TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÝETILEN BELENT SEPGITLER – GELJEKKI ÖSÜŞLERE BADALGA

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer tagallalary esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryna esaslanýan asuda, parahat ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Halkymyzyň agzybirlikde ýeten uly üstünlikleri bolsa berkarar ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Bu taryhy hakykat hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň şanly dabaralanmasydyr.

Bilşimiz ýaly, asylly däbe eýerilip, şu ýylda bellenilen mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Maslahatda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi, ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Şeýle-de, Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öz täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyny uly joşgun, buýsanç bilen okap bermegi, döwletli Maslahata gatnaşyjylaryň hemmesini ruhubelentlige besledi.   

Asla, köňüllerimizi şatlyga beslän bu dürdäne eser, ýurdumyzyň başlangyjy we Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen     «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly bütindünýä şygary astynda geçiriljek indiki ýylyň waspnamasydyr.

Mil­li mira­sy­my­zyň gym­mat­lyk­la­ry­ny öwrenmek, go­rap sak­la­mak we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li durmu­şa or­naş­dy­ryl­ýan öz­gert­me­leriň çäklerinde, şu ýyl Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi bolsa ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiz öz halkyna bolan söýgi-buýsanjyny, belent ynamyny bu ajaýyp kitabynda: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýip beýan edýär.

Ata Wa­ta­na  bo­lan söý­gi­ni, buý­san­jy artdyrmak, yn­san­per­wer duý­gu­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek­, aňyýe­ti, aň­-dü­şün­je hem akyl­-paý­has go­ru­ny baý­laş­dyr­mak­ maksady bilen, türk­men ede­bi­ýa­ty hem gi­ňiş­le­ýin öw­re­ni­lip, halkymy­za ýe­ti­ril­ýär. Bu iş­ler­de, esasan, geç­miş mi­ra­sy­my­za daýanylýar, nus­ga­wy edebi­ýa­ty­my­zyň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň eser­le­ri öwre­nil­ýär, halka ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le şa­hyr­la­ryň bi­ri­de türk­me­niň be­ýik şahy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­ha­sa ýug­ru­lan «Ýaş­lar Wa­ta­nyň daýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Hal­ky­myz, Wata­nymyz, Döw­le­ti­miz, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, akyl­dar şa­hy­ry­myz Magtym­gu­ly Pyra­gy­—ze­hin­le­ri­mi­ze yl­ham çeş­me­si, üs­tün­lik­le­ri­mi­ze ba­dal­ga­dyr» di­ýip, uly buý­sanç bi­len nyg­ta­ýar. Çün­ki şa­hy­ryň şygyrlary­nyň dün­ýä dil­le­ri­niň on­lar­çasy­na ter­ji­me edil­me­gi, ola­ryň daşary ýurt­lar­da ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň we hal­ka­ra yl­my maslahatla­ryň ge­çiril­me­gi şa­hy­ryň şa­hy­ra­na dün­ýä­si­ni öwrenmek, hal­ka ýe­tir­mek ba­bat­da, alnyp barylýan işleriň netijesi bolup, olar türkmen halkynyň, döwletimiziň at-abraýyny hem belende göterýär. Şeý­le­-de, şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny daba­ra­ly bel­le­mek bi­len, akyl­da­ry­my­zyň äpet ýa­dy­gär­lik heýke­li di­ki­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni ­se­ýil­gäh top­lu­my­nyň gurulma­gy, Türkme­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­nyň dö­re­dil­me­gi, Mag­tym­guly Py­ra­gy­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ny gorap sak­la­mak, gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze dürs ýetir­mek mak­sa­dy bi­len Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi, şeý­le­-de, paý­tag­ty­myzda «Dö­wür­le­riň we siwi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra arabaglanyşy­gy­—­pa­ra­hat­çy­lygyň we ösü­şiň binýa­dy»   at­ly hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi­—­bu­la­ryň äh­li­si Gahry­man Arka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tarapyn­dan do­wam et­di­ril­ýän beýik iş­ler­den ny­şan bo­lup dur­ýar. 

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň   il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirildi. Milli synçylarymyz bu çäräniň demokratik şertlerde geçirilendigini ykrar etdiler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, olary täzeden döretmek işleri kanuna laýyklykda, bellenilen möhletlerde we guramaçylykly amala aşyryldy. Ýurdumyz boýunça döredilen jemi 2597 sany uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hemmesiniň sany 17624-e deňdir we olaryň 48 göterime golaýy zenanlardyr.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda «Gender deňligini göz öňünde tutup, saýlawçylaryň bitewi sanawyny döretmekde halkara tejribesini öwrenmek» atly okuw maslahaty geçirildi.

Halkara gatnaşyklarynyň çäklerinde, Merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň bu ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilen Prezident we Parlament saýlawlaryna hem-de forumlara gatnaşmak işleri-de guramaçylykly amala aşyryldy.

Saýlaw ulgamynyň çäklerinde şu ýylda amala aşyrylan bu çäreler saýlawlaryň ýurdumyzyň ösüşinde uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze we biziň üçin iňňän gymmatly eseriniň Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilendigini uly buýsanç hem-de ýakymly duýgular bilen bellemek gerek.

Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere, şanly wakalara beslenip, merdana, agzybir halkymyzyň ruhuny, Magtymguly atamyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende göteren taryhy ýyllaryň biri boldy.

Eziz Diýarymyzy uly üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Maksat Saipow,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.