CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

ÄNEW TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY

Asyrdan–asyrlara uzap gidýän gadymyýetiň jümmüşine näçe içgin aralaşdygyňça, türkmen halkynyň beýik we şöhratly halkdygy baradaky gymmatly maglumatlary bilmek bolýar. Elbetde, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi bolsa ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiz öz halkyna bolan söýgi-buýsanjyny, belent ynamyny «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýip belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi 120 ýyl çeşmesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjileriniň biri Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar.

Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirildi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arhelogiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler. Bu ugurda amerikaly alym, Pensilwaniýa  uniwersitetiniň professory Frederik Hibertiň ady hem bellenilmäge mynasyp. Ol 8 ýylyň dowamynda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir, köp sanly arheologiýa tapyndylaryny ýüze çykarypdyr. Olaryň arasynda 1999-njy ýylda tapylan möhür ylym dünýäsinde uly seslenme döretdi. Möhüriň ýüzünde oýulyp ýazylan ýazgy bar eken. Ýazgydaky belgiler gadymy Mesopotamiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň hatlaryndan tapawutlanýar. Ýazgyny öwrenen Amerikaly alym W.Maýer (Pensilwaniýa uniwersiteti) onuň surat ýazuwynda däl-de, eýsem, harply ýazuwa degişlidigini belleýär. Bu bolsa türkmen topragynda hat-ýazuwyň öňki pikir edilişinden has öň dörändigine güwä geçýär.

R.Pampeliniň işlerinden 100 ýyl geçenden soň Änew depeleri taryhyň sahypalarynda täze öwüşgin bilen peýda boldy. 2004-nji ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistan Änew medeniýetiniň we Ak bugdaýyň Watanydyr» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahat Änew medeniýetiniň öwrenilişinde möhüm ädim boldy.

2004-nji ýylda taryhçylaryň we arheologlaryň, medeniýeti öwrenijileriň gadymy Änew barada ylmy makalalarynyň birnäçesi çap edildi. Geçirilen ylmy derňewleriň, Änew medeniýetiniň ýadygärlikleriniň köptaraplaýyn öwrenilmeginiň netijesinde onuň eneolit döwründe Merkezi Aziýa sebitinde iň ösen medeniýet bolandygy anyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby gadymy Änew medeniýetini öwrenijileriň öňki ýazan makalalaryndan, ylmy işlerinde getiren taryhy maglumatlaryndan has gadymydygy we anykdygy bilen tapawutlanýar. Tapawutly aýratynlyklaryň käbirine okyjylaryň ünsüni çekmek isleýäris:

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda Änew şäheriniň iň gadymy döwürden şu güne çenli taryhy bir sapaga düzülip, tutuşlygyna beýan edilýär. Gadymy Änew medeniýeti diýlende, köplenç, Änew şäheriniň daş-töwereginiň gurşawy göz öňümize gelýärdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz gadymy Änew medeniýetiniň ýaýrawyny anyklap, onuň Gyzylarbat töwereklerinden başlap, Murgap derýasynyň köne hanasynyň aşak akymlaryna çenli ýerleri öz içine alandygyny takyk delillendirýär.

Kitapda Änew medeniýetiniň döremeginde miladydan öň VII-V müňýyllyklarda ýaşan Jeýtun medeniýetiniň täsiriniň uly bolandygy barada taryhçylar üçin juda ähmiýetli pikir orta atylýar. Jeýtun medeniýetiniň ahyrlarynda dörän Änew medeniýetiniň miladydan öň IV müňýyllykda has ösendigi, soňra onuň Altyndepe, Namazgadepe medeniýetleriniň döremegine we ösmegine uly täsir edendigi baradaky ylmy garaýyşlaryň sada dilde beýan edilmegi kitabyň ähmiýetini hasda artdyrýar.

Änew medeniýetiniň goňşy ýurtlardaky medeni ojaklaryň döremegine eden täsiri baradaky pikirler hem taryh ylmy üçin ähmiýetlidir. Şu ýerde ýakynda geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň plenar mejlisinde daşary ýurtly alymlaryň Änew medeniýetiniň Hytaýda dörän Ýanşao medeniýetiniň, şeýle-de Täjigistanyň Sogd welaýatynyň Hojent şäheriniň golaýyndaky Sarazm medeniýetleriniň döremegine eden täsiri baradaky çykyşlary hormatly Prezidentimiziň öz kitabynda bellän pikirleriniň dünýäniň alymlary tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamalarydyr. Özbegistanyň we Täjigistanyň şäherleriniň döremegine esasy sebäp bolan Sarazm medeniýetiniň gös-göni Änew medeniýetiniň täsiri bilen dörändigini bu medeniýeti açan täjik alymy Abdullo Isakow geçiren arheologiýa barlaglarynda tapan tapyndylary arkaly hem subut edipdi.

Öňki ýazylan işlerde diňe gadymy Änewiň binagärçiligi, hünärmentçiligi, keramikasy ýa-da dokmaçylygy barada gürrüň edilen bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda agzalan meseleleriň ösüşiniň gadymy, orta asyr, täze we Garaşsyzlyk eýýamlaryndaky ýagdaýyny hem ylmy esasly beýan edýär.

Şeýlelikde, türkmen taryhynyň syrly sahypalary barada söhbet açýan  bu gymmatly kitap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhuny has-da belende göterdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň daşlygynda Seýit Jemaleddin metjidiniň taryhy şekiliniň ýerleşdirilmegi, şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze gurlan metjidiň Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly teklibi bilen, mukaddes Oraza aýynda «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip atlandyrylmagy hem şöhratly taryhymyz bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini birleşdirýän çuňňur many-mazmunly wakalardyr.

Türkmen halkynyň gadymy medeniýetini açyp görkezýän şeýle gymmatly kitaby halkymyza sowgat berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn.

 

Bägül Hojaýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi.