Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer tagallalary esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryna esaslanýan asuda, parahat ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Halkymyzyň agzybirlikde ýeten uly üstünlikleri bolsa berkarar ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.
Bu taryhy hakykat hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň şanly dabaralanmasydyr.
Bilşimiz ýaly, asylly däbe eýerilip, şu ýylda bellenilen mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Maslahatda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi, ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Şeýle-de, Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öz täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyny uly joşgun, buýsanç bilen okap bermegi, döwletli Maslahata gatnaşyjylaryň hemmesini ruhubelentlige besledi.
Asla, köňüllerimizi şatlyga beslän bu dürdäne eser, ýurdumyzyň başlangyjy we Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly bütindünýä şygary astynda geçiriljek indiki ýylyň waspnamasydyr.
Milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň çäklerinde, şu ýyl Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi bolsa ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady.
Hormatly Prezidentimiz öz halkyna bolan söýgi-buýsanjyny, belent ynamyny bu ajaýyp kitabynda: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýip beýan edýär.
Ata Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrmak, ynsanperwer duýgulary kemala getirmek, aňyýeti, aň-düşünje hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmak maksady bilen, türkmen edebiýaty hem giňişleýin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu işlerde, esasan, geçmiş mirasymyza daýanylýar, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri öwrenilýär, halka ýetirilýär. Şeýle şahyrlaryň biride türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr.
Hormatly Prezidentimiz paýhasa ýugrulan «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Halkymyz, Watanymyz, Döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy—zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr» diýip, uly buýsanç bilen nygtaýar. Çünki şahyryň şygyrlarynyň dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi, olaryň daşary ýurtlarda tanyşdyrylyş dabaralarynyň we halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi şahyryň şahyrana dünýäsini öwrenmek, halka ýetirmek babatda, alnyp barylýan işleriň netijesi bolup, olar türkmen halkynyň, döwletimiziň at-abraýyny hem belende göterýär. Şeýle-de, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek bilen, akyldarymyzyň äpet ýadygärlik heýkeli dikilen Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynyň gurulmagy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak, geljek nesillerimize dürs ýetirmek maksady bilen Kanunyň kabul edilmegi, şeýle-de, paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi—bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän beýik işlerden nyşan bolup durýar.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirildi. Milli synçylarymyz bu çäräniň demokratik şertlerde geçirilendigini ykrar etdiler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, olary täzeden döretmek işleri kanuna laýyklykda, bellenilen möhletlerde we guramaçylykly amala aşyryldy. Ýurdumyz boýunça döredilen jemi 2597 sany uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hemmesiniň sany 17624-e deňdir we olaryň 48 göterime golaýy zenanlardyr.
Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi.
Halkara gatnaşyklarynyň çäklerinde, Merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň bu ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilen Prezident we Parlament saýlawlaryna hem-de forumlara gatnaşmak işleri-de guramaçylykly amala aşyryldy.
Saýlaw ulgamynyň çäklerinde şu ýylda amala aşyrylan bu çäreler saýlawlaryň ýurdumyzyň ösüşinde uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze we biziň üçin iňňän gymmatly eseriniň Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilendigini uly buýsanç hem-de ýakymly duýgular bilen bellemek gerek.
Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere, şanly wakalara beslenip, merdana, agzybir halkymyzyň ruhuny, Magtymguly atamyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende göteren taryhy ýyllaryň biri boldy.
Eziz Diýarymyzy uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.