda saýlawlar geçirilende saýlawçylaryň sanawynyň birnäçe görnüşi ulanylýar:

– saýlawçylaryň umumy sanawy;

– saýlawçylaryň goşmaça sanawy.

Saýlawçylaryň umumy sanawyna saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on sekiz ýaşy dolan (saýlawlar güni hem), şol saýlaw uçastogynyň çäginde hemişelik ýa-da köplenç (saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan soňky üç aýyň dowamynda) ýaşaýan we saýlaw hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlary girizilýär.

Saýlawçylaryň goşmaça sanawyna bolsa saýlawçylaryň umumy sanawy tanyşmak üçin goýlandan soň saýlaw uçastogyna gelen,  ýöne haýsydyr bir sebäbe görä, saýlawçylaryň umumy sanawyna ozal girizilmedik saýlaw hukukly saýlawçylar girizilýär.

Her bir saýlawçy saýlawçylaryň sanawyna diňe bir saýlaw uçastogynda girizilip bilner. Eger-de, saýlawçynyň saýlawçylaryň sanawyna birden köp saýlaw uçastogynda girizilendigi barada deliller ýüze çykarylan halatynda, degişli saýlaw topary haýal etmän şol nätakyklygy düzetmek boýunça iş geçirmelidir.

Saýlawçylar baradaky maglumatlar onuň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýandygyny we ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnandygyny tassyklaýan pasporty esasynda anyklanylýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin berlen pasport saýlawçynyň ýaşaýan ýerini anyklamaga degişli resminamalaryň sanawyna girmeýär. Ýöne, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawçylar Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin migrasiýa gullugy tarapyndan berlen pasporty esasynda saýlawçylaryň sanawyna girizilip bilner.

Harby bölümlerde bolýan harby gullukçy saýlawçylar, şeýle hem harby gullukçylaryň maşgala agzalary we beýleki saýlawçylar harby bölümleriň ýerleşýän çäginde ýaşaýan bolsalar, saýlawçylaryň sanawy harby bölümleriň serkerdeleriniň berýän maglumatlary esasynda düzülýär. Harby bölümleriň ýerleşýän çäginiň daşynda ýaşaýan harby gullukçylar saýlawçylaryň sanawyna ýaşaýan ýeri boýunça umumy esaslarda girizilýär.

Şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde saýlawçylaryň sanawy bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatlary esasynda düzülýär. Şu ýagdaýlarda saýlawçylaryň sanawyna diňe degişli saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan raýatlar girizilýär.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawyna Türkmenistanyň daşary ýurtda bolýan raýatlary girizilýär. Saýlawçylaryň familiýalary saýlawçylaryň sanawynda ses bermegi guramak üçin amatly bolan tertipde görkezilýär.

Saýlawçylaryň sanawy saýlaw uçastogynda saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan on bäş günden gijä goýman, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda bolsa saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan bäş gün galanda tanyşmak üçin goýulýar.

Sanawa girizilmändigi, nädogry girizilendigi ýa-da sanawdan aýrylandygy barada, şeýle hem sanawda saýlawçy baradaky maglumatlaryň görkezilişinde ýol berlen nätakyklyklar barada şikaýat etmäge her bir raýat hukuklydyr. Şu meseleler baradaky arza uçastok saýlaw topary seredýär, ol arza iki günden gijä goýman, saýlawlaryň öň ýanyndaky we saýlawlar güni bolsa haýal etmän seretmäge, zerur düzedişleri sanawa girizmäge ýa-da arzaça arzasynyň kanagatlandyrylmandygy baradaky delillendirilen kararyň nusgasyny bermäge borçludyr. Şeýlelikde, saýlawçylaryň sanawy ses bermegi guramak we geçirmek, ses bermegiň netijelerini jemlemek üçin zerur bolup durýar. Munuň şeýledigini:

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň «Ses bermegi geçirmek» diýlen 72-nji maddasynda: «Uçastok saýlaw topary saýlawça saýlaw býulletenini saýlawçylaryň sanawy esasynda pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezende berýär. Saýlaw býulletenini alan saýlawçy saýlawçylaryň sanawynda gol çekýär» diýilýär.

Gaýtadan ses bermek ýa-da gaýtadan saýlawlar geçirilende saýlawlar umumy saýlawlary geçirmek üçin düzülen saýlawçylaryň sanawy esasynda geçirilýär. Saýlawlaryň netijeleri resmi yglan edileninden soň, saýlawçylaryň sanawy degişli etrap, şäher saýlaw toparyna iberilýär.

Saýlaw möwsüminde uçastok saýlaw toparynyň agzalary saýlawçylary saýlawçylaryň sanawy bilen tanyşdyrmak işlerini sanawdaky maglumatlaryň gizlinligini we goraglylygyny üpjün etmegiň talaplaryny berjaý etmek arkaly amala aşyrmalydyrlar.

Ýurdumyzda saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň karary esasynda «Saýlawçylaryň sanawyny düzmegiň we ony ulanmagyň tertibi hakynda düzgünnama» tassyklanyldy.

Saýlawçylaryň sanawy barada aýdylanda, häzirki wagtda «Saýlawçylaryň döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny hem bellemek isleýäris. Munuň özi, sanly ulgamyň çäklerinde geljekde hem saýlaw işleriniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi üçin ähmiýetli bolar.

Saýlaw ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli ähli beýik, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.