TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NLARY

1. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 6-njy maddada:

4-nji böleginde:

birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.»;

üçünji tesimden soň şu mazmunly dördünji tesimi goşmaly:

«Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçyny belläp bilerler, olar baradaky maglumaty degişli saýlaw toparyna berýärler.»;

7-nji böleginde:

üçünji tesimden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«4) saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri we dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynda bolmaga;»;

4–10-njy bentleri degişlilikde 5–11-nji bentler diýip hasap etmeli;

5-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«5) saýlawçylaryň we sala salşyga gatnaşyjylaryň sanawynyň (mundan beýläk – saýlawçylaryň sanawy) düzülişine syn etmäge hem-de sanaw bilen tanyşmaga;».

2. 18-nji madda şu mazmunly 10-njy bölegi goşmaly:

«10. Saýlaw toparlarynyň düzümini düzmegiň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.».

3.19-njy madda şu mazmunly 10-njy bölegi goşmaly:

«10. Saýlaw toparlarynyň agzalaryna bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.».

4. 26-njy maddanyň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri boýunça düşündirişleri berýär, gollanmalar çykarýar hem-de okuw maslahatlaryny geçirýär;».

5. 32-nji maddanyň 3-nji we 4-nji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Welaýat, etrap, şäher, okrug we uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

4. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary Geňeşiň saýlanylan agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilenden soň ýa-da ýerli sala salşygyň jemleri kesgitlenilenden soň tamamlanýar.».

6. 38-nji madda:

4-nji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«5. Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir.»;

5-nji bölegi 6-njy bölek diýip hasap etmeli.

7. 90-njy madda şu mazmunly 6-njy bölegi goşmaly:

«6. Şikaýat boýunça kabul edilen karar şikaýatçynyň dykgatyna ýetirilýär.».

8. 91-nji madda şu mazmunly 10-njy bölegi goşmaly:

«10. Şikaýat boýunça kazyýetiň kabul eden çözgüdi şikaýatçynyň dykgatyna ýetirilýär.».

 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

Aşgabat şäheri.2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.

 

 

 

 

2. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 6-njy maddanyň 9-njy böleginiň birinji tesiminde, 45-nji maddada, 50-nji we 66-njy maddalaryň 1-nji böleklerinde «jemgyýetçilik birleşikleri», «jemgyýetçilik birleşikleriniň» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 19-njy maddanyň 6-njy bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen ýagdaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, esasy iş ýerinde önümçilik ýa-da gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekden wagtlaýyn boşadylan saýlaw toparynyň agzasynyň iş ýeri (wezipesi) we ortaça zähmet haky saklanýar.».

3. 22-nji maddanyň 3-nji böleginde «syýasy maksat tutýan» diýen sözleri aýyrmaly.

4. 32-nji maddanyň 1-nji böleginde:

üçünji tesimde «altmyş gün» diýen sözleri «altmyş bäş gün» diýen sözler bilen çalşyrmaly; 

bäşinji tesimi şu mazmunda beýan etmeli:

«Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde döredilip bilner.».

5. 38-nji maddanyň 6-njy böleginde «altmyş bäş gün» diýen sözleri «altmyş gün» diýen sözler bilen çalşyrmaly.

6. 44-nji maddada:

1-nji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.».

2-nji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilip bilner.».

7. 46-njy maddanyň 3-nji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Teklipçi toparyň bellige almak baradaky arzasy saýlawlar gününe çenli ýetmiş gün galandan başlap berilýär.».

8. 70-nji maddanyň 2-nji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Saýlaw býulletenleriniň jemi sany saýlawçylaryň sanawlaryna girizilen saýlawçylaryň sanyna deň bolmalydyr. Ätiýaçlyk üçin çap edilýän saýlaw býulletenleriniň sany býulletenleriň umumy sanynyň iki göteriminden köp bolmaly däldir.».

9. 85-nji maddanyň 3-nji böleginde «onuň düzümini degişli Geňeş tassyklaýar» diýen sözleri aýyrmaly.

10. 88-nji maddanyň 3-nji böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) saýlaw okruglarynyň we saýlaw uçastoklarynyň sanawlaryny, olaryň çäklerini, ýerleşýän ýerlerini, saýlaw toparlarynyň düzümini görkezmek bilen çap etmek;».

 

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabry.

 

 

 

 

3. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

.

.

.

5. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3,  116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda):

78-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Degişli saýlaw topary saýlawlaryň, sala salşygyň jemini saýlawlaryň, sala salşygyň geçirilen gününden soň ýedi günden gijä goýman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edýär.».

 

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwary.

 

 

 

 

4. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

I. 2013-nji ýy­lyň 4-nji ma­ýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bi­len tas­syk­la­ny­lan Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2013 ý., № 2, 25-nji mad­da; 2014 ý., № 3, 116-njy mad­da; 2016 ý., № 4, 145-nji mad­da; 2017 ý., № 1, 6-njy mad­da) şu üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­me­li: 

1. 4-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­ne şu maz­mun­ly te­sim­le­ri goş­ma­ly: 

«Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry mart aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de ge­çi­ril­ýär. 

Do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da halk mas­la­ha­ty­nyň, Ge­ňe­şiň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry baş­ga möh­let­ler­de hem ge­çi­ri­lip bil­ner.». 

2. 32-nji mad­da­da: 

bi­rin­ji bö­le­giň üçün­ji we dör­dün­ji te­sim­le­ri­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň saý­law­la­ryn­da ok­rug saý­law to­par­la­ry Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ta­ra­pyn­dan 9 — 11 ag­za­dan yba­rat dü­züm­de dö­re­dil­ýär. 

Et­rap­da­ky şä­he­riň, şä­her­çä­niň, ge­ňeş­li­giň saý­law to­par­la­ry de­giş­li et­ra­byň, şä­he­riň saý­law to­pa­ry ta­ra­pyn­dan 7 — 11 ag­za­dan yba­rat dü­züm­de dö­re­dil­ýär.»; 

üçün­ji bö­le­gi şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«3. We­la­ýat, et­rap, şä­her, şä­her­çä­niň, ge­ňeş­li­giň, ok­rug we uças­tok saý­law to­pa­ry­nyň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti bäş ýyl­dyr.»; 

dör­dün­ji bö­le­gi aýyr­ma­ly. 

3. 38-nji mad­da­nyň al­tyn­jy bö­le­gin­de «alt­myş» di­ýen sö­zi «ýet­miş» di­ýen sö­ze çal­şyr­ma­ly. 

4. 44-nji mad­da­nyň üçün­ji bö­le­gin­den soň şu maz­mun­ly bö­le­gi goş­ma­ly: 

«31. Da­laş­gär hö­dür­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek mej­lis­ler, ýyg­nak­lar ba­ra­da öňün­den de­giş­li saý­law to­par­la­ry­na ha­bar be­ril­me­li­dir.». 

5. 45-nji mad­da­da: 

bi­rin­ji bö­le­giň dör­dün­ji te­si­mi­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«Ge­ňeş ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­le­ri sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň et­rap, şä­her gu­ra­ma­la­ry­nyň mej­lis­le­rin­de, il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň ýyg­nak­la­ryn­da hö­dür­le­ýär­ler.»; 

üçün­ji bö­le­gi şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«3. Sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar öz­baş­dak ýa-da bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne di­ňe bir da­laş­gär hö­dür­läp bil­ýär­ler. 

Sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar de­giş­li gu­ra­ma­la­ry­nyň mej­lis­le­rin­de, ýyg­nak­la­ryn­da ýa-da ola­ryň bi­le­lik­dä­ki mej­lis­le­rin­de, ýyg­nak­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­ly­gy­na, halk mas­la­ha­ty­nyň, Ge­ňe­şiň ag­za­ly­gy­na bir­nä­çe da­laş­gär, ýö­ne her saý­law ok­ru­gy üçin di­ňe bir da­laş­gär hö­dür­läp bil­ýär­ler. 

Da­laş­gä­ri bi­le­lik­de hö­dür­län sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň soň­ra şol ok­ru­ga öz­baş­dak da­laş­gär hö­dür­le­mä­ge hu­ku­gy ýok­dur.». 

6. 48-nji mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gi­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«2. Da­laş­gär­le­ri bel­li­ge al­mak ha­kyn­da­ky ka­rar mej­lis­le­riň, ýyg­nak­la­ryň da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek ba­ra­da­ky tes­wir­na­ma­la­ry, tek­lip­çi to­pa­ryň gol çe­kil­ýän ka­gyz­ça­la­ry we da­laş­gär­le­riň se­se go­ýul­ma­ga ra­zy­dy­gy ba­ra­da­ky ar­za­la­ry bar bo­lan ma­ha­lyn­da ka­bul edil­ýär.». 

7. 57-nji mad­da­nyň do­ku­zyn­jy bö­le­gi­niň se­ki­zin­ji te­si­min­de «öz eli bi­len» di­ýen söz­le­ri «el bi­len» di­ýen söz­le­re çal­şyr­ma­ly. 

8. 85-nji mad­da­nyň maz­mu­ny­ny şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, halk mas­la­ha­ty­nyň, Ge­ňe­şiň ag­za­sy möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den ha­la­tyn­da de­giş­li saý­law ok­ru­gyn­da şu Ko­dek­se la­ýyk­lyk­da tä­ze saý­law­lar ge­çi­ril­ýär. 

Saý­law­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si şu Ko­dek­siň 4-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da bel­le­ýär.». 

9. 86-njy mad­da­nyň ikin­ji bö­le­gi­niň üçün­ji te­si­mi­ni aýyr­ma­ly. 

10. 87-nji mad­da­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li: 

«1. Eger-de do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şyň üýt­ge­me­gi ne­ti­je­sin­de de­giş­li halk mas­la­ha­ty­nyň, Ge­ňe­şiň dü­züm sa­ny Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­mez­li­gi bi­len bag­ly­lyk­da öz işi­ni ama­la aşy­ryp bil­me­se, on­da de­giş­li halk mas­la­ha­ty­nyň, Ge­ňe­şiň ag­za­la­ry­nyň tä­ze saý­law­la­ry do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şyň üýt­ge­di­len gü­nün­den beý­läk üç aý­dan gi­jä goý­man ge­çi­ril­ýär.». 

II. Şu Ka­nun res­mi taý­dan çap edi­len gü­nün­den güý­je gir­ýär. 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow. 


Aş­ga­bat şä­he­ri. 2017-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ry.

 

 

 

 

5. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

.

.

.

3. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda) 26-njy maddasynyň 7-nji bendinde, 88-nji maddasynyň birinji böleginiň üçünji tesiminde we altynjy böleginiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Maliýe ministrligi» we «Türkmenistanyň Maliýe ministrligine» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi» we «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine» diýen sözlere çalşyrmaly.

.

.

.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow. 

 

Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny.

 

 

 

 

6. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 33-nji maddada:

16-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«16) welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlary geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;»;

17-nji bentde «saýlawlary belleýär we onuň» diýen sözleri «saýlawlaryň» diýen söze çalşyrmaly;

2) 34-nji maddada:

12-nji bentde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

17-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«17) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlary geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;»;

18-nji bentde «saýlawlary belleýär we onuň» diýen sözleri «saýlawlaryň» diýen söze çalşyrmaly;

3) 35-nji maddanyň 8-nji bendinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «ýerine ýetiriji  häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 36-njy maddanyň 18-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«18) Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlary geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;»;

5) 41-nji maddanyň ikinji we 67-nji maddanyň birinji böleklerinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 45-nji maddada:

birinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň gurultaýlarynda hödürleýärler.»;

üçünji bölegiň ikinji tesiminde «ýa-da olaryň bilelikdäki mejlislerinde, ýygnaklarynda» diýen sözleri aýyrmaly;

7) 70-nji maddada:

üçünji bölekde «bäş gün» diýen sözleri «on gün» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölegi aýyrmaly;

altynjy we ýedinji bölekleri degişlilikde bäşinji we altynjy bölekler diýip hasap etmeli;

8) 88-nji maddanyň bäşinji böleginde «on bäş günden» we «bir aýdan» diýen sözleri degişlilikde «bir aýdan» we «üç aýdan» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 89-njy maddanyň birinji böleginde «saýlawlary, sala salşyklary bellemek hakynda karar resmi taýdan çap edilen gününden on bäş günden gijä galman» diýen sözleri aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti 
Gurbanguly Berdimuhamedow. 

 

Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.

 

 

 

 

7. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

 

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 112-nji madda;) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) giriş bölekde «Mejlisiniň deputatlarynyň,» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, etrap hukukly şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 1-nji maddada:

birinji bölekde:

birinji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis)» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň (mundan beýläk – Halk Maslahaty) agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.»;

ikinji bölekde:

«Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň,» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrugdyr.»;

dördünji bölekde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalygyna we Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 3-nji maddada:

birinji bölekde «Saýlawlar» diýen sözi «Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli «Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary göni saýlawlardyr, olar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar.»;

4) 4-nji maddada:

birinji bölekde:

birinji tesimde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň» we «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» we «Mejlis» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary olaryň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç aý galanda Halk Maslahaty tarapyndan bellenilýär.»;

üçünji tesimde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, şeýle hem welaýat, etrap, şäher  halk maslahatynyň, Geňeşiň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda olaryň agzalarynyň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner.»;

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözleri «Halk Maslahatyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 5-nji maddada:

ikinji we üçünji böleklerde «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň degişlilikde «edaralaryndan», «edaralarynyň» diýen sözleri goşmaly;

üçünji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«4. Saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, innowasion sanly tehnologiýalar ulanylyp bilner.»;

6) 6-njy maddada:

üçünji bölekde «Döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň «edaralarynyň» diýen sözi goşmaly;

dördünji bölekde:

dördünji tesimde «belläp» diýen sözüň öňünden «, Halk Maslahaty­nyň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärler welaýat boýunça bäşe çenli milli synçyny» diýen sözleri goşmaly;

bäşinji tesimde «Merkezi saýlaw toparynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň,» diýen sözleri «, ählihalk sala salşygynda – Merkezi saýlaw toparynda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölegiň dördünji tesiminde «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

dokuzynjy bölekde:

birinji tesimde «saýlaw toparlarynyň mejlislerine,» diýen sözlerden soň «welaýat halk maslahatlarynyň degişli mejlislerine,» diýen sözleri goşmaly;

üçünji tesimde «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

7) 8-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde, 20-nji maddanyň mazmunynda, 51-nji we 61-nji maddalaryň ikinji böleklerinde, 62-nji maddanyň sekizinji böleginde, 65-nji maddanyň birinji böleginde, 66-njy maddanyň dördünji böleginde, 91-nji maddanyň adynda, birinji we altynjy böleklerinde «Döwlet häkimiýet», «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň degişlilikde «edaralaryndan», «edaralarynyň», «edaralaryna», «edaralary» diýen sözleri goşmaly;

8) 14-nji maddanyň mazmunynda «döwlet edaralary» diýen sözleri «saýlaw toparlary, döwlet edaralary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 15-nji maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminde «döwlet edaralary,» diýen sözlerden soň «welaýat halk maslahatlary,» diýen sözleri goşmaly;

10) 17-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň,» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 18-nji maddada:

bäşinji bölekde «saýlaw uçastogyň» diýen sözleri «saýlaw uçastogynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy we dokuzynjy böleklerde «Mejlise» we «Mejlisde» diýen sözleri degişlilikde «Saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlenilýän mejlise», «Saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlenilýän mejlisde» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 19-njy maddanyň dördünji böleginiň birinji tesiminde «döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we» diýen sözleri «döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, welaýat halk maslahatlarynyň, syýasy partiýalaryň,» diýen sözlere çalşyrmaly;

13) 21-nji maddanyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň,» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

14) 22-nji maddada:

birinji bölegiň ikinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri «Mejlis» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji bölekde «we jemgyýetçilik birleşikleriniň» diýen sözleri aýyrmaly;

15) 24-nji maddanyň üçünji böleginde «döwlet» diýen sözden soň «edaralarynyň» diýen sözi goşmaly;

16) 26-njy maddada:

9-njy, 10-njy bentlerde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly;

14-nji bentde «Prezidentligine» diýen sözden soň «, Halk Maslahatynyň agzalygyna» diýen sözleri goşmaly;

16-njy bentde «Prezidentiniň» diýen sözden soň «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň» diýen sözleri goşmaly;

17-nji bentde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalygyna, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

18-nji bentde «döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy» diýen sözleri «döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, welaýat halk maslahatlarynyň syýasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

19-njy bentde «, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň» diýen sözleri aýyrmaly;

21-nji bentde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

22-nji bentde «we Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «, Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalaryny, Mejlisiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

24-nji bentde «arza-şikaýatlara» diýen sözleri «arzalara we şikaýatlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

17) 29-njy maddanyň üçünji bendinde «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň «edaralarynyň, welaýat halk maslahatlarynyň» diýen sözleri goşmaly;

18) 32-nji maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde, 38-nji maddanyň ikinji we altynjy böleklerinde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly;

19) 33-nji maddada:

6-njy bentde «saýlaw toparlarynyň,» diýen sözlerden soň «welaýat halk maslahatynyň,» diýen sözleri goşmaly;

7-nji bentde «saýlaw okrugy boýunça» diýen sözlerden soň «hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda» diýen sözleri goşmaly;

9-njy we 14-nji bentlerde degişlilikde «halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň» we «halk maslahatyna» diýen sözleriň öňünden «welaýat» diýen sözi goşmaly;

15-nji bentde «welaýat» diýen sözüň öňünden «Halk Maslahatynyň agzalarynyň,» diýen sözleri goşmaly;

18-nji bentde «arza-şikaýatlara» diýen sözleri «arzalara we şikaýatlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

20) 34-nji maddada:

9-njy bentde «halk maslahatlaryň agzalygyna dalaşgärleriň» diýen sözleriň öňünden «etrap, şäher» diýen sözleri goşmaly;

12-nji bentde «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlerden soň we «halk maslahatlarynyň» diýen sözleriň öňünden degişlilikde «edaralary» we «welaýat, etrap, şäher» diýen sözleri goşmaly;

15-nji bentde «halk maslahatyna» diýen sözleriň öňünden «etrap, şäher» diýen sözleri goşmaly;

19-njy bentde «arza-şikaýatlara» diýen sözleri «arzalara we şikaýatlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

21) 35-nji maddada:

2-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 10-njy, 11-nji, 12-nji, 13-nji bentlerde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly;

8-nji bentde «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

14-nji bentde «arza-şikaýatlara» diýen sözleri «arzalara we şikaýatlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

22) 36-njy maddanyň 20-nji bendinde, 37-nji maddanyň 7-nji bendinde «arza-şikaýatlara» diýen sözleri «arzalara we şikaýatlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

23) 41-nji maddanyň ikinji böleginde «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

24) 44-nji maddada:

birinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi şu Kodeksiň 50(5)-nji maddasyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.»;

ikinji bölekde:

ikinji tesimde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji tesimde «halk maslahatynyň» diýen sözleriň öňünden «welaýat, etrap, şäher» diýen sözleri goşmaly;

dördünji bölekde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilýän adam Halk Maslahatynyň agzasy ýa-da Mejlisiň deputaty bolsa, ol öz-özüni aýyrmak hakynda ýa-da Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylan halatynda agzalyk ýa-da deputatlyk ygtyýarlyklaryny bes etmek niýetiniň bardygy hakynda Merkezi saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.»;

ikinji tesimde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň,» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

25) 45-nji maddada:

birinji bölekde:

ikinji tesimde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji tesimde «Halk» diýen sözi «Welaýat, etrap, şäher halk» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «mejlise» diýen sözi «Dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän mejlise» diýen sözlere çalşyrylmaly;

üçünji bölegiň ikinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher » diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölekde:

«tertibini» diýen sözi «görnüşini» diýen söze çalşyrmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.»;

26) 47-nji maddada:

adynda we üçünji bölekde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlygyna welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji bölegiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly;

dördünji bölekde:

ikinji tesiminde «tertibi» diýen sözi «görnüşini» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.»;

dördünji tesimde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly we «okrugyň,» diýen sözden soň «welaýatyň,» diýen sözi goşmaly;

27) 48-nji maddanyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Mejlisiň» diýen söze çalşyrmaly we «halk maslahatyna» diýen sözleriň öňünden «welaýat, etrap, şäher» diýen sözleri goşmaly;

28) 49-njy maddanyň ikinji böleginde «saýlawçylaryň» diýen sözden soň «, welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň» diýen sözleri goşmaly;

29) VI bölümden soň şu mazmunly bölümi goşmaly:

 

«VI(1) bölüm. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

 

50(1)-nji madda. Halk Maslahatynyň düzümi

Halk Maslahatynyň düzümi jemi 56 agzadan ybarat bolup, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz agza saýlanylýar.

Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

 

50(2)-nji madda. Saýlawlary geçirmegi üpjün etmek

Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi Merkezi saýlaw topary, degişli welaýat saýlaw toparlary we welaýat halk maslahatlary üpjün edýärler.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat saýlaw topary ses bermegi guraýar we geçirýär hem-de jemini jemleýär.

 

50(3)-nji madda.  Ses bermäge gatnaşyjylaryň sanawyny düzmegiň tertibi

Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin ses bermäge gatnaşyjylaryň – saýlawçylaryň sanawy welaýat halk maslahatynyň berýän maglumatlary esasynda welaýat saýlaw topary tarapyndan düzülýär.

Sanawa welaýat halk maslahatynyň agzalary girizilýär.

Sanawa welaýat saýlaw toparynyň başlygy we kätibi tarapyndan gol çekilýär hem-de ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

 

50(4)-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy

Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna degişlidir.

Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar, raýatlar toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyndaky wekilleriniň üsti bilen hödürläp bilerler.

 

50(5)-nji madda.  Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi

1. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler.

2. Saýlawlar gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez.

3. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara elli gün galanda başlanyp, ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.

4. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlemek boýunça geçiriljek mejlisler barada öňünden welaýat saýlaw toparyna habar berilmelidir.

5. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän mejlise gatnaşýan her bir agza dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge hukuklydyr.

6. Eger mejlise gatnaşýan agzalaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

7. Dalaşgär hödürlemek hakyndaky karar açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermegiň görnüşini we mejlisi alyp barmagyň beýleki meselelerini mejlise gatnaşýanlar kesgitleýärler.

Ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.

8. Dalaşgärleri hödürlemek barada welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň mejlisleriniň karary iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutarýan gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýman, Merkezi saýlaw toparyna berilýär.

 

50(6)-nji madda. Dalaşgärleriň bellige alynmagy

1. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri Merkezi saýlaw topary bellige alýar. Bellige almak saýlawlara kyrk bäş gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi gün galanda tamamlanýar.

2. Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär.

3. Merkezi saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakynda teswirnama düzýär, bu teswirnama dalaşgärleriň razylyk arzalary bilen bilelikde Merkezi saýlaw toparynda saklanylýar.

4. Merkezi saýlaw topary şu Kodeksiň talaplary berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleriň hemmesini bellige almaga borçludyr. Bellige alnan dalaşgäre degişli şahsyýetnama berilýär.

Bellige almakdan ýüz dönderilendigi barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine üç gün möhletde şikaýat edilip bilner, şikaýata üç günden gijä goýulman seredilmelidir.

5. Dalaşgär saýlaw toparynyň düzümine girýän bolsa, ol bellige alnan pursadyndan başlap, onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar.

6. Merkezi saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary olar bellige alnandan soň bäş günden gijä goýman, ilatyň dykgatyna ýetirýär, habarda dalaşgärleriň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we ýeri, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

 

50(7)-nji madda. Dalaşgäriň öz-özüni dalaşgärlikden aýyrmagy

1. Dalaşgär öz-özüni saýlawlara çenli dalaşgärlikden islendik wagt aýyrmaga hukuklydyr, munuň üçin ol bu barada ýazmaça arza bilen Merkezi saýlaw toparyna ýüz tutýar.

2. Merkezi saýlaw topary dalaşgäriň öz-özüni dalaşgärlikden aýyrandygyny saýlawçylaryň dykgatyna ýetirýär.

 

50(8)-nji madda.  Çykyp giden dalaşgäriň ýerine dalaşgär hödürlemegiň tertibi

1. Dalaşgärleri hödürlemegiň möhleti tamamlanandan soň dalaşgärler çykyp giden halatynda, welaýat boýunça dokuzdan az dalaşgär galan bolsa, degişli saýlaw topary täze dalaşgärleri hödürlemek baradaky teklibi bilen degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna ýüzlenýär.

2. Dalaşgärler saýlawlara on bäş günden az wagt galanda çykyp gidende, degişli welaýatda saýlawlar bellenilen saýlawlardan soň bir aý möhletde geçirilýär.

3. Çykyp giden dalaşgärleriň ýerine dalaşgärleri hödürlemek şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýär.

 

50(9)-nji madda. Saýlawlarda wagyz işleriniň geçirilmegi

Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda wagyz işleri şu Kodeksiň IX bölümine laýyklykda geçirilýär.

 

50(10)-nji madda. Ses bermegiň ýeri we wagty

1. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermek welaýat halk maslahatynyň mejlisinde geçirilýär.

2. Welaýat halk maslahaty mejlisiň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitleýär hem-de bu barada saýlawlara azyndan on bäş gün galanda Merkezi saýlaw toparyna habar berýär.

 

50(11)-nji madda. Saýlaw býulleteni

1. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri saýlaw býulletenine girizmegiň, býulletenleri taýýarlamagyň, eltmegiň we olaryň hasabatlylygynyň we saklanylyşyna jogapkärçilik çekmegiň, býulletenlere gol çekmegiň we möhür basmagyň tertibi şu Kodeksiň 70-nji maddasyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

2. Ätiýaçlyk üçin çap edilýän saýlaw býulletenleriniň sany býulletenleriň umumy sanynyň on bäş göteriminden köp bolmaly däldir.

3. Saýlaw býulleteniniň nusgasyny Merkezi saýlaw topary tassyklaýar.

 

50(12)-nji madda. Ses bermegi guramak we geçirmek

1. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegi guramak we geçirmek welaýat halk maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän jaýynda şu Kodeksiň 71-nji, 72-nji maddalarynyň talaplaryna laýyklykda guralýar we geçirilýär.

2. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegi welaýat saýlaw topary guraýar.

3. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda öňünden ses bermek, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek geçirilmeýär.

 

50(13)-nji madda. Sesleri sanamak

1. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat halk maslahatynyň mejlisine gatnaşýan agzalary ses berenlerinden soňra welaýat saýlaw topary ses bermegiň tamamlanandygyny yglan edýär we sesleri sanamaga girişýär.

Sesler şu Kodeksiň 75-nji maddasyna laýyklykda sanalýar.

2. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda bellenilen nusgada bolmadyk ýa-da saýlaw býulleteninde sekizden köp ýa-da az dalaşgäriň familiýasynyň deňinde bellik edilen bolsa ýa-da hiç hili bellik edilmedik bolsa, şeýle hem saýlaw býulleteninde saýlawlar gününe çenli çykyp giden dalaşgärler üçin ses berlen ýa-da goşmaça familiýa ýazylan bolsa, onda ol saýlaw býulleteni hakyky däl diýlip hasap edilýär.

 

50(14)-nji madda. Saýlawlaryň jemini kesgitlemek

1. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawlaryň jemini welaýat saýlaw topary öz mejlisinde kesgitleýär.

2. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň beýleki dalaşgärlere garanda köpüsini alan sekiz dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.

3. Merkezi saýlaw topary welaýat saýlaw toparynyň teswirnamasy esasynda saýlawlardan soň bäş günden gijä goýman, Türkmenistan boýunça saýlawlaryň jemini jemleýär.

4. Welaýat boýunça saýlawlaryň barşynda ýa-da sesler sanalanda şu Kodeksiň düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berlendigi üçin, eger olar saýlawlaryň jemlerine täsir eden bolsa, saýlawlar Merkezi saýlaw topary  tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner. Düzgün bozulma hakynda şikaýat welaýat halk maslahatyna, dalaşgär tarapyndan saýlawlaryň yz ýanyndaky iki günden gijä galman berilýär. Merkezi saýlaw topary şikaýata üç günden gijä goýman garaýar.

5. Saýlawlaryň jemi baradaky habar şu Kodeksiň 78-nji maddasyna laýyklykda yglan edilýär.

 

50(15)-nji madda. Saýlanylanlary bellige almak

Merkezi saýlaw topary Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalaryny bellige alýar we olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar.

 

50(16)-nji madda.  Gaýtadan ses bermek we gaýtadan saýlawlaryň geçirilmegi

1. Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri boýunça Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalarynyň sany  welaýat boýunça sekize ýetmedik halatynda, saýlanylmadyk mandat üçin welaýat halk maslahatynyň şol günki mejlisinde saýlanylman galan dalaşgärleriň arasynda gaýtadan ses bermek geçirilýär.

Gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karary welaýat saýlaw topary kabul edýär.

Ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.

2. Eger Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegiň netijesinde Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalarynyň sany welaýat boýunça sekize ýetmedik we gaýtadan ses berilmegi kimiň saýlanylandygyny kesgitlemäge mümkinçilik bermedik bolsa ýa-da saýlawlar hakyky däl diýlip ykrar edilen bolsa, umumy saýlawlardan soň üç hepdeden gijä goýman, gaýtadan saýlawlary geçirmek bellenilýär.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň gaýtadan saýlawlary Halk Maslahaty tarapyndan bellenilýär.

3. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar hakynda habar welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň we ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

4. Gaýtadan saýlawlarda saýlawçylaryň sanawy welaýat halk maslahatynyň berýän maglumatlary esasynda welaýat saýlaw topary tarapyndan düzülýär.

5. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar umumy saýlawlardan soň elli gün möhletden gijä goýman, şu Kodekse laýyklykda geçirilýär.

 

50(17)-nji madda.  Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň ykrar edilmegi

Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalarynyň ygtyýarlylyklaryny ykrar etmek hakyndaky meselä Halk Maslahatynyň maslahatynda seredilýär.

 

50(18)-nji madda.  Halk Maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegi

1. Halk Maslahatynyň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda, onuň ýerine şu Kodekse laýyklykda täze saýlawlar geçirilýär.

2. Çykyp giden Halk Maslahatynyň agzasynyň ýerine saýlawlar Halk Maslahaty tarapyndan bellenilýär.

3. Çykyp giden Halk Maslahatynyň agzasynyň ýerine saýlawlar geçirilende ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.»;

 

30) 52-nji maddanyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalygyna, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly we «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň «edaralary, welaýat halk maslahatlary» diýen sözleri goşmaly;

31) 55-nji maddada:

 birinji bölegiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözleri «Halk Maslahatyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenilen» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy» diýen sözlere çalşyrmaly;

32) 58-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözleri «Halk Maslahatyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

33) 59-njy maddada:

 birinji bölekde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegiň birinji tesiminde we üçünji bölekde «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri «Halk Maslahaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenilen» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy» diýen sözlere çalşyrmaly;

34) 60-njy maddanyň mazmunynda «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri «Halk Maslahaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

35) 64-nji maddanyň birinji, ikinji  üçünji bölekleriniň mazmunynda «efir» diýen sözi «ýaýlym» diýen söze çalşyrmaly;

36) 67-nji maddanyň birinji böleginde «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

37) 70-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «okrugy boýunça» diýen sözlerden soň «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat boýunça» diýen sözleri goşmaly;

38) 71-nji maddada:

birinji bölekde «jaýlarda geçirilýär» diýen sözleri «jaýlarda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, welaýat halk maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän jaýynda guralýar,» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «uçastok» diýen sözden soň «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat» diýen sözleri goşmaly;

üçünji bölekde «Uçastok» we «saýlawçylaryň» diýen sözlerden soň degişlilikde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat» we «, ses bermäge gatnaşyjylaryň» diýen sözleri goşmaly;

39) 72-nji maddanyň birinji böleginde «Uçastok» diýen sözi «Welaýat, uçastok» diýen sözlere çalşyrmaly;

40) 75-nji maddada:

birinji bölekde «goýlan saýlaw gutularyny» we «öň ýanynda» diýen sözlerden soň «welaýat,» diýen sözi goşmaly;

üçinji bölegiň birinji tesiminde «saýlaw okrugynda » diýen sözlerden soň «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatda» diýen sözleri goşmaly;

dördünji bölekde «okrug boýunça» diýen sözlerden soň «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat saýlaw topary welaýat boýunça» diýen sözleri goşmaly;

altynjy bölegiň üçünji tesiminde «şübhe» diýen sözden soň «welaýat,» diýen sözi goşmaly;

ýedinji bölekde:

birinji tesimde «netijesine», «Teswirnama», «Teswirnamanyň ýanyna», «hakynda» diýen sözlerden soň «welaýat,» diýen sözi goşmaly;

ikinji tesimde «saýlaw uçastogynyň jaýynda» diýen sözlerden soň     «, ses berilýän jaýda» diýen sözleri goşmaly we «Uçastok» diýen sözi «Welaýat, uçastok» diýen sözlere çalşyrmaly:

41) 77-nji maddanyň mazmunynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny,» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlaryny, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

42) 80-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» we «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Mejlisiň» we «Mejlis» diýen sözlere çalşyrmaly;

43) 82-nji maddada:

adynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlarynyň,» diýen sözleri «Mejlisiň saýlanylan deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

mazmunynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlarynyň,» we «Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda» diýen sözleri degişlilikde «Mejlisiň saýlanylan deputatlarynyň welaýat, etrap, şäher» we «Mejlisiň maslahatynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

44) 84-nji maddanyň birinji böleginde «ähli çäginde» diýen sözleri «bütin çäginde» diýen sözlere çalşyrmaly.

45) XIV bölümiň adynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatynyň,» diýen sözleri «Mejlisiň çykyp giden deputatynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

46) 85-nji maddada:

adynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatynyň,» diýen sözleri «Mejlisiň çykyp giden deputatynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

mazmunynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,» we «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri degişlilike «Mejlisiň deputaty, welaýat, etrap, şäher» we «Mejlis» diýen sözlere çalyşmaly;

47) 86-njy maddada:

birinji bölekde «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri «Mejlis» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary möhletinden öň ýatyrylan halatynda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty, Geňeş möhletinden öň ýatyrylan halatynda, olaryň agzalarynyň saýlawlary Mejlis tarapyndan bellenilýär.»;

48) 87-nji maddada:

birinji bölekde «degişli halk maslahatynyň» diýen sözleri «welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Halk» we «Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Welaýat, etrap, şäher halk» we «Mejlis» diýen sözlere çalşyrmaly;

49) 88-nji maddada:

ikinji bölekde «döwlet häkimiýet» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

üçünji bölegiň 6-njy bendinde «efir» diýen sözi «ýaýlym»  diýen söze çalşyrmaly

 

II. Şu Kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.

 

 

 

 

8. Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

 

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

.

.

.

3. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 112-nji madda; 2020 ý., № 4, 88-nji madda):

4-nji maddada:

birinji bölegiň dördünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda, olaryň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner.»;

bäşinji bölekde «baradaky» diýen sözi «boýunça» diýen söze çalşyrmaly.

.

.

.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.

 

 

 

 

9. Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

 

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

.

.

.

4. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 112-nji madda; 2020 ý., № 4, 88-nji madda, 2021 ý. № 1, 25-nji madda):

1) giriş bölekde «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we» diýen sözleri aýyrmaly;

2) 1-nji maddada:

birinji bölekde:

birinji tesimde «Milli Geňeşiniň» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji tesimi aýyrmaly;

ikinji bölekde ikinji tesimi aýyrmaly;

dördünji bölekde «Halk Maslahatynyň agzalygyna we» diýen sözleri aýyrmaly;

3) 4-nji maddada:

birinji bölekde:

ikinji tesimi aýyrmaly;

üçünji tesimde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

dördünji tesimde «Halk Maslahatynyň agzasynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Halk Maslahatyna» diýen sözleri «Mejlise» diýen söze çalşyrmaly;

4) 6-njy maddada:

dördünji bölekde:

dördünji tesimde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärler welaýat boýunça bäşe çenli milli synçyny» diýen sözleri aýyrmaly we «olar» diýen sözi «ol» diýen söze çalşyrmaly;

bäşinji tesimde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň we» diýen sözleri aýyrmaly;

dokuzynjy bölegiň birinji tesiminde «welaýat halk maslahatlarynyň degişli mejlislerine,» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 14-nji maddanyň mazmunynda «welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary,» diýen sözleri aýyrmaly;

6) 15-nji maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminde «welaýat halk maslahatlary,» diýen sözleri aýyrmaly;

7) 17-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde we 21-nji maddanyň birinji böleginde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

8) 19-njy maddanyň dördünji böleginiň birinji tesiminde «welaýat halk maslahatlarynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

9) 26-njy maddanyň 14-nji, 16-njy, 17-nji, 18-nji, 21-nji we 22-nji bentlerinde degişlilikde «, Halk Maslahatynyň agzalygyna», «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň», «Halk Maslahatynyň agzalygyna,», «welaýat halk maslahatlarynyň,», «Halk Maslahatynyň agzalarynyň we» we «Halk Maslahatynyň saýlanylan agzalaryny,» diýen sözleri aýyrmaly;

10) 29-njy maddanyň 3-nji bendinde «welaýat halk maslahatlarynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

11) 33-nji maddada:

6-njy bentde «welaýat halk maslahatynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

7-nji bentde «hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda» diýen sözleri aýyrmaly;

15-nji bentde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

12) 44-nji maddada:

birinji bölegiň ikinji tesimini aýyrmaly;

dördünji bölekde «Halk Maslahatynyň agzasy ýa-da», «agzalyk ýa-da» we «Halk Maslahatynyň agzasynyň,» diýen sözleri aýyrmaly;

13) 49-njy maddanyň ikinji böleginde «, welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň» diýen sözleri aýyrmaly;

14) VI(1) bölümi aýyrmaly;

15) 52-nji maddanyň birinji böleginde «Halk Maslahatynyň agzalygyna,» diýen sözleri aýyrmaly;

16) 55-nji maddada:

birinji bölegiň birinji tesiminde «Halk Maslahatyna» diýen sözleri «Mejlise» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

17) 58-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «Halk Maslahatyna» diýen sözleri «Mejlise» diýen söze çalşyrmaly;

18) 59-njy maddada:

birinji bölekde, ikinji bölegiň birinji tesiminde we üçünji bölekde «Halk Maslahatynyň» we «Halk Maslahaty» diýen sözleri degişlilikde «Mejlisiň» we «Mejlis» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň» diýen sözleri «Mejlisiň deputatlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

19) 60-njy maddanyň mazmunynda «Halk Maslahaty» diýen sözleri «Mejlis» diýen söze çalşyrmaly;

20) 70-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat boýunça» diýen sözleri aýyrmaly;

21) 71-nji maddada:

birinji bölekde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, welaýat halk maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän jaýynda» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölekde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat» diýen sözleri aýyrmaly;

üçünji bölekde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat» we «, ses bermäge gatnaşyjylaryň» diýen sözleri aýyrmaly;

22) 72-nji maddanyň birinji böleginde «Welaýat, uçastok» diýen sözleri «Uçastok» diýen söze çalşyrmaly;

23) 75-nji maddada:

birinji bölekde «welaýat,» diýen sözi aýyrmaly;

üçünji bölegiň birinji tesiminde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatda» diýen sözleri aýyrmaly;

dördünji bölekde «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat saýlaw topary welaýat boýunça» diýen sözleri aýyrmaly;

altynjy bölegiň üçünji tesiminde «welaýat,» diýen sözi aýyrmaly;

ýedinji bölekde:

birinji tesimde «welaýat,» diýen sözi aýyrmaly;

ikinji tesimde «, ses berilýän jaýda» diýen sözleri aýyrmaly we «Welaýat, uçastok» diýen sözleri «Uçastok» diýen söze çalşyrmaly;

24) 86-njy maddanyň ikinji böleginde «Milli Geňeşiniň palatalary» diýen sözleri «Mejlisi» diýen söze çalşyrmaly, «, Halk Maslahatynyň agzalarynyň,» diýen sözleri aýyrmaly.

.

.

.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 16-njy marty.

 

 

 

 

10. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

 

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 25-nji madda; 2014 ý., № 3, 116-njy madda; 2016 ý., № 4, 145-nji madda; 2017 ý., № 1, 6-njy madda, № 4, 180-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 112-nji madda; 2020 ý., № 4, 88-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; 2023 ý., №1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) giriş bölekde, 1-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «welaýat hukukly» diýen sözlerden soň «we döwlet ähmiýetli» diýen sözleri goşmaly;

2) 3-nji maddanyň ikinji böleginde «haýsy millete degişlidigine» we «syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine» diýen sözleri degişlilikde «milletine» we «syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 4-nji maddada:

birinji bölegiň soňky tesiminde «Dolandyryş-çäk gurluşyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we şu Kodeksde bellenilen ýagdaýlarda, şeýle hem dolandyryş-çäk bölünişiginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölekde «Merkezi topar» diýen sözleri «merkezi topar» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy bölekde «ýagdaý» diýen sözi «we harby ýagdaýlar düzgüni hereket edýän» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 5-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, innowasion sanly tehnologiýalar ulanylyp bilner, bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.»;

5) 6-njy maddanyň dördünji böleginiň soňky tesiminde «welaýat hukukly şäher saýlaw toparlarynda (mundan beýläk – welaýat saýlaw topary)» diýen sözleri «welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynda (mundan beýläk – welaýat saýlaw topary), ýerli sala salşygynda bolsa – degişli etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 18-nji maddada:

altynjy bölekde «adamyň» diýen sözi «adam» diýen söze çalşyrmaly;

dokuzynjy bölekde «welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparynyň düzümine diňe bir wekil, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň, uçastok saýlaw toparynyň düzümine bolsa,» diýen sözleri aýyrmaly;

7) 19-njy maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminde «toparlary» diýen sözi «toparlarynyň ýerine ýetirilmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 31-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «işgärleriniň wezipe sanawy» diýen sözleri «gurluşy we işgär sany» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) III babyň adynda «okrug» diýen sözden soň «etrapdaky şäher,» diýen sözleri goşmaly;

10) 32-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Welaýat, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.»;

11) 33-nji maddanyň sekizinji bendinde «okrug» diýen sözden soň «, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik» diýen sözleri goşmaly;

12) 34-nji maddanyň 18-nji bendinde «, Geňeşiň» diýen sözi aýyrmaly;

13) 36-njy maddanyň 9-njy bendinde «dalaşgärleri» diýen sözden soň «, ýerli sala salşygynda milli synçylary» diýen sözleri goşmaly;

14) 40-njy maddanyň üçünji böleginde «uçastok saýlaw toparynyň» diýen sözleri «saýlaw uçastogynyň merkeziniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 41-nji maddanyň üçünji böleginde «harby gullukçy saýlawçylaryň» diýen sözleri «harby gullukçy saýlawçylar» diýen sözlere çalşyrmaly;

16) 43-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Uçastok saýlaw toparynyň başlygy raýatlaryň saýlawçylaryň sanawyna girizilýän şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün edýär.»;

17) 48-nji maddada:

ikinji bölekde «karar» diýen sözden soň «gurultaýlaryň,» diýen sözi goşmaly;

altynjy bölekde «düzümine girýän» diýen sözlerden soň «bolsa, bellige alnan pursadyndan başlap onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar» diýen sözleri goşmaly;

18) 61-nji maddanyň üçünji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Maglumatlarda dalaşgäri hödürlän syýasy partiýa, raýatlar topary görkezilmelidir.»;

19) 66-njy maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde syýasy partiýalara, dalaşgärlere, teklipçi toparlara saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary berýärler, bu çäreler geçirilýän wagtynda howpsuzlygy üpjün edýärler.»;

20) 70-nji maddanyň bäşinji böleginde «saýlaw uçastogynyň» diýen sözleri «uçastok saýlaw toparynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

21) 72-nji maddada:

ikinji bölekde «synçylardan,» diýen sözden soň «dalaşgärlerden,» diýen sözi goşmaly;

bäşinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty arkaly halk köpçüligine görkezilip bilner.»;

22) 76-njy maddanyň dördünji böleginde «sala salşygynyň» diýen sözlerden soň «jemini jemleýär we» diýen sözleri goşmaly;

23) 82-nji maddanyň mazmunynda «ygtyýarlylyklaryny» diýen sözi «ygtyýarlyklaryny» diýen söze çalşyrmaly;

24) XV bölümiň adynda, 87-nji maddanyň adynda, birinji we ikinji böleklerinde «gurluşyň» diýen sözi «bölünişiginiň» diýen söze çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri. 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY

(rejelenen görnüşi)

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda