TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW KODEKSI
Şu Kodeks Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlarda we sala salşyklarda öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýär.
(Giriş bölek 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
I bölüm. Umumy düzgünler
1-nji madda. Saýlaw ulgamynyň esaslary
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis) deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher (mundan beýläk – welaýat), etrap, etrap hukukly şäher (mundan beýläk – etrap, şäher) halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär.
Saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.
3. Sala salşyk (halkyň ses bermegi) – munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek arkaly döwlet häkimiýetini amala aşyrmaga gös-göni gatnaşmagynyň bir görnüşidir.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner.
4. Saýlaw we sala salşyk möwsümi (mundan beýläk – saýlaw möwsümi) Türkmenistanyň Prezidentligine, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri we sala salşyklara meseleleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
2-nji madda. Saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kodeksde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň ýörelgeleri
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar ählumumydyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr.
2. Türkmenistanyň raýatlarynyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, olaryň saýlamaga, saýlanmaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukuklaryny (mundan beýläk – saýlaw hukugy) göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär.
3. Saýlawlara we sala salşyklara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
4. Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara we sala salşyklara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň ýa-da sala salşyga gatnaşyjynyň (mundan beýläk – saýlawçy) bir sesi bardyr.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary göni saýlawlardyr, olar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar.
Türkmenistanyň raýatlary sala salşyga çykarylan meseläniň (meseleleriň) tarapyna ýa-da onuň (olaryň) garşysyna gös-göni ses berýärler.
6. Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy erkin we meýletindir.
7. Saýlawlarda we sala salşykda ses bermek (mundan beýläk – ses bermek) gizlindir. Saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
4-nji madda. Saýlawlary we sala salşyklary bellemek
1. Saýlawlar Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç aý galanda Mejlis tarapyndan bellenilýär.
Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we şu Kodeksde bellenilen ýagdaýlarda, şeýle hem dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy, şeýle hem Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda, olaryň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner.
2. Ählihalk sala salşygyny geçirmek barada karary kabul etmek hukugy Mejlise degişlidir.
Ýerli sala salşygyny geçirmek barada karary kabul etmek hukugy degişli Geňeşe degişlidir.
3. Ählihalk sala salşygyny geçirmegiň senesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýerli sala salşygy geçirmegiň senesi degişli Geňeş tarapyndan bellenilýär.
4. Saýlawlary we sala salşygy bellemek hakyndaky karar kabul edilen gününden beýläk bäş günden gijä goýman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilmäge degişlidir.
5. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar (mundan beýläk - Merkezi saýlaw topary) saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakynda saýlawlar ýa-da ählihalk sala salşyk gününe çenli azyndan ýetmiş gün galanda yglan edýär. Bu habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
6. Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary we harby ýagdaýlar düzgüni hereket edýän döwründe geçirilmeýär.
(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
5-nji madda. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmegi üpjün etmek
1. Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmegi we olary geçirmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän saýlaw we sala salşyk toparlary (mundan beýläk – saýlaw toparlary) üpjün edýärler.
2. Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde saýlaw toparlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimiýet edaralaryndan we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan garaşsyzdyrlar.
3. Saýlaw toparlarynyň işine döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň, şeýle hem wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň gatyşmagyna ýol berilmeýär.
4. Saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, innowasion sanly tehnologiýalar ulanylyp bilner, bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
6-njy madda. Saýlaw we sala salşyk işleriniň aýanlygy
1. Saýlaw toparlary saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmek we olary geçirmek işlerini açyk we aýan amala aşyrýarlar.
Saýlaw toparlary öz düzümi, ýerleşýän ýeri we geçirýän işleri hakynda, bellige alnan dalaşgärler, olaryň terjimehalyna degişli maglumatlar we sala salşyga girizilen meseleler, her bir dalaşgär ýa-da sala salşyga girizilen meseleler üçin ses bermegiň netijeleri hem-de saýlawlaryň we sala salşygyň jemleri hakynda ilaty habarly edýärler.
2. Saýlawlara we sala salşyga syn etmegi dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar, daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň synçylary (mundan beýläk – daşary ýurt (halkara) synçylary) amala aşyryp bilerler.
3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw we teklipçi toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.
4. Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.
Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda amala aşyrýarlar.
Milli synçy bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy gatnaşsa ol ygtyýarlydyr.
Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçyny belläp bilerler, ol baradaky maglumaty degişli saýlaw toparyna berýärler.
Milli synçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, ählihalk sala salşygynda – Merkezi saýlaw toparynda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda - degişli welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynda (mundan beýläk – welaýat saýlaw topary), ýerli sala salşygynda bolsa – degişli etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparynda bellige alynýar. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.
5. Daşary ýurt (halkara) synçylar saýlawlaryň, sala salşygyň bellenilen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti, Merkezi saýlaw topary tarapyndan çagyrylyp bilner.
Daşary ýurt (halkara) synçylaryny resmi taýdan bellige almak çakylyk haty bar bolan halatynda Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw topary daşary ýurt (halkara) synçysyna bellenilen nusgadaky şahsyýetnamany berýär.
Olaryň işi şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär.
Saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, wezipeli adamlar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt (halkara) synçysyna zerur bolan ýardamy berýärler.
Daşary ýurt (halkara) synçysy öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýar. Onuň işi bilen bagly çykdajylary daşary ýurt (halkara) synçysynyň özi ýa-da ony iberen tarap çekýär.
Daşary ýurt (halkara) synçylarynyň saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine syn etmek bilen baglanyşykly bolmadyk işleri amala aşyrmaga hukuklary ýokdur.
6. Synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň ýa-da sala salşygyň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.
7. Synçylar, dalaşgärleriň ynanylan adamlary:
1) syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlaryň toparlarynyň wekilleri, dalaşgärler, synçylar, saýlawçylar bilen duşuşmaga;
2) saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine, Türkmenistanyň saýlaw we sala salşyk hakyndaky kanunçylygynyň (mundan beýläk – Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygy) berjaý edilişine syn etmäge;
3) Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygy, saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görlüşi we olaryň geçirilişi barada öz pikirini aýtmaga;
4) saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri we dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynda bolmaga;
5) saýlawçylaryň we sala salşyga gatnaşyjylaryň sanawynyň (mundan beýläk – saýlawçylaryň sanawy) düzülişine syn etmäge hem-de sanaw bilen tanyşmaga;
6) saýlaw toparlarynyň mejlislerinde bolmaga;
7) saýlaw gutulary möhürlenilende bolmaga, öňünden ses berlişine, ses berilýän jaýdan daşarda ses berlişine, saýlawlar we sala salşyk güni saýlaw uçastogynda ses berlişine syn etmäge;
8) saýlaw we sala salşyk býulletenleriniň (mundan beýläk –saýlaw býulleteni) berlişine syn etmäge;
9) sesleriň sanalyşynda doldurylan ýa-da doldurylmadyk islendik saýlaw býulletenine, şeýle hem saýlaw topary tarapyndan ses bermegiň jemleri hakyndaky teswirnamanyň we beýleki resminamalaryň düzülişine syn etmäge;
10) sesleriň, berlen saýlaw býulletenleriniň, hakyky däl diýlip hasap edilen saýlaw býulletenleriň, ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleriň sanalyşyna syn etmäge;
11) saýlaw toparlarynyň ses bermegiň jemleri baradaky teswirnamalary we ol teswirnamalara goşulan resminamalar bilen tanyşmaga hukuklydyrlar.
8. Synçylaryň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň:
1) saýlaw býulletenini bermäge;
2) saýlawçylaryň ýerine saýlaw býulletenini doldurmaga;
3) ses bermegiň gizlinligini bozýan hereketleri etmäge;
4) saýlaw býulletenleriniň sanalyşyna gatnaşmaga;
5) saýlaw toparlarynyň işine päsgel berýän hereketleri etmäge hukugy ýokdur.
Synçylaryň saýlawlaryň we sala salşyklaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini (mundan beýläk – wagyz işleri) geçirmäge hem hukuklary ýokdur.
9. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça mejlislere we ýygnaklara, saýlaw toparlarynyň mejlislerine, dalaşgärler hödürlemek boýunça syýasy partiýalaryň mejlislerine, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklaryna, sala salşygy geçirmegi teklip edýän teklipçi toparlaryň ýygnaklaryna, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryna, ses bermäge başlanylmazdan ozal saýlaw gutulary möhürlenende, ses bermegiň barşynda, saýlaw uçastogynda sesler sanalanda, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri takyklanylanda hem-de saýlawlaryň ýa-da sala salşygyň umumy jemi jemlenilende bolmaga hukuklydyrlar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Merkezi saýlaw toparynda bellige alynýar. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görlüşiniň we olaryň geçirilişiniň barşyny beýan edýärler. Saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri olara saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri baradaky maglumatlary berýärler.
10. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň gidişini beýan etmek ygtyýarlyklary Merkezi saýlaw toparynda resmi taýdan bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň we sala salşygyň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.
Merkezi saýlaw topary daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiline bellenilen nusgadaky şahsyýetnamany berýär.
Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işi şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär.
11. Şu Kodeksiň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň synçy, dalaşgärleriň ynanylan adamlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili tarapyndan bozulan halatynda degişli saýlaw topary onuň resmi taýdan bellige alynmagyny ýatyryp biler.
12. Synçylary, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellemegiň we bellige almagyň tertibini Merkezi saýlaw topary belleýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
II bölüm. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri
7-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukugy
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukugy - munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak hukugydyr.
8-nji madda. Saýlaw hukugyny durmuşa geçirmek
1. Saýlaw hukugyny durmuşa geçirmek giň demokratik esasda erkin we adalatly saýlawlary we sala salşyklary geçirmek arkaly üpjün edilýär.
2. Döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlar hökmanydyr hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunçylygynda bellenilen möhletlerde geçirilýär.
3. Döwlet raýatlaryň erkini beýan etmeginiň esasynda hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyny we umumy ykrar edilen halkara kadalary berjaý etmek bilen döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlaryň yzygiderli geçirilmegini kepillendirýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
9-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri raýatlaryň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen guramaçylyk, hukuk we gaýry çärelerdir.
10-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw
hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamy
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamyny kanunçylyk, hukuk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepillikleri düzýär.
11-nji madda. Kanunçylyk kepillikleri
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks we saýlaw işine, sala salşyga gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän we Türkmenistanda saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kepillendirilýär.
12-nji madda. Hukuk kepillikleri
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň hukuk kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen raýatlaryň öz erkini, olaryň saýlaw hukuklarynyň goragyny, şol sanda kazyýet goragyny, saýlawly edaralara dalaşgärleriň şahsy eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça raýatlaryň saýlawlara we sala salşyklara netijeli gatnaşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelerdir.
13-nji madda. Ykdysady kepillikler
1. Döwlet saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak arkaly raýatlaryň saýlawlara we sala salşyga gatnaşmagy üçin deň ykdysady we maliýe mümkinçilikleriň berilmegini kepillendirýär.
2. Saýlaw işlerine we sala salşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde olaryň öz hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly ýeňillikler we çykdajylaryň öwezini dolmak kepillendirilýär.
14-nji madda. Guramaçylyk kepillikleri
Guramaçylyk kepillikleri saýlaw okruglaryny, saýlaw we sala salşyk uçastoklaryny (mundan beýläk – saýlaw uçastoklary), saýlaw toparlaryny döretmek we olaryň işini üpjün etmek, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek, dalaşgärleri, sala salşygyň meselelerini, synçylary, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellige almak, wagyz işlerini geçirmek, ses bermegi guramak we ses bermegiň jemlerini jemlemek boýunça saýlaw toparlary, döwlet edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan amala aşyrylýan çärelerden, şeýle hem saýlawlary we sala salşyklary guramak bilen baglanyşykly gaýry işlerden ybaratdyr.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
15-nji madda. Habar kepillikleri
1. Saýlaw işleri we sala salşyk aýanlyk we raýatlaryň giňden habarly edilmegi esasynda amala aşyrylýar.
2. Saýlawlaryň we sala salşyklaryň maglumat üpjünçiligi raýatlaryň öz erkini düşünjeli beýan etmegine, saýlawlaryň we sala salşyklaryň aýanlygyna ýardam etjek saýlawçylaryň habarly edilmegini we wagyz işleriniň geçirilmegini öz içine alýar.
3. Saýlaw işiniň we sala salşygyň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär.
4. Türkmenistanyň raýatlaryna saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň meseleleri boýunça habar almak we ýaýratmak hukugy kepillendirilýär.
Şu maksat bilen saýlaw toparlary, döwlet edaralary, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we habar ýetirmegiň beýleki umumy elýeter usullaryny peýdalanmak hukugyna eýedirler.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
16-njy madda. Halkara kadalaryny berjaý etmek
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolmak bilen, saýlawlar we sala salşyklar guralanda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar.
III bölüm. Saýlaw toparlary
I bap. Umumy düzgünler
17-nji madda. Saýlaw toparlarynyň ulgamy
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi şu aşakdaky saýlaw toparlary guraýarlar:
1) Merkezi saýlaw topary;
2) welaýatlaryň saýlaw toparlary;
3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlary (mundan beýläk – etrap, şäher saýlaw toparlary);
4) okrug saýlaw toparlary;
5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;
6) uçastok saýlaw toparlary.
2. Saýlaw toparlary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
18-nji madda. Saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleriň hödürlenilmegi
1. Saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, olaryň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
2. Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller şu Kodeksiň 22-nji maddasyna laýyklykda hödürlenilýär.
3. Welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
4. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlarynyň, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
5. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ýüzüsi, etrabyň, şäheriň, okrugyň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparynyň düzümine - şol etrabyň, şäheriň, okrugyň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi, uçastok saýlaw toparynyň düzümine bolsa şol saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan ýa-da işleýän saýlawçylaryň azyndan otuzysy gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär.
6. Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlenilýän mejlise, ýygnaga gatnaşýan her bir adam hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga, olary oňlamaga ýa-da ret etmäge, saýlaw toparynyň düzümine hut özüni hem ara alnyp maslahatlaşmak üçin hödürlemäge haklydyr.
7. Eger syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň degişli guramasynyň mejlisine, ýygnagyna gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi ýa-da raýatlaryň toparlarynyň ýygnagyna gatnaşyjylaryň ýarysyndan köpüsi saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, onda ol hödürlenilen diýlip hasap edilýär.
8. Ses bermegiň tertibi we ýygnagyň alnyp barlyşynyň beýleki meseleleri mejlise, ýygnaga gatnaşyjylar tarapyndan kesgitlenilýär.
9. Saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlenilýän mejlisde we ýygnakda üç wekil hödürlenilip bilner.
10. Saýlaw toparlarynyň düzümini düzmegiň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
19-njy madda. Saýlaw toparlarynyň işini guramak
1. Saýlaw toparynyň başlygy, başlygynyň orunbasary we kätibi degişli toparyň birinji mejlisinde saýlanylýar, bu baradaky habar ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
2. Saýlaw toparynyň birinji mejlisini toparyň iň ýaşuly agzasy açýar we toparyň başlygy saýlanylýança mejlisi alyp barýar.
3. Saýlaw toparynyň mejlisine toparyň düzüminiň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr. Toparyň karary açyk ses bermek arkaly toparyň düzüminiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Toparyň karary bilen ylalaşmaýan agzalaryň aýratyn pikirini aýtmaga haky bardyr, ol ýazmaça görnüşde teswirnamanyň ýanyna goşulýar. Saýlaw toparynyň agzasynyň aýratyn pikirine ýokarda durýan saýlaw topary tarapyndan seredilýär.
4. Saýlaw toparynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kabul eden kararlary döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň ýerine ýetirmekleri üçin hökmanydyr.
Ýokarda durýan saýlaw toparynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul eden kararlary aşakda durýan saýlaw toparlarynyň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.
5. Saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinden çykyp kabul eden kararlary ýokarda durýan saýlaw topary ýa-da kazyýet tarapyndan ýatyrylyp bilner.
6. Saýlaw toparynyň karary boýunça onuň agzalarynyň biri saýlawlara taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda esasy iş ýerinde önümçilik ýa-da gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekden welaýatyň, etrabyň, şäheriň, okrugyň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparynyň agzasy iki aýa çenli, uçastok saýlaw toparynyň agzasy bolsa bir aýa çenli möhlet bilen boşadylyp bilner.
Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen ýagdaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, esasy iş ýerinde önümçilik ýa-da gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekden wagtlaýyn boşadylan saýlaw toparynyň agzasynyň iş ýeri (wezipesi) we ortaça zähmet haky saklanýar.
7. Saýlaw toparynyň düzümine girýänleriň islendigi toparyň düzüminden onuň özüniň arzasy boýunça ýa-da saýlaw toparyndaky ygtyýarlyklarynyň ýatyrylmagy, şeýle hem şu Kodeksiň 48-nji we 52-nji maddalarynda görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen boşadylýar.
Saýlaw toparynyň düzümine girýän adamyň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak saýlaw toparyny döreden topar tarapyndan amala aşyrylýar.
Şu Kodeksiň düzgünleriniň bozulmagy ýa-da üstüne ýüklenen wezipelerini yzygiderli ýerine ýetirmezligi saýlaw toparynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak üçin esas bolup durýar. Ygtyýarlyklary ýatyrmak baradaky karar kazyýete şikaýat edilip bilner.
8. Saýlaw toparynyň täze başlygy, başlygynyň orunbasary ýa-da kätibi toparyň mejlisinde saýlanylýar.
9. Saýlaw toparynyň düzümine täze wekil hödürlemek şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýär.
10. Saýlaw toparlarynyň agzalaryna bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
20-nji madda. Saýlaw toparlarynyň iş şertleriniň üpjün edilmegi
Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, edaralar, guramalar, kärhanalar we wezipeli adamlar saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna ýardam etmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň işi üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary, ulagy we saýlawlar we sala salşyk bilen baglanyşykly maglumatlary muzdsuz bermäge, saýlaw toparlarynyň öňde goýan meselelerine seretmäge we oňa üç günden gijä goýman jogap bermäge borçludyrlar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
II bap. Merkezi saýlaw topary
21-nji madda. Merkezi saýlaw topary
1. Merkezi saýlaw topary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi guraýar.
2. Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
3. Merkezi saýlaw topary ýuridik şahsdyr.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
22-nji madda. Merkezi saýlaw toparyny döretmek
1. Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýatlarynyň hataryndan başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we on iki agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mejlis tarapyndan tassyklanylýar.
2. Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýär.
3. Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň syýasy partiýalaryň hataryndaky agzalygy şol döwürde wagtlaýyn togtadylýar. Bu kada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärlerine hem degişlidir.
4. Merkezi saýlaw toparynyň agzasy saýlawly edara dalaşgär görkezilende ýa-da dalaşgäriň ynanylan adamy edilip bellenilende, ol dalaşgär ýa-da ynanylan adam edilip bellige alnan pursadyndan başlap onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
23-nji madda. Merkezi saýlaw toparynyň işiniň görnüşi
1. Merkezi saýlaw toparynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar.
2. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi onuň ygtyýarlygyna degişli meseleleri erkin, açyk ara alyp maslahatlaşmak esasynda geçirilýär.
24-nji madda. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisini çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi
1. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi onuň başlygy tarapyndan çagyrylýar, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň başlygy onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýarysyndan köpüsiniň talap etmegi bilen mejlisi çagyrmaga borçludyr.
2. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisine onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr.
3. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisine onuň özüniň bellän tertibinde döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem beýleki adamlar çagyrylyp bilner.
4. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi hakyndaky habar ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
25-nji madda. Merkezi saýlaw toparynyň kararlary
1. Merkezi saýlaw toparynyň kararlary açyk ses bermek arkaly sesleriň köplügi esasynda kabul edilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň kararlarynyň Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
2. Merkezi saýlaw toparynyň kararlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
3. Merkezi saýlaw toparynyň kararlary döwlet bellige alnyşyna degişli däldir.
4. Merkezi saýlaw toparynyň kararlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine şikaýat edilip bilner.
26-njy madda. Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary
Merkezi saýlaw topary:
1) saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine, saýlaw toparlarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär;
2) Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynyň birmeňzeş ulanylmagyny üpjün edýär;
3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kararlary kabul edýär;
4) saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri boýunça düşündirişleri berýär, gollanmalar çykarýar hem-de okuw maslahatlaryny geçirýär;
5) saýlaw býulleteniniň, saýlawçylaryň sanawlarynyň, saýlaw toparlarynyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň, beýleki saýlaw we sala salşyk resminamalarynyň (mundan beýläk – saýlaw resminamalary), saýlaw toparlarynyň möhürleriniň, saýlaw gutularynyň, ses bermek üçin kabinalaryň nusgalaryny tassyklaýar, saýlaw toparlarynyň möhürleriniň taýýarlanylmagyny üpjün edýär we saýlaw resminamalaryny saklamagyň tertibini belleýär;
6) saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek üçin çykdajylaryň sanawyny düzýär we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;
7) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp, saýlawlary we sala salşyklary maliýeleşdirmegiň tertibini belleýär;
8) saýlaw toparlarynyň jaýlar, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegini, hukuk, usulyýet we maglumatlar üpjünçiligini guraýar, saýlaw toparlarynyň zerur maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edilişine gözegçilik edýär;
9) Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglaryny olaryň serhetlerini we merkezlerini görkezmek bilen döredýär we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirýär;
10) welaýatlaryň saýlaw toparlaryny, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda okrug saýlaw toparlaryny döredýär, olaryň düzümine üýtgetmeler girizýär;
11) Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri hödürlemek boýunça teklipçi toparlary bellige alýar;
12) ählihalk sala salşygyna hödürlenilýän meseläni hem-de ony geçirmek baradaky teklipçi topary bellige alýar;
13) teklipçi toparlary raýatlaryň gol çekýän kagyzçalarynyň blanklary bilen üpjün edýär;
14) Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri we olaryň ynanylan adamlaryny bellige alýar we olara şahsyýetnama gowşurýar;
15) Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärler hakyndaky habary ilatyň dykgatyna ýetirýär, dalaşgärleriň terjimehalyna degişli maglumatlar bilen saýlawçylaryň tanşyp bilmekleri üçin ündewsuratlarynyň taýýarlanylmagyny üpjün edýär;
16) Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, ählihalk sala salşygynda saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklaýar we saýlaw býulletenleriniň taýýarlanylmagyny üpjün edýär;
17) Türkmenistanyň Prezidentligine, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň we teklipçi toparlaryň saýlawlar möwsümine deň şertlerde gatnaşyp bilmeklerini, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde deň şertlerde çykyş etmek mümkinçiliklerini üpjün edýär;
18) saýlaw toparlarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň saýlawlara we sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly habarlaryny diňleýär;
19) Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, ählihalk sala salşygynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär we olaryň geçirilmegini guraýar;
20) saýlawlary gaýtadan geçirmegi guraýar;
21) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň, ählihalk sala salşygynyň netijelerini takyklaýar;
22) Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentini, Mejlisiň saýlanylan deputatlaryny bellige alýar we olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar, ählihalk sala salşyklarynda kabul edilen çözgütleri bellige alýar;
23) Türkmenistan boýunça saýlawlaryň we sala salşyklaryň jemini jemleýär, saýlawlaryň we sala salşyklaryň jemleriniň, saýlanylanlar baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegini üpjün edýär;
24) saýlaw toparlarynyň kararlary we hereketleri baradaky arzalara we şikaýatlara seredýär;
25) Türkmenistanyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagynyň tertibini kesgitleýär;
26) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) (mundan beýläk – Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary) ýanynda ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryny döredýär we olary Türkmenistanyň çägindäki etrabyň ýa-da şäheriň saýlaw uçastoklarynyň düzümine girizýär;
27) saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmegiň barşy hakynda ilaty habarly edýär;
28) saýlawlar we sala salşyklar geçirilende daşary ýurt (halkara) synçylaryny, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bellige alýar, olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
29) saýlawlar we sala salşyklar bir wagtda geçirilende saýlawlar we sala salşyklar boýunça ýeke-täk saýlawçylaryň sanawlaryny, saýlaw toparlaryny, saýlaw uçastoklaryny kesgitleýär;
30) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
31) saýlawlary we sala salşyklary guramaçylyk, hukuk we tehniki taýdan üpjün etmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda iş toparlaryny döredýär;
32) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
27-nji madda. Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň ygtyýarlyklary
1. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy:
1) Merkezi saýlaw toparyna we onuň edarasyna ýolbaşçylyk edýär;
2) Merkezi saýlaw toparynyň mejlislerinde başlyklyk edýär;
3) Merkezi saýlaw toparynyň kararlaryna we onuň mejlisleriniň teswirnamalaryna gol çekýär;
4) Merkezi saýlaw toparynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi guraýar;
5) Merkezi saýlaw toparyna Türkmenistanyň Döwlet býujetinden bölünip berilýän maliýe serişdelerine ygtyýar edýär;
6) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
2. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy gündelik meseleleri çözmek üçin buýruklar çykarýar.
28-nji madda. Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary
Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary:
1) saýlawlary we sala salşyklary geçirmek, saýlaw toparlaryny döretmek we olaryň işini guramak bilen baglanyşykly işleri utgaşdyrýar;
2) saýlawlary we sala salşyklary geçirmek üçin bölünip berlen maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçiligi guraýar;
3) Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýär;
4) Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ýok mahalynda ýa-da ol öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik mahalynda Merkezi saýlaw toparynyň karary esasynda ýa-da başlygyň tabşyrmagy boýunça onuň wezipesini ýerine ýetirýär;
5) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we Merkezi saýlaw toparynda borçlaryň paýlanyşyna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
29-njy madda. Merkezi saýlaw toparynyň kätibiniň ygtyýarlyklary
Merkezi saýlaw toparynyň kätibi:
1) Merkezi saýlaw toparynyň mejlislerine taýýarlyk görmegi guraýar;
2) Merkezi saýlaw toparynyň işiniň meýilnamalaryny düzmegi guraýar, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
3) Merkezi saýlaw toparynyň kararlaryny we beýleki maglumatlaryny Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň, saýlaw toparlarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, degişli edaralaryň we guramalaryň, wezipeli adamlaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dykgatyna ýetirýär;
4) Merkezi saýlaw toparynyň mejlisleriniň teswirnamalaryna gol çekýär;
5) Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýär;
6) Merkezi saýlaw toparynda borçlaryň paýlanyşyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
30-njy madda. Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň hukuklary we borçlary
1. Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň:
1) Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde çykyş etmäge, Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça teklipler girizmäge;
2) Merkezi saýlaw toparynyň, aşakda durýan saýlaw toparlarynyň saýlawlara we sala salşyklara degişli resminamalary we maglumatlary bilen tanyşmaga;
3) Merkezi saýlaw toparynyň degişli meseleler boýunça kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge;
4) Merkezi saýlaw toparynyň kararlaryna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmaga hukugy bardyr.
2. Merkezi saýlaw toparynyň agzasy:
1) Merkezi saýlaw toparynyň kararlaryna laýyklykda Merkezi saýlaw toparynyň seretmegine girizilýän meseleleriň taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;
2) Merkezi saýlaw toparynyň mejlislerine gatnaşmaga;
3) Merkezi saýlaw toparynyň, onuň başlygynyň, başlygyň orunbasarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda, Merkezi saýlaw toparynyň kararlarynda bellenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmäge borçludyr.
31-nji madda. Merkezi saýlaw toparynyň işiniň üpjünçiligi
1. Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk, tehniki, maglumat üpjünçiligi onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň gurluşy we işgär sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işi ol hakyndaky Düzgünnama laýyklykda guralýar. Merkezi saýlaw toparynyň edarasy hakynda Düzgünnama Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylýar.
3. Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işiniň maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
III bap. Welaýat, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik, uçastok saýlaw toparlary
(III babyň ady 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
32-nji madda. Saýlaw toparlaryny döretmek
1. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–13 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat saýlaw topary tarapyndan 11–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda okrug saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary degişli etrabyň, şäheriň saýlaw topary tarapyndan 7–11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde döredilip bilner.
2. Saýlaw toparynyň düzümi ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
3. Welaýat, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
33-nji madda. Welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary
Welaýat saýlaw topary:
1) şu Kodeksiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görülmegini we olaryň geçirilmegini üpjün edýär;
2) welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglaryny döredýär;
3) etrap, şäher saýlaw toparlaryny döredýär, olaryň düzümine üýtgetmeler girizýär, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň, uçastok saýlaw toparlarynyň işlerini utgaşdyrýar;
4) saýlaw toparlaryny jaýlar, ulag, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge ýardam berýär, saýlawlaryň we sala salşygyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine degişli beýleki meselelere seredýär;
5) saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çykdajylaryň sanawyny Merkezi saýlaw toparyna berýär;
6) degişli saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we olary geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly habarlaryny diňleýär;
7) welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklaýar;
8) saýlaw býulletenlerini taýýarlamakda etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlaryna ýardam berýär, saýlaw resminamalarynyň blanklarynyň taýýarlanylmagyny we saýlaw toparlarynyň şolar bilen üpjün edilmegini guraýar;
9) welaýat halk maslahatynyň agzalygyna hödürlenilen dalaşgärleri bellige alýar, olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar, bellige alnan dalaşgärler, ählihalk sala salşygyna hödürlenip bellige alnan meseleler hakynda habary ilatyň dykgatyna ýetirýär, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň terjimehalyna, sala salşyga degişli maglumatlar bilen saýlawçylaryň tanşyp bilmeklerini üpjün edýär;
10) dalaşgärleriň saýlaw möwsümine deň şertlerde gatnaşyp bilmeklerini üpjün edýär;
11) welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige alýar we olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
12) welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlawlaryň netijelerini takyklaýar;
13) welaýat halk maslahatyna saýlanan agzalara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
14) welaýat boýunça saýlawlaryň, ählihalk sala salşygynyň jemini jemleýär, saýlawlaryň, ählihalk sala salşygynyň jeminiň, welaýat halk maslahatyna saýlanan agzalaryň sanawynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegini guraýar;
15) welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
16) welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlary geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
17) welaýat halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegini guraýar;
18) aşakda durýan saýlaw toparlarynyň kararlary we hereketleri baradaky arzalara we şikaýatlara seredýär;
19) saýlaw resminamalarynyň bellenilen tertipde saklanylmagyny üpjün edýär;
20) şu Kodeksde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
34-nji madda. Etrap, şäher saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary
Etrap, şäher saýlaw topary:
1) şu Kodeksiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, saýlawlara, sala salşyklara taýýarlyk görülmegini we olaryň geçirilmegini üpjün edýär;
2) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglaryny döredýär;
3) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň saýlaw toparlaryny, saýlaw uçastoklaryny we uçastok saýlaw toparlaryny döredýär, olaryň düzümine üýtgetmeler girizýär we işini utgaşdyrýar;
4) saýlaw toparlaryny jaýlar, ulag, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge ýardam berýär, saýlawlaryň, sala salşygyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine degişli beýleki meselelere seredýär;
5) saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we olary geçirmek üçin çykdajylaryň sanawyny welaýat saýlaw toparyna berýär;
6) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklaýar, saýlaw resminamalarynyň blanklary, saýlaw býulletenleri bilen uçastok saýlaw toparlarynyň üpjün edilmegini guraýar;
7) degişli saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we olary geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly habarlaryny diňleýär;
8) saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişine we olaryň ilatyň dykgatyna ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
9) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna hödürlenilen dalaşgärleri bellige alýar, olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar, bellige alnan dalaşgärler, ählihalk sala salşygyna hödürlenilip bellige alnan meseleler hakynda habary ilatyň dykgatyna ýetirýär, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň terjimehalyna, sala salşyga degişli maglumatlar bilen saýlawçylaryň tanşyp bilmeklerini üpjün edýär;
10) dalaşgärleriň saýlaw möwsümine deň şertlerde gatnaşyp bilmeklerini üpjün edýär;
11) etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige alýar we olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
12) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guramaga ýardam berýär;
13) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlawlaryň netijelerini takyklaýar;
14) etrap, şäher halk maslahatyna saýlanan agzalara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
15) etrap, şäher boýunça saýlawlaryň, ählihalk sala salşygynyň jemini jemleýär, saýlawlaryň jeminiň we etrap, şäher halk maslahatyna saýlanan agzalaryň sanawynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegini guraýar;
16) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
17) etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlary geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
18) etrap, şäher halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegini guraýar;
19) aşakda durýan saýlaw toparlarynyň kararlary we hereketleri baradaky arzalara we şikaýatlara seredýär;
20) saýlaw resminamalarynyň bellenilen tertipde saklanylmagyny üpjün edýär;
21) şu Kodeksde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
35-nji madda. Okrug saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary
Okrug saýlaw topary:
1) şu Kodeksiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, saýlawlara taýýarlyk görülmegini we olaryň geçirilmegini üpjün edýär;
2) Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlaw okrugy boýunça saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklaýar, saýlaw býulletenleriniň, saýlaw resminamalarynyň blanklarynyň taýýarlanylmagyny hem-de şolar bilen uçastok saýlaw toparlarynyň üpjün edilmegini guraýar;
3) degişli saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly habarlaryny diňleýär;
4) saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişine we olaryň ilatyň dykgatyna ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
5) Mejlisiň deputatlygyna hödürlenilen dalaşgärleri bellige alýar, olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar, bellige alnan dalaşgärler hakynda habary ilatyň dykgatyna ýetirýär, dalaşgärleriň terjimehalyna degişli maglumatlar bilen saýlawçylaryň tanşyp bilmeklerini üpjün edýär;
6) Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawlar möwsümine deň şertlerde gatnaşyp bilmeklerini üpjün edýär;
7) Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige alýar we olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
8) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guramaga ýardam berýär;
9) saýlaw okrugy boýunça saýlawlaryň netijelerini takyklaýar;
10) okrug boýunça saýlawlaryň jemini jemleýär, saýlawlaryň jeminiň we Mejlisiň saýlanylan deputaty barada maglumatyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegini guraýar;
11) Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
12) Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlaryň geçirilmegini guraýar;
13) Mejlisiň çykyp giden deputatynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegini guraýar;
14) saýlaw toparlarynyň kararlary we hereketleri baradaky arzalara we şikaýatlara seredýär;
15) şu Kodeksde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
36-njy madda. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary
Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary:
1) şu Kodeksiň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, saýlawlara, ýerli sala salşyga taýýarlyk görülmegini we olaryň geçirilmegini üpjün edýär;
2) Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglaryny döredýär;
3) uçastok saýlaw toparlarynyň işini utgaşdyrýar;
4) uçastok saýlaw toparlarynyň jaýlar, ulag, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegine ýardam berýär, saýlawlaryň, ýerli sala salşygyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine degişli beýleki meselelere seredýär;
5) ýerli sala salşygyna meseleleri hödürleýän teklipçi topary bellige alýar, teklipçi toparyň agzalaryna degişli şahsyýetnamalary berýär we bu topary gol çekilýän kagyzçalaryň blanklary bilen üpjün edýär;
6) ýerli sala salşygyna hödürlenilýän meseleleri şu Kodeksde bellenilen tertipde bellige alýar we bellige alnan meseleler hakynda habary ilatyň dykgatyna ýetirýär, raýatlaryň degişli maglumatlar bilen tanşyp bilmeklerini üpjün edýär;
7) uçastok saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň saýlawlara, ýerli sala salşyga taýýarlyk görmek we olary geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly habarlaryny diňleýär;
8) saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişine we olaryň ilatyň dykgatyna ýetirilişine gözegçilik edýär;
9) Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri, ýerli sala salşygynda milli synçylary bellige alýar, olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar, bellige alnan dalaşgärler hakynda habary ilatyň dykgatyna ýetirýär, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleriň terjimehalyna, ýerli sala salşyga degişli maglumatlar bilen saýlawçylaryň tanşyp bilmeklerini üpjün edýär;
10) dalaşgärleriň saýlawlar möwsümine deň şertlerde gatnaşyp bilmeklerini üpjün edýär;
11) Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige alýar we olara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
12) syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleriň we teklipçi toparlaryň agzalarynyň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guraýar;
13) Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlaw býulleteniniň, ýerli sala salşygynda saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklaýar, saýlaw býulletenleriniň, saýlaw resminamalarynyň blanklarynyň taýýarlanylmagyny we şolar bilen uçastok saýlaw toparlarynyň üpjün edilmegini guraýar;
14) Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda her saýlaw okrugy boýunça saýlawlaryň netijesini takyklaýar;
15) etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik boýunça saýlawlaryň, ýerli sala salşygyň jemini jemleýär, saýlawlaryň, ýerli sala salşygyň jemini we Geňeşe saýlanylan agzalaryň sanawyny ilatyň dykgatyna ýetirýär;
16) Geňeşe saýlanan agzalara degişli şahsyýetnamalary gowşurýar;
17) Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
18) Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda gaýtadan saýlawlary geçirmek hakynda karar kabul edýär we onuň geçirilmegini guraýar;
19) Geňeşiň çykyp giden agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegini guraýar;
20) uçastok saýlaw toparlarynyň kararlary we hereketleri baradaky arzalara we şikaýatlara seredýär;
21) saýlaw resminamalarynyň bellenilen tertipde saklanylmagyny üpjün edýär;
22) şu Kodeksde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
37-nji madda. Uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyklary
Uçastok saýlaw topary:
1) saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek güni, ses bermegiň nirede we haçan geçýändigi hakynda saýlawçylara habar berýär;
2) uçastok boýunça saýlawçylaryň sanawyny düzýär;
3) saýlawçylaryň sanawy bilen saýlawçylaryň tanyşdyrylmagyny guraýar, sanawdaky nätakyklyklar hakyndaky arzalary kabul edýär we olara seredýär, oňa degişli düzedişleri girizmek baradaky meseläni çözýär;
4) ses beriljek jaýyň we saýlaw gutularynyň taýýarlanylmagyny üpjün edýär;
5) saýlawlar, sala salşygyň güni saýlaw uçastogynda ses bermegi, şeýle hem öňünden ses bermegi, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi guraýar;
6) saýlaw uçastogynda sesleri sanaýar we saýlawlaryň, sala salşygyň jemini jemleýär;
7) saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we ses bermegi guramak meselelerine degişli arzalara we şikaýatlara seredýär;
8) şu Kodeksde bellenilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
IV bölüm. Saýlaw okruglary we uçastoklary
38-nji madda Saýlaw okruglaryny döretmek
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň çägi bir saýlaw okrugydyr.
2. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda Türkmenistanda saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 125 saýlaw okrugy döredilýär.
3. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 40 saýlaw okrugy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 20 saýlaw okrugy döredilýär.
4. Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 5-15 saýlaw okrugy döredilýär. Şunda 1000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 5-6, 1001-den 2000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 7-8, 2001-den 4000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 9-11, 4000-den köp saýlawçy bolan çäkde bolsa 12-15 saýlaw okrugy döredilýär. Saýlaw okruglarynyň sany bellenilen möçberleriň çäginde degişli Geňeş tarapyndan kesgitlenilýär.
5. Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir.
6. Saýlaw okruglary degişli saýlaw toparlary tarapyndan saýlawlara çenli azyndan ýetmiş gün galanda döredilýär. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlaw okruglarynyň atlary hem bellenilýär. Saýlaw okruglarynyň araçäkleri görkezilen sanaw ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
39-njy madda. Saýlaw uçastoklary
1. Saýlawlarda, sala salşykda ses bermegi geçirmek üçin şäheriň, şäherçäniň, obanyň çägi saýlaw uçastoklaryna bölünýär.
2. Saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip döredilýär. Saýlaw uçastoklary saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagyna amatly bolar ýaly tertipde döredilýär.
3. Harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda ýa-da administratiw mejbur ediş, ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy boýunça saýlaw uçastoklary döredilip bilner.
4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda hem saýlaw uçastoklary döredilip bilner. Olar Merkezi saýlaw toparynyň kesgitlän etrabynyň ýa-da şäheriniň saýlaw uçastoklarynyň düzümine girizilýär.
40-njy madda. Saýlaw uçastoklaryny döretmegiň tertibi
1. Saýlaw uçastoklary saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan kyrk bäş gün galanda döredilýär. Harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklary saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan bäş gün galanda hem döredilip bilner.
2. Saýlaw uçastoklary ýigrimiden iki müňe çenli saýlawçy sany bilen döredilýär, käbir halatlarda saýlawçy sany ýigrimiden az bolan saýlaw uçastoklary hem döredilip bilner.
3. Etrap, şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw topary saýlaw uçastogynyň merkeziniň we ses bermegiň geçiriljek jaýynyň ýerleşýän ýerini görkezmek bilen her bir saýlaw uçastogynyň araçägi hakyndaky habary ilatyň dykgatyna ýetirýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
V bölüm. Saýlawçylaryň sanawlary
41-nji madda. Saýlawçylaryň sanawlary we olary düzmegiň tertibi
1. Saýlawçylaryň sanawy her bir saýlaw uçastogy boýunça düzülýär we oňa uçastok saýlaw toparynyň başlygy bilen kätibi tarapyndan gol çekilýär. Uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek işine jemgyýetçilik wekillerini çekip biler.
Eger-de saýlaw uçastogynyň çäginde birden köp saýlaw okrugy ýerleşýän bolsa, onda saýlawçylaryň sanawy her bir saýlaw okrugy boýunça aýratynlykda düzülýär.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary saýlawçylaryň sanawyny düzmek üçin degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylar baradaky zerur maglumatlary uçastok saýlaw toparyna berýärler.
3. Harby bölümlerde bolýan harby gullukçy saýlawçylar, şeýle hem harby gullukçylaryň maşgala agzalary we beýleki saýlawçylar harby bölümleriň ýerleşýän çäginde ýaşaýan bolsalar, saýlawçylaryň sanawy harby bölümleriň serkerdeleriniň berýän maglumatlary esasynda düzülýär. Harby bölümleriň ýerleşýän çäginiň daşynda ýaşaýan harby gullukçylar saýlawçylaryň sanawyna ýaşaýan ýeri boýunça umumy esaslarda girizilýär.
4. Şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde saýlawçylaryň sanawy bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatlary esasynda düzülýär. Şu ýagdaýlarda saýlawçylaryň sanawyna diňe degişli saýlaw uçastogynyň çäginde ýaşaýan raýatlar girizilýär.
5. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawyna Türkmenistanyň daşary ýurtda bolýan raýatlary girizilýär.
6. Saýlawçylaryň familiýalary saýlawçylaryň sanawynda ses bermegi guramak üçin amatly bolan tertipde görkezilýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
42-nji madda. Raýatlary saýlawçylaryň sanawyna girizmegiň tertibi
1. Saýlawçylaryň sanawyna saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli on sekiz ýaşy dolan (saýlawlar, sala salşygyň güni hem), şol saýlaw uçastogynyň çäginde hemişelik ýa-da köplenç (saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan soňky üç aýyň dowamynda) ýaşaýan we saýlaw hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlary girizilýär.
2. Türkmenistanyň saýlaw hukugy bolan raýaty haýsydyr bir sebäbe görä saýlawçylaryň sanawyna girizilmedik bolsa, degişli uçastok saýlaw topary tarapyndan bu saýlawçy saýlawçylaryň goşmaça sanawyna girizilýär.
3. Her bir saýlawçy saýlawçylaryň sanawyna diňe bir saýlaw uçastogynda girizilip bilner.
43-nji madda. Raýatlary saýlawçylaryň sanawy bilen tanyşdyrmak
1. Saýlawçylaryň sanawy saýlaw uçastogynda saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan on bäş gün galandan gijä goýman, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda bolsa saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan bäş gün galanda tanyşmak üçin goýulýar.
Uçastok saýlaw toparynyň başlygy raýatlaryň saýlawçylaryň sanawyna girizilýän şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün edýär.
2. Sanawa girizilmändigi, nädogry girizilendigi ýa-da sanawdan aýrylandygy barada, şeýle hem sanawda saýlawçy baradaky maglumatlaryň görkezilişinde ýol berlen nätakyklyklar barada şikaýat etmäge her bir raýat hukuklydyr. Şu meseleler baradaky arza uçastok saýlaw topary seredýär, ol arza iki günden gijä goýman, saýlawlaryň, sala salşygyň öň ýanyndaky we saýlawlar, sala salşygyň güni bolsa haýal etmän seretmäge, zerur düzedişleri sanawa girizmäge ýa-da arzaça arzasynyň kanagatlandyrylmandygy baradaky delillendirilen kararyň nusgasyny bermäge borçludyr.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
VI bölüm. Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak
44-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi
1. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.
2. Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilip bilner.
Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.
Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.
Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez.
3. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.
31. Dalaşgär hödürlemek boýunça geçiriljek mejlisler, ýygnaklar barada öňünden degişli saýlaw toparlaryna habar berilmelidir.
4. Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilýän adam Mejlisiň deputaty bolsa, ol öz-özüni aýyrmak hakynda ýa-da Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylan halatynda deputatlyk ygtyýarlyklaryny bes etmek niýetiniň bardygy hakynda Merkezi saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.
Dalaşgär hödürlenilýän adamyň wezipesi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasynyň mandaty bilen bir ýere sygyşmasa, ol öz-özüni aýyrýandygy hakynda ýa-da saýlanylan halatynda eýeleýän wezipesinden boşamaga niýetiniň bardygy hakynda degişli saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.
5. Dalaşgär özüniň saýlawlarda sese goýulmaga razydygy hakynda degişli saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
45-nji madda. Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi
1. Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň gurultaýlarynda hödürleýärler.
Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde (gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda) hödürleýärler.
Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde hödürleýärler.
Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürleýärler.
Syýasy partiýalaryň dalaşgärleri hödürlemek barada bilelikdäki mejlisleri, ýygnaklary geçirmäge hukuklary bardyr.
2. Syýasy partiýalaryň mejlislerinde we olaryň ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän mejlise, ýygnaga gatnaşýan her bir adamyň dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge hukuklydyr.
3. Syýasy partiýalar özbaşdak ýa-da bilelikde Türkmenistanyň Prezidentligine diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.
Syýasy partiýalar degişli guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna birnäçe dalaşgär, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.
Dalaşgäri bilelikde hödürlän syýasy partiýalaryň soňra şol okruga özbaşdak dalaşgär hödürlemäge hukugy ýokdur.
4. Eger syýasy partiýalaryň degişli guramasynyň mejlisine, olaryň ilkinji guramasynyň ýygnagyna gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.
5. Dalaşgär hödürlemek hakyndaky karar açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermegiň görnüşini we mejlisi, ýygnagy alyp barmagyň beýleki meselelerini mejlise, ýygnaga gatnaşýanlar kesgitleýär.
Ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.
6. Dalaşgär hödürlemek barada syýasy partiýalaryň guramasynyň mejlisiniň ýa-da birnäçe guramalaryň bilelikdäki mejlisiniň, olaryň ilkinji guramalarynyň ýygnagynyň karary iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutarýan gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýman, degişli saýlaw toparyna berilýär.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
46-njy madda. Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi
1. Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilende ol saýlawçylaryň azyndan on müňüsiniň goly bilen gollanylmalydyr. Şunda Türkmenistandaky etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň üçden biriniň her birinden gollaryň sany azyndan üç ýüz bolmalydyr.
2. Gollary ýygnamak hödürlenilýän dalaşgäriň teklipçi topary tarapyndan guralýar.
Teklipçi toparyň düzümi Türkmenistanyň saýlaw hukugy bolan raýatlarynyň ellisinden az bolmaly däldir.
3. Merkezi saýlaw topary teklipçi toparyň ýolbaşçysy we agzalary tarapyndan gol çekilen we olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri, şeýle hem toparyň ýerleşýän ýeri görkezilen bellige almak baradaky arzasynyň gelip gowşan gününden başlap üç günden gijä galman bu topary bellige alýar we onuň her bir agzasyna degişli şahsyýetnama berýär.
Teklipçi toparyň bellige almak baradaky arzasy saýlawlar gününe çenli ýetmiş gün galandan başlap berilýär.
4. Gollar diňe Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň arasyndan ýygnalyp bilner. Saýlawçylaryň gollaryny ýygnamak saýlawçylaryň işleýän, gulluk edýän, okaýan, ýaşaýan ýerlerinde, saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän çärelerde, şeýle hem gollaryň ýygnalmagy kanun bilen gadagan edilmedik beýleki ýerlerde geçirilýär.
Ýuridik şahslaryň ýa-da olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň administrasiýalarynyň gollaryň ýygnalmagyna gatnaşmagyna, şonuň ýaly-da gollary ýygnamagyň barşynda mejbur edilmegine we goluň çekilmegi üçin saýlawçylara hak-heşdegiň ýa-da gollaryň ýygnalmagyna päsgel berilmegine ýol berilmeýär. Bu gadaganlyklaryň gödek ýa-da birnäçe gezek bozulmagy degişli saýlaw topar ýa-da kazyýet tarapyndan ýygnalan gollary hakyky däl diýip ykrar etmek we (ýa-da) dalaşgäri bellige almakdan boýun gaçyrmak üçin esas bolýar.
5. Saýlawçylaryň gollaryny ýygnamak hukugy dalaşgäri hödürleýän teklipçi toparyň agzalaryna degişlidir.
6. Dalaşgäri goldamak üçin her bir gol çekilýän kagyzçada dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) görkezilmelidir.
7. Gol çekilýän kagyzçada saýlawçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň salgysy, doglan ýyly (on sekiz ýaşdaky – muňa goşmaça edip doglan güni we aýy), gol çeken senesi görkezilýär. Saýlawçy diňe bir dalaşgäri goldap gol çekmäge haklydyr.
8. Her bir gol çekilýän kagyzçada gol ýygnaýan adamyň gollary özüniň ýygnandygy we bu maglumatyň hakykydygy hakyndaky maglumat goşulmalydyr, şeýle hem gol ýygnaýan adamyň familiýasy, ady we atasynyň ady, pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasynyň belgisi, öz goly, şeýle hem gol ýygnalan şäheriň, şäherçäniň, obanyň ady görkezilmelidir.
9. Gol çekilýän kagyzçalaryň blanklary Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen nusga laýyklykda taýýarlanylýar. Merkezi saýlaw topary teklipçi toparyň resmi ýüztutmasyna görä iki günüň dowamynda gol çekilýän kagyzçalaryň blanklaryny teklipçi toparyň wekiline berýär.
10. Gol ýygnamak bilen meşgullanan teklipçi toparyň agzalary gol çekilip doldurylan kagyzçalary degişli etrabyň, şäheriň saýlaw toparyna tabşyrýarlar. Bu saýlaw topary bäş günüň dowamynda gol çekilýän kagyzçalardaky gollaryň hakykylygyny barlaýar hem-de barlagyň netijenamasyny goşup gol çekilýän kagyzçalary tabşyran teklipçi toparyň agzasyna yzyna gaýtaryp berýär.
Etrabyň, şäheriň saýlaw topary gollaryň hakykylygynyň barlagyny degişli gulluklary we hünärmenleri çekmek bilen amala aşyrýar. Barlaga ähli berlen gollar ýa-da ol gollaryň tötänleýin saýlamak (bije atmak) arkaly seçilip alnan bölegi degişli bolup biler.
Teklipçi topar gol çekilen kagyzçalary dalaşgäri goldamak üçin gollary ýygnamak boýunça kitapça görnüşinde tikilen we sahypalary belgilenip doldurylan gol çekilýän kagyzçalary jemläp saýlawlar gününe çenli otuz günden gijä galman Merkezi saýlaw toparyna berýär. Merkezi saýlaw topary gol çekilýän kagyzçalary kabul edende olary öz möhri bilen tassyklaýar we saýlawçylaryň gollarynyň sanyny, kabul edilen senesini we wagtyny görkezmek bilen gol çekilýän kagyzçalaryň kabul edilendigi hakynda tassyknama berýär. Tassyknamada Merkezi saýlaw toparynyň we teklipçi toparyň wekilleri gol çekýärler.
11. Eger gollaryň hakykylygynyň barlagynyň netijesinde ýygnalan gollaryň iki göteriminden köpüsiniň hakyky däldigi ýüze çykarylsa, dalaşgär hödürlenilýäni bellige almakdan ýüz dönderilýär.
12. Şular hakyky däl gollar hasaplanylýar:
- galplaşdyrylan gollar (ýok şahslaryň adyndan çekilen gollar);
- bir adam tarapyndan birnäçe adamyň adyndan ýa-da bir adamyň başga bir adamyň adyndan çekilen gollar;
- saýlaw hukugy bolmadyk adamlaryň gollary;
- gol çekilýän kagyzçada hakyky däl maglumatlar görkezilen saýlawçylaryň gollary;
- saýlawçylaryň dalaşgär hödürlemegiň bellenilen möhletinden öň çeken gollary;
- saýlawçylaryň şu Kodeksde talap edilýän bir ýa-da birnäçe maglumatlarynyň bolmazlygynda çekilen gollary;
- gol çekilýän kagyzçadaky degişli çäkde ýaşamaýan saýlawçylaryň gollary;
- gol çekilýän kagyzçadaky maglumatlar el bilen ýazylmadyk ýa-da galam bilen ýazylan bolsa, şeýle hem gol çekilen senede saýlawçylaryň özi tarapyndan çekilmedik gollar;
- teklipçi toparyň agzasy bolmadyk adam tarapyndan ýygnalan ýa-da eger teklipçi toparyň agzasy tarapyndan gol çekilmedik ýa-da gollary ýygnamadyk başga bir agza tarapyndan gol çekilen gol çekilýän kagyzçadaky saýlawçylaryň ähli gollary.
13. Gollaryň barlagynyň geçirilmeginiň her bir ýagdaýy hakynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň hemmesine habar berilmelidir. Gollaryň barlagy geçirilende dalaşgärler ýa-da olaryň teklipçi toparynyň wekilleri gatnaşmaga haklydyrlar. Gol çekilýän kagyzçalardaky, ýöne gol çekilmeli kagyzçalar saýlaw toparyna berilmezinden öň dalaşgärlige hödürlenilýänler, teklipçi toparyň wekilleri tarapyndan ýüze çykarylan (üsti çyzylan) gollar, eger bu olar tarapyndan ýörite bellenilse, barlanylmaga we hasaba alynmaga degişli däldir.
14. Eger şu maddada göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilmese, gol çekilen kagyzça hakyky däl diýlip hasap edilýär.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
47-nji madda. Raýatlar toparlary tarapyndan Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi
1. Mejlisiň deputatlygyna, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna bolsa degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.
Her bir saýlawçy raýatlaryň toparynyň diňe bir ýygnagyna gatnaşyp biler, bu düzgün şol bir derejedäki wekilçilikli edara agzalyga dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklara degişlidir.
Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär. Her bir saýlawçy bellige alyş sanawynda gol çekýär.
2. Ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Ýygnaga gatnaşýan her bir adamyň dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga, olary oňlamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgärlige hödürlemek üçin ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge hukuklydyr.
3. Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagy degişli saýlaw okrugyna Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna diňe bir dalaşgär hödürläp biler.
4. Raýatlaryň toparynyň ýygnagyna gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.
Dalaşgäri hödürlemek hakyndaky karar açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermegiň görnüşini we ýygnagyň alnyp barlyşynyň beýleki meseleleri ýygnaga gatnaşýanlar tarapyndan kesgitlenilýär.
Ses bermegiň tertibini Merkezi saýlaw topary kesgitleýär.
Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgäriň hödürlenilendigi hakynda teswirnama düzülýär. Ýygnagyň teswirnamasynyň ýanyna oňa gatnaşanlaryň sanawyny goşup, iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutaran gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä galynman, degişli okrugyň, welaýatyň, etrabyň, şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparyna gowşurylýar. Dalaşgär hödürlenilendigi hakyndaky karar barada dalaşgäre hem şol möhletiň dowamynda habar berilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
48-nji madda. Dalaşgärleriň bellige alynmagy
1. Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri Merkezi saýlaw topary, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri – degişli okrug saýlaw topary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna agzalyga dalaşgärleri degişli welaýatyň, etrabyň, şäheriň, Geňeş agzalygyna dalaşgärleri bolsa etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary bellige alýar. Bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.
2. Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar gurultaýlaryň, mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary, teklipçi toparyň gol çekilýän kagyzçalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär.
3. Merkezi saýlaw topary, okrugyň, welaýatyň, etrabyň, şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary degişli dalaşgärleriň bellige alnandygy hakynda teswirnama düzýär, bu teswirnama dalaşgärleriň razylyk arzalary bilen bilelikde degişli saýlaw toparynda saklanylýar.
4. Saýlaw topary şu Kodeksiň talaplary berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleriň hemmesini bellige almaga borçludyr. Bellige almakdan ýüz dönderilendigi barada ýokarda durýan saýlaw toparyna ýa-da kazyýete üç gün möhletde şikaýat edilip bilner, şikaýata üç günden gijä goýulman seredilmelidir.
5. Dalaşgärlige hödürlenilen her bir adam diňe bir saýlaw okrugynda dalaşgärlige bellige alnyp bilner. Dalaşgäre degişli şahsyýetnama berilýär.
6. Dalaşgär haýsydyr bir saýlaw toparynyň düzümine girýän bolsa, bellige alnan pursadyndan başlap onuň topardaky ygtyýarlyklary togtadylýar ýa-da synçy bolsa, ol bellige alnan pursadyndan toparyň düzüminden çykarylan ýa-da synçynyň ygtyýarlyklary bes edilen diýlip hasap edilýär.
7. Degişli saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary olar bellige alnandan soň bäşilenji günden gijä goýman ilatyň dykgatyna ýetirýär, habarda dalaşgärleriň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we ýeri, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.
(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
49-njy madda. Dalaşgäriň öz-özüni dalaşgärlikden aýyrmagy
1. Dalaşgär öz-özüni saýlawlara çenli dalaşgärlikden islendik wagt aýyrmaga hukuklydyr, munuň üçin ol bu barada ýazmaça arza bilen özüni bellige alan saýlaw toparyna ýüz tutýar.
2. Degişli saýlaw topary dalaşgäriň öz-özüni dalaşgärlikden aýyrandygyny saýlawçylaryň dykgatyna ýetirýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
50-nji madda. Çykyp giden dalaşgäriň ýerine dalaşgär hödürlemegiň tertibi
1. Dalaşgärleri hödürlemegiň möhleti tamamlanandan soň dalaşgärler çykyp giden halatynda ýa-da saýlaw okrugynda diňe bir dalaşgär galan bolsa, degişli saýlaw topary täze dalaşgärleri hödürlemek teklibi bilen syýasy partiýalaryň guramalaryna, şeýle hem okrugyň saýlawçylaryna ýüzlenýär.
2. Dalaşgärler saýlawlara ýigrimi günden az wagt galanda çykyp gidende, degişli saýlaw okrugynda saýlawlar bellenilen saýlawlardan soň iki aý möhletde geçirilýär.
3. Çykyp giden dalaşgärleriň ýerine dalaşgärleri hödürlemek şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýär.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
VII bölüm. Dalaşgärleriň işiniň kepillendirilmegi
51-nji madda. Dalaşgärleriň hukuklary
1. Dalaşgärleriň bellige alnan pursadyndan beýläk saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň hukuklary bardyr.
2. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň wezipeli adamlary saýlawlar bilen baglanyşykly zerur maglumatlary almakda dalaşgärlere ýardam bermäge borçludyrlar.
3. Degişli saýlaw toparynyň karary esasynda dalaşgärler saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüme gatnaşmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ortaça iş hakyny saklamak bilen önümçilik ýa-da gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekden boşadylyp bilner.
4. Dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümi alyp barmak üçin öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmagyna ýol berilmeýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
52-nji madda. Dalaşgäriň ynanylan adamlary
1. Türkmenistanyň Prezidentligine her bir dalaşgäriň her etrapda, etrap hukukly şäherde üçe çenli, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatyna agzalyga her bir dalaşgäriň bäşe çenli, Geňeş agzalygyna her bir dalaşgäriň bolsa üçe çenli ynanylan adamy bolup biler. Olar saýlaw möwsümini geçirmekde dalaşgäre kömek berýärler, onuň saýlanmagy ugrunda wagyz işini alyp barýarlar, döwlet häkimiýet edaralary, welaýat halk maslahatlary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, saýlawçylar bilen özara gatnaşyklarynda, şeýle hem saýlaw toparlarynda onuň bähbidini araýarlar.
2. Dalaşgär bellige alnandan soň ol öz islegine görä ynanylan adamlaryny kesgitleýär we olary bellige almak üçin degişli saýlaw toparyna olar hakynda habar berýär. Ynanylan adamlar bellige alnandan soň, olara şahsyýetnama berilýär. Dalaşgär saýlawlara çenli islendik wagt ynanylan adamlaryny çalyşmaga hukuklydyr. Ynanylan adam hem islendik wagt öz ygtyýarlyklaryny tabşyryp biler.
3. Saýlaw toparynyň agzasy ynanylan adam bolup bilmez.
4. Ynanylan adamlaryň ygtyýarlyklary saýlawlaryň jemi jemlenilenden soň tamamlanýar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
VIII bölüm. Sala salşygyň meseleleri
53-nji madda. Ählihalk sala salşygyň meseleleri
1. Ählihalk sala salşygy Türkmenistanyň bütin çäginde geçirilýär.
2. Şu meseleler ählihalk sala salşygynda seredilip bilner:
1) kanunyň kabul edilmegi;
2) hereket edýän kanunyň ýa-da onuň aýry-aýry düzgünleriniň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy;
3) kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasy mazmunyny kesgitleýän çözgüdiň kabul edilmegi.
3. Türkmenistanyň Döwlet serhedi we onuň dolandyryş-çäk birlikleriniň araçäkleri hakynda; Türkmenistanyň goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda; jemgyýetçilik tertibini goramak, raýatlaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramak boýunça adatdan daşary we gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmek hakynda; wezipeli adamlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen baglanyşykly meseleler; Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge degişli meseleler ählihalk sala salşygynda seredilip bilinmez.
54-nji madda. Ýerli sala salşygyň meseleleri
1. Ýerli sala salşyk degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň ýa-da geňeşligiň çäginde geçirilýär.
2. Şu meseleler ýerli sala salşygynda seredilip bilner:
1) Geňeşiň kararyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda;
2) ýerli ähmiýetli has möhüm meseleler boýunça kararlar kabul etmek hakynda.
3. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň ýa-da obanyň araçäkleri hakynda; jemgyýetçilik tertibini goramak, raýatlaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramak boýunça adatdan daşary we gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmek hakynda; Geňeşiň wezipeli adamlaryny wezipä bellemek ýa-da saýlamak we wezipeden boşatmak hakyndaky meselelere ýerli sala salşygynda seredilip bilinmez.
55-nji madda. Sala salşygy geçirmegiň teklip edilmegi
1. Ählihalk sala salşygyny geçirmegi teklip etmek hukugy Mejlise, Türkmenistanyň raýatlaryna degişlidir.
Ýerli sala salşygy geçirmegi teklip etmek hukugy Geňeşlere, degişli dolandyryş-çäk birliginiň raýatlaryna degişlidir.
2. Ählihalk sala salşygyny geçirmegi Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň azyndan iki ýüz elli müňüsi teklip edip biler.
Ýerli sala salşygyny geçirmegi Geňeş ýa-da degişli dolandyryş-çäk birliginiň çäginde ýaşaýan Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň azyndan dörtden bir bölegi teklip edip biler.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
56-njy madda. Raýatlar tarapyndan sala salşygy geçirmegiň teklip edilmegi
1. Raýatlar tarapyndan ählihalk sala salşygyny geçirmek teklip edilende ol Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň azyndan iki ýüz elli müňüsiniň goly bilen goldanylmalydyr.
Raýatlar tarapyndan ýerli sala salşygy geçirmek teklip edilende ol degişli dolandyryş-çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň azyndan dörtden bir böleginiň goly bilen goldanylmalydyr.
2. Gollary ýygnamak teklipçi topar tarapyndan guralýar.
Ählihalk sala salşygyny geçirmegi teklip edýän teklipçi toparyň düzümi Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň ýüzüsinden, ýerli sala salşygy geçirmegi teklip edýän teklipçi toparyň düzümi bolsa, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň onusyndan az bolmaly däldir.
3. Merkezi saýlaw topary teklipçi toparyň ýolbaşçysy we agzalary tarapyndan gol çekilen we olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri, şeýle hem toparyň ýerleşýän ýeri görkezilen bellige almak baradaky arzasynyň gelip gowşan gününden başlap on günden gijä galman ählihalk sala salşygyna hödürlenilýän meseläni we bu topary bellige alýar we toparyň her bir agzasyna degişli şahsyýetnama berýär.
Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary hem ýerli sala salşyga hödürlenilýän meseläni we teklipçi topary şu bölegiň birinji tesiminde bellenilen tertipde bellige alýar we toparyň her bir agzasyna degişli şahsyýetnama berýär.
4. Teklipçi topary bellige almagyň tertibi, sala salşyga hödürlenilýän mesele we gol çekilen kagyzçalaryň iberilmeli salgysy hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
5. Eger-de şu Kodeksiň talaplary bozulan ýagdaýynda hödürlenilýän meseläni we teklipçi topary bellige almakdan ýüz dönderilip bilner.
6. Bellige almakdan ýüz dönderilende sala salşygyň teklipçi topary kazyýete şikaýat edip biler.
57-nji madda. Gollary ýygnamagyň tertibi we möhletleri
1. Raýatlaryň gollaryny ýygnamak hukugy teklipçi toparyň agzalaryna degişlidir.
2. Gollar diňe Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň arasyndan ýygnalyp bilner. Gollary ýygnamak raýatlaryň işleýän, gulluk edýän, okaýan, ýaşaýan ýerlerinde, geçirilýän çärelerde, şeýle hem gollaryň ýygnalmagy kanun bilen gadagan edilmedik beýleki ýerlerde geçirilýär.
Ýuridik şahslaryň ýa-da olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň administrasiýalarynyň gollaryň ýygnalmagyna gatnaşmagyna, şonuň ýaly-da gollary ýygnamagyň barşynda mejbur edilmegine we goluň çekilmegi üçin raýatlara hak-heşdegiň berilmegine ýa-da gollaryň ýygnalmagyna päsgel berilmegine ýol berilmeýär. Bu gadaganlyklaryň gödek ýa-da birnäçe gezek bozulmagy teklipçi topary bellige alan saýlaw topary ýa-da kazyýet tarapyndan şol ýygnalan gollary hakyky däl diýip ykrar etmek üçin esas bolýar.
3. Teklibi goldamak üçin her bir gol çekilýän kagyzçada sala salşygyna hödürlenilýän mesele görkezilmelidir.
4. Raýat gol çekilýän kagyzça gol çekip, şu aşakdaky maglumatlary: öz familiýasyny, adyny we atasynyň adyny, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, doglan ýylyny (on sekiz ýaşdakylar – muňa goşmaça edip doglan gününi we aýyny), gol çeken senesini görkezýär.
Her bir raýat diňe bir gezek gol çekilýän kagyzça gol çekmäge haklydyr.
5. Her bir gol çekilýän kagyzçada gol ýygnaýan adamyň gollary özüniň ýygnandygy we bu maglumatyň hakykydygy hakyndaky maglumat ýazylmalydyr, şeýle hem gol ýygnaýan adamyň familiýasy, ady we atasynyň ady, pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasynyň belgisi, öz goly, şeýle hem gol ýygnalan şäheriň, şäherçäniň, obanyň ady görkezilmelidir.
6. Gol çekilýän kagyzçalaryň nusgasyny Merkezi saýlaw topary tassyklaýar.
Ählihalk sala salşygynda gol çekilýän kagyzçalaryň blanklary Merkezi saýlaw topary tarapyndan taýýarlanylýar we teklipçi toparyň resmi ýüztutmasyna görä iki günüň dowamynda onuň wekiline berilýär.
Ýerli sala salşykda gol çekilýän kagyzçalaryň blanklary etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary tarapyndan taýýarlanylýar we teklipçi toparyň resmi ýüztutmasyna görä iki günüň dowamynda onuň wekiline berilýär.
7. Teklipçi toparyň gol ýygnamak bilen meşgullanan agzasy gol çekilip doldurylan kagyzçalary degişli saýlaw toparyna tabşyrýar. Bu topar bäş günüň dowamynda gol çekilýän kagyzçalardaky gollaryň hakykylygyny barlaýar hem-de barlagyň netijenamasyny goşup, gol çekilýän kagyzçalary tabşyran teklipçi toparyň agzasyna yzyna gaýtaryp berýär.
Saýlaw topary gollaryň hakykylygynyň barlagyny degişli gulluklary we hünärmenleri çekmek bilen amala aşyrýar. Barlaga ähli berlen gollar ýa-da ol gollaryň tötänleýin saýlamak (bije atmak) arkaly seçilip alnan bölegi degişli bolup biler.
8. Eger gollaryň hakykylygynyň barlagynyň netijesinde ýygnalan gollaryň iki göteriminden köpüsiniň hakyky däldigi ýüze çykarylsa, sala salşygy geçirmek meselesine seredilmeýär.
9. Şular hakyky däl gollar diýlip hasaplanylýar:
- galplaşdyrylan gollar (ýok şahslaryň adyndan çekilen gollar);
- bir adam tarapyndan birnäçe adamyň adyndan ýa-da bir adamyň başga bir adamyň adyndan çekilen gollar;
- saýlaw hukugy bolmadyk adamlaryň gollary;
- gol çekilýän kagyzçada hakyky däl maglumatlary görkezen raýatlaryň gollary;
- raýatlaryň şu Kodeksde talap edilýän bir ýa-da birnäçe maglumatlarynyň bolmazlygynda çekilen gollary;
- degişli çäkde ýaşamaýan raýatlaryň gollary;
- gol çekilýän kagyzçadaky maglumatlary el bilen ýazmadyk ýa-da galam bilen ýazylan, şeýle-de gol çekilen wagty raýatlaryň özi tarapyndan çekilmedik gollar;
- teklipçi toparyň agzasy bolmadyk adam tarapyndan ýygnalan ýa-da eger teklipçi toparyň agzasy tarapyndan gol çekilmedik ýa-da gollary ýygnamadyk başga bir agza tarapyndan gol çekilen gol çekilýän kagyzçadaky raýatlaryň ähli gollary.
10. Gollaryň barlagynyň geçirilmeginiň her bir ýagdaýy hakynda teklipçi topara habar berilmelidir. Gollaryň barlagy geçirilende teklipçi toparynyň agzalary gatnaşmaga hukuklydyrlar. Gol çekilýän kagyzçalardaky, ýöne gol çekilmeli kagyzçalar saýlaw toparyna berilmezinden öň teklipçi toparyň wekilleri tarapyndan çykarylan (üsti çyzylan) gollar, eger bu olar tarapyndan ýörite bellenilse, barlanylmaga we hasaba alynmaga degişli däldir.
11. Şu maddada göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilmese, gol çekilýän kagyzçalar hakyky däl diýlip hasap edilýär.
12. Ählihalk sala salşygyny geçirmek hakyndaky mesele boýunça gollary ýygnamagyň umumy möhleti teklipçi toparynyň bellige alnan gününden başlap üç aýdan, ýerli sala salşygyny geçirmek meselesi boýunça möhlet bolsa – iki aýdan geçmeli däldir.
(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
58-nji madda. Gol çekilen kagyzçalary we gollary ýygnamagyň netijeleri boýunça jemleýji teswirnamany ibermek
1. Ählihalk sala salşygynyň teklipçi topary kitapça görnüşinde tikilen we sahypalary belgilenip doldurylan gol çekilýän kagyzçalary jemläp bellige alnan gününden üç aýdan gijä galman Merkezi saýlaw toparyna berýär. Merkezi saýlaw topary gol çekilýän kagyzçalary kabul edende olary öz möhri bilen tassyklaýar we saýlawçylaryň gollarynyň sanyny, kabul edilen senesini we wagtyny görkezmek bilen gol çekilýän kagyzçalaryň kabul edilendigi hakynda tassyknama berýär. Tassyknamada Merkezi saýlaw toparynyň we teklipçi toparyň wekilleri gol çekýärler.
Ýerli sala salşygyň teklipçi topary sahypalary belgilenip doldurylan gol çekilýän kagyzçalary şu bölegiň birinji tesiminde bellenilen tertipde bellige alnan gününden iki aýdan gijä galman degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparyna berýär.
2. Ählihalk sala salşygyny geçirmek hakyndaky teklip raýatlaryň gollaryny ýygnamagyň netijeleri boýunça Merkezi saýlaw toparynyň jemleýji teswirnamasy teklipçi topardan resminamalaryň alnan pursadyndan başlap on günüň dowamynda Mejlise iberilýär.
Ýerli sala salşygyny geçirmek hakyndaky teklip raýatlaryň gollaryny ýygnamagyň netijeleri boýunça degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparynyň jemleýji teswirnamasy teklipçi topardan resminamalaryň alnan pursadyndan başlap on günüň dowamynda degişli Geňeşe berilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
59-njy madda. Sala salşygy geçirmek hakynda kararlary kabul etmek
1. Degişli sala salşygy geçirmek hakyndaky meselä Mejlisiň, Geňeşiň maslahatlarynda seredilýär.
2. Mejlis, Geňeş degişli sala salşygy geçirmek hakyndaky teklip boýunça şu aşakdaky kararlaryň birini kabul edýär:
- sala salşygy geçirmek we ony üpjün etmek boýunça çäreler hakynda;
- sala salşygy geçirmezden kanuny ýa-da başga çözgüdi kabul etmegiň zerurlygy hakynda.
3. Mejlis, Geňeş teklipçi topar tarapyndan şu Kodeksiň düzgünleri bozulan mahalynda sala salşygy geçirmek hakyndaky teklibi ret etmäge haklydyrlar.
4. Ählihalk sala salşygyny geçirmek hakyndaky karar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisi ses berse, ýerli sala salşyk boýunça karar bolsa - degişli Geňeşiň agzalarynyň bellenilen sanynyň azyndan üçden ikisi ses berse, kabul edilýär.
5. Sala salşygyny geçirmek hakyndaky kararda ony saýlaw býulletenine goşmak üçin sala salşygyna goýlan meseläniň bellige alnan kesgitlemesi hem görkezilýär.
6. Sala salşygyny geçirmek hakyndaky karar, sese goýlan kanunyň ýa-da çözgüdiň taslamasynyň ýazgysy sala salşygy geçirmek hakynda karar kabul edilenden soň on günden gijä galman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
60-njy madda. Sala salşygy geçirmegiň möhletleri
1. Ählihalk sala salşygy Mejlis tarapyndan ony bellemek hakyndaky kararyň kabul edilen pursadyndan başlap iki aýdan ir bolmadyk we dört aýdan giç bolmadyk möhletde, ýerli sala salşyk bolsa – degişli Geňeş tarapyndan karar kabul edilenden soň iki aýdan ir bolmadyk we üç aýdan giç bolmadyk möhletde geçirilýär.
2. Aýratyn halatlarda Mejlis, Geňeş sala salşygy geçirmegiň beýleki möhletlerini hem belläp biler.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
IX bölüm. Saýlawlaryň we sala salşyklaryň maglumat üpjünçiligi
61-nji madda. Saýlawçylaryň habarly edilmegi
1. Saýlawlaryň we sala salşygyň maglumat üpjünçiligi saýlawçylary habarly etmegi we wagyz işlerini öz içine alýar.
2. Saýlawçylary habarly etmegi şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda saýlaw toparlary, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýuridik we fiziki şahslar amala aşyrýarlar.
3. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilýän ýa-da beýleki usullar bilen ýaýradylýan habarlaýyn maglumatlaryň mazmuny dogruçyl, hakyky bolmalydyr, dalaşgärleriň deňligini bozmaly däldir, olarda haýsydyr bir dalaşgär ileri tutulmaly däldir.
Maglumatlarda dalaşgäri hödürlän syýasy partiýa, raýatlar topary görkezilmelidir.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
62-nji madda. Wagyz işleriniň geçirilmegi
1. Saýlawlar, sala salşyk geçirilende syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, teklipçi toparlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär.
2. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň raýatlarynyň, dalaşgärleriň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, teklipçi toparlaryň kanun tarapyndan gadagan edilmedik görnüşlerde we usullarda saýlawçylary saýlawlara, sala salşyga işjeň gatnaşmaga ündeýän wagyz işlerini geçirmäge, dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny, olaryň syýasy, iş başarjaňlyk, şahsy sypatlaryny, sala salşygyna goýlan meseleleri öz mejlislerinde, ýygnaklarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin we hemme taraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuklary bardyr.
3. Saýlaw möwsümi döwründe amala aşyrylýan şu işler wagyz işleri hökmünde ykrar edilýär:
1) ol ýa-da beýleki dalaşgäre, sala salşygyna goýlan meselelere ses bermäge çagyryşlar;
2) dalaşgäri saýlamagyň, sala salşygyna goýulýan meseleleriň kabul edilmeginiň mümkin bolan netijelerini beýan etmek;
3) dalaşgärleriň haýsydyr biri, sala salşygyna goýlan meseleler barada hakyky maglumatly habarlary ýaýratmak.
4. Dalaşgärleriň, teklipçi toparlaryň deň derejede köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden peýdalanyp bilmegi kepillendirilýär.
5. Saýlawlar, sala salşyk geçirilende wagyz işleri şu görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:
1) köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly;
2) köpçülikleýin çäreleri (saýlawçylar bilen ýygnaklary we duşuşyklary, açyk çekişmeleri we ara alyp maslahatlaşmalary) geçirmek bilen;
3) wagyz maglumatlaryny çykarmak we ýaýratmak bilen;
4) kanun tarapyndan gadagan edilmedik beýleki görnüşlerde.
6. Dalaşgär, teklipçi topar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz işlerini geçirmegiň görnüşini we häsiýetini özbaşdak kesgitlemäge hukuklydyr.
7. Saýlawlar, sala salşyklar geçirilende wagyz işlerine gatnaşmaga, şol sanda islendik wagyz maglumatlaryny çykarmaga saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, synçylaryň, kazylaryň, haýyr-sahawat guramalarynyň, dini guramalaryň agzalarynyň we wekilleriniň, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hukugy ýokdur, bu görkezilen şahslaryň dalaşgärler, şeýle hem dalaşgärleriň ynanylan adamlary hökmünde bellige alnan halatlary muňa girmeýär. Şeýle-de, wagyz işlerine on sekiz ýaşyna ýetmedik raýatlaryň, daşary ýurt raýatlarynyň, daşary ýurt döwletleriniň we guramalarynyň, halkara guramalarynyň we halkara jemgyýetçilik hereketleriniň gatnaşmaklaryna ýol berilmeýär.
8. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullugynda durýan şahslaryň özleriniň wezipe ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän halatlarynda wagyz işlerini geçirmäge, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň serişdelerini wagyz işlerini geçirmek üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
63-nji madda. Wagyz işlerini geçirmegiň möhletleri
1. Wagyz işleri dalaşgäriň, sala salşygyna goýlan meseleleriň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
2. Gaýtadan ses bermek geçirilende wagyz işleri gaýtadan ses bermegiň bellenilmegi baradaky karar kabul edilen pursadyndan täzeden başlanýar we gaýtadan ses bermegiň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
3. Saýlaw toparlarynyň jaýlaryndan daşarda ýerleşdirilen wagyz metbugat maglumatlary (listowkalar, ündewsuratlar we beýlekiler) ses berilýän güni öňki ýerlerinde saklanylyp galdyrylýar.
64-nji madda. Telewideniýe we radio ýaýlymlarynda wagyz işleriniň geçirilmegi
1. Dalaşgärleriň, sala salşygynyň teklipçi toparlarynyň döwlet teleradio ýaýlymlarynda tölegsiz tertipde ýaýlym wagtynyň berilmegine hukuklary bardyr. Görkezilen ýaýlym wagty sagat 19-dan 23-e çenli aralykda berilmelidir, resmi habarlaryň gepleşikleriniň wagty muňa girmeýär.
2. Tölegsiz tertipde bölünip berilýän ýaýlym wagtynyň her günki möçberi bir sagatdan az bolmaly däldir. Görkezilen tölegsiz tertipdäki ýaýlym wagty dalaşgärleriň arasynda deň şertlerde paýlanylýar.
Dalaşgäriň özüne berlen tölegsiz tertipdäki ýaýlym wagtyny beýleki dalaşgärleriň tarapyna wagyz işlerini geçirmek üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.
3. Tölegsiz tertipde bölünip berilýän ýaýlym wagtynyň üçden bir böleginden az bolmadyk wagty dalaşgärleriň bilelikdäki çekişmeleri, "tegelek stollary" we beýleki şoňa meňzeş wagyz işlerini geçirmekleri üçin niýetlenilýär. Teleradio ýaýlymlarynda bilelikde guralýan wagyz işlerine dalaşgärleriň diňe özleri gatnaşyp bilerler. Bilelikde geçirilýän wagyz işlerine gatnaşmakdan ýüz döndermegi dalaşgäre tölegsiz tertipde berilýän ýaýlym wagtynyň möçberiniň artmagyna getirmeýär.
Eger-de dalaşgär esasly sebäplere görä bilelikde geçirilýän wagyz işlerine gatnaşyp bilmese, onda bilelikde geçirilýän wagyz işlerine gatnaşmadyk beýleki dalaşgärler bilen bir hatarda özüne degişli ýaýlym wagtyny peýdalanmagyny haýyş etmäge hukugy bardyr.
4. Dalaşgärleriň çykyşlaryny bölmek ýa-da olaryň çykyşyny haýsydyr bir teswirlemeler bilen ugrukdyrmak gadagandyr.
5. Teleradio ýaýlymlarynda wagyz işleriniň geçirilişiniň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp bellenilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
65-nji madda. Köpçülikleýin habar beriş neşir serişdelerinde wagyz işleriniň geçirilmegi
1. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan resmi habarlary we maglumatlary, kadalaşdyryjy hukuk we beýleki namalary çap etmek üçin döredilen döwürleýin metbugat neşirlerinden beýleki neşirler dalaşgärler, sala salşygyň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilýän maglumatlar üçin deň şertlerde tölegsiz tertipdäki çap meýdanyny bölüp bermelidir.
Ýöriteleşdirilen metbugat neşirleriniň (çagalar, tehniki, ylmy we beýlekiler) saýlaw möwsümine doly gatnaşmazlyk şertlerinde, wagyz maglumatlarynyň nähilidigine garamazdan, olary çap etmekden ýüz dönderilmegine ýol berilýär.
2. Dalaşgärlere çap meýdançasyny beren döwürleýin metbugat neşirleri beýleki dalaşgärler üçin hem şol bir şertlerdäki çap meýdanyny bermäge borçludyrlar.
3. Köpçülikleýin habar beriş neşir serişdelerinde wagyz işleriniň geçirilişiniň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp bellenilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
66-njy madda. Köpçülikleýin çäreleri guramak arkaly wagyz işleriniň geçirilmegi
1. Dalaşgärleri hödürlän syýasy partiýalar, raýatlaryň toparlary, sala salşygyň teklipçi toparlary dalaşgärleriň, sala salşygyň teklipçi toparlarynyň agzalarynyň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guraýarlar.
2. Dalaşgärler, sala salşygyň teklipçi toparlary saýlawçylar bilen duşuşyklary saýlawçylar üçin amatly görnüşde geçirýärler.
3. Duşuşyklaryň geçýän wagty hem-de ýeri hakynda saýlawçylara öňünden habar berilýär.
4. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde syýasy partiýalara, dalaşgärlere, teklipçi toparlara saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary berýärler, bu çäreler geçirilýän wagtynda howpsuzlygy üpjün edýärler.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
67-nji madda. Wagyz maglumatlarynyň ýerleşdirilmegi
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek güni bellenilen gününden beýläk on günüň dowamynda her bir saýlaw uçastogynyň çäginde wagyz maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin ýörite ýerleri göz öňünde tutmalydyrlar. Dalaşgärlere şolar ýaly maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin deň şertler üpjün edilmelidir.
2. Wagyz maglumatlaryny ýadygärlikleriň, obeliskleriň we taryhy, medeni ýa-da binagärlik gymmatlygy bolan binalaryň ýüzünde, şeýle-de saýlaw toparlarynyň jaýlarynda, olaryň girelgelerinde we ses berilýän jaýlarda ýerleşdirmek gadagandyr.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
68-nji madda. Wagyz işlerini geçirmek hukugyndan hyýanatçylykly peýdalanylmagyna ýol berilmezligi
1. Saýlaw toparlary wagyz işlerini geçirmegiň bellenilen tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.
2. Wagyz işleri geçirilende aşakdakylara ýol berilmeýär:
1) durmuşy, dini, jynsy, milli ýigrenji we duşmançylygy wagyz etmäge;
2) häkimiýeti eýelemäge, konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge we döwletiň bitewiligini bozmaga çagyryşlara;
3) wagyz işlerini geçirmek hukugyndan beýleki görnüşlerde hyýanatçylykly peýdalanmaga.
3. Dalaşgärlere, olaryň ýakyn garyndaşlaryna, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, teklipçi toparlaryň agzalaryna saýlawlaryň bellenilen pursadyndan saýlawçylara bermit bermek: olara pul serişdelerini tölemek, sowgatlary we beýleki maddy gymmatlyklary bermek, harytlary ýeňillikli bahalardan satmak, wagyz häsiýetli çap maglumatlaryndan başga islendik harytlary tölegsiz ýaýratmak, şeýle hem muzdsuz ýa-da ýeňillikli şertlerde haýsydyr bir hyzmatlary etmek gadagandyr.
4. Dalaşgärleriň, olaryň ýakyn garyndaşlarynyň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, teklipçi toparlarynyň agzalarynyň saýlawlaryň, sala salşygyň bellenilen pursadyndan saýlawlaryň, sala salşygyň netijeleriniň çap edilen pursadyna çenli haýyr-sahawat işi bilen meşgullanmaga hukuklary ýokdur.
5. Dalaşgärleriň at-abraýyna, mertebesine ýa-da işbaşarjaňlyk ukybyna görnetin ýalan maglumatlara esaslanýan we şek ýetirýän habarlaryň ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.
Şeýle maglumatlaryň çap edilmegine ýol beren köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dalaşgäriň talap etmegi boýunça hakykata laýyk gelmeýän ýa-da ony ýoýýan makalany ýa-da çykyşy ýalana çykarýan çykyşy bermelidir ýa-da oňa düşündiriş bermelidir. Ýalana çykarma ýa-da düşündiriş berme döwürleýin neşirlerde – indiki sanda ýörite rubrikada ýa-da jogap berilýän habaryň çap edilen sahypasynda edil şonuň ýaly harplarda çap edilýär, telewideniýede ýa-da radioda berlen çykyşlara ýalana çykarmalar ýa-da düşündirişler bolsa – ýalana çykarmanyň ýa-da düşündiriş bermäniň gelip gowşan gününden soň indiki sanynda berilýär.
6. Şu maddanyň bäşinji böleginiň düzgünleriniň bozulan halatlarynda saýlaw toparlarynyň, saýlawçylaryň, teklipçi toparlarynyň, dalaşgärleriň, şeýle hem olaryň ynanylan adamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kazyýete şikaýat etmäge hukuklary bardyr.
7. Dalaşgär, teklipçi topary şu Kodeksde bellenilen talaplary bozan halatynda, dalaşgäri, teklipçi topary bellige alan saýlaw toparynyň oňa duýduryş bermäge, dalaşgär, teklipçi topar tarapyndan ýokarda görkezilen talaplaryň birnäçe gezek gaýtadan bozulan halatynda bolsa, dalaşgäriň, teklipçi toparyň bellige alynmagyny ýatyrmaga hukugy bardyr.
X bölüm. Ses bermegiň we saýlawlaryň, sala salşygyň jemini jemlemegiň tertibi
69-njy madda. Ses bermegiň wagty we ýeri
1. Saýlawlaryň, sala salşygyň güni ses bermek sagat 7-den sagat 19-a çenli geçirilýär.
2. Uçastok saýlaw toparlary ses bermegiň wagty we ýeri barada saýlawçylara saýlawlaryň we sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan on bäş gün galanda habar berýär.
70-nji madda. Saýlaw býulleteni
1. Saýlawlarda saýlaw býulletene saýlaw okrugy boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy (elipbiý tertibinde), ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.
Ählihalk sala salşygynda saýlaw býulleteniniň ýazgysyny Merkezi saýlaw topary, ýerli sala salşykda bolsa – etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary sala salşygyň geçiriljek gününe çenli otuz günden gijä galman tassyklaýar.
Saýlaw býulleteninde sala salşyga goýlan meseläniň kesgitlemesi we ses berýän sala salşyga gatnaşyjynyň erk-isleginiň görnüşleri: sese goýluşyna baglylykda "tarapyna" ýa-da "garşysyna" görnüşleri bellenilýär.
2. Saýlaw býulletenleri döwlet dilinde çap edilýär, şeýle hem olar degişli etrap, şäher saýlaw toparlarynyň haýyşnamasy esasynda saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň köplüginiň ulanýan dilinde hem çap edilip bilner.
Saýlaw býulletenleriniň jemi sany saýlawçylaryň sanawlaryna girizilen saýlawçylaryň sanyna deň bolmalydyr. Ätiýaçlyk üçin çap edilýän saýlaw býulletenleriniň sany býulletenleriň umumy sanynyň iki göteriminden köp bolmaly däldir.
3. Saýlaw býulletenleri saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan on gün galanda saýlaw uçastoklaryna getirilýär.
4. Saýlaw býulletenleri berk hasabatlylyga degişli resminamalardyr. Saýlaw býulletenlerini taýýarlamagyň, eltmegiň we olar boýunça hasabatlylygyň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.
5. Saýlaw býulletenlerine uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekýär hem-de uçastok saýlaw toparynyň möhrüni basýar.
6. Saýlaw toparlary saýlaw býulletenleriniň saklanylyşyna jogapkärçilik çekýärler.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
71-nji madda. Ses bermegi guramak
1. Ses bermek ýörite jaýlarda guralýar, olarda enjamlaşdyrylan kabinalaryň sany, saýlaw býulletenini doldurar ýaly ýazuw esbaplary (galamdan başgasy) ýeterlik bolmalydyr, saýlaw býulletenleriniň berilýän we saýlaw gutusynyň goýulýan ýerleri anyklanylmalydyr. Saýlaw gutusy goýulanda ses berýänler onuň ýanyna barýarka kabinalaryň üstünden hökman geçer ýaly, şeýle hem guty uçastok saýlaw toparynyň agzalaryna, synçylara görner ýaly edilip goýulýar.
2. Saýlawlar, sala salşygyň geçiriljek güni ses bermäge başlanylmazdan öň uçastok saýlaw toparynyň başlygy toparyň agzalarynyň gatnaşmagynda saýlaw gutusyny barlaýar we oňa möhür basýar.
3. Uçastok saýlaw topary ses bermegiň guralmagy, saýlawçylaryň öz erkini beýan etmeginiň gizlinliginiň üpjün edilmegi, jaýlaryň enjamlaşdyrylmagy we olarda zerur tertibiň saklanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
72-nji madda. Ses bermegi geçirmek
1. Her bir saýlawçynyň özi ses berýär, başga adamlaryň ýerine ses berilmegine ýol berilmeýär. Uçastok saýlaw topary saýlawça saýlaw býulletenini saýlawçylaryň sanawy esasynda pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezende berýär.
Saýlaw býulletenini alan saýlawçy saýlawçylaryň sanawynda gol çekýär.
2. Saýlawçy saýlaw býulletenini kabinada doldurýar. Saýlaw býulleteni doldurylanda kabinada ses berýänden başga adamlaryň bolmagy gadagandyr. Saýlaw býulletenini özbaşdak doldurmaga mümkinçiligi bolmadyk saýlawçynyň öz islegine görä, saýlaw toparynyň agzalaryndan, synçylardan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan, teklipçi toparyň agzalaryndan başga adamy kabina çagyrmaga hukugy bardyr.
3. Saýlawlarda saýlawçy dalaşgärleriň haýsysynyň tarapyna ses berýän bolsa, saýlaw býulleteninde şonuň familiýasynyň deňinde bellik edýär.
Sala salşygynda saýlawçy saýlaw býulleteninde görkezilen "tarapyna" ýa-da "garşysyna" jogaplardan biriniň bellenilen ýerinde bellik edýär.
4. Saýlawçy doldurylan saýlaw býulletenini eplenen görnüşde saýlaw gutusyna atýar.
5. Saýlawçynyň haýyşy boýunça zaýalanan saýlaw býulleteniniň deregine oňa täze saýlaw býulleteni berlip bilner. Zaýalanan saýlaw býulletenleri hasaba alynmaga, ulanylmaz ýaly edilmäge we aýratyn saklanylmaga degişlidir.
6. Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty arkaly halk köpçüligine görkezilip bilner.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky we 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
73-nji madda. Öňünden ses bermegiň tertibi
1. Saýlawlar, sala salşygyň güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçy saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklydyr.
2. Öňünden ses bermek saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap saýlaw uçastogynda geçirilip bilner.
3. Ses bermek şu Kodeksde bellenilen tertibe laýyklykda geçirilýär.
4. Öňünden ses bermek uçastok saýlaw toparynyň agzalarynyň azyndan ikisiniň gatnaşmagynda geçirilýär.
5. Doldurylan saýlaw býulleteni öňünden möhürlenen saýlaw gutusyna atylýar.
74-nji madda. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegiň tertibi
1. Uçastok saýlaw topary şol saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen we ses berilýän jaýa sebäpli (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etmäge borçludyr.
2. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek diňe saýlawlar, sala salşygyň güni we saýlawçynyň ýüztutmasy esasynda geçirilýär. Uçastok saýlaw topary gelen ýüztutmalary ýörite sanawda bellige alýar.
3. Ýüztutma sanawda bellige alnan mahalynda, olaryň gelip gowşan wagty, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermäge isleg bildiren saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, ýüztutmany kabul eden saýlaw toparynyň agzasynyň familiýasy, ady we atasynyň ady we goly görkezilýär. Eger ýüztutma başga adamlaryň üsti bilen iberilen bolsa, sanawda goşmaça şol adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady we ýaşaýan ýeri görkezilýär.
Saýlaw toparynyň agzalary saýlawçynyň ýanyna baranda dilden ýüztutma ýazmaça arza bilen tassyklanylýar.
Ýüztutmada saýlawçynyň ses berilýän jaýa gelip bilmeýändiginiň sebäbi görkezilmelidir.
4. Ýüztutmalar saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek güni ses bermegiň wagtynyň tamamlanmazyndan alty sagatdan gijä galman berilmelidir.
5. Uçastok saýlaw topary saýlawçynyň ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýänliginiň sebäbini esassyz diýip ykrar edip we şol esasda saýlawça ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi geçirmekden ýüz dönderip biler. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi geçirmekden ýüz dönderilende bu barada uçastok saýlaw topary saýlawça tizden-tiz habar berýär.
6. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek uçastok saýlaw toparynyň azyndan iki agzasynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Olaryň ýanynda ses bermek üçin öňünden möhürlenilen guty, ýüz tutan saýlawçy barada saýlawçylaryň umumy sanawyndan toparyň başlygy ýa-da kätibi tarapyndan tassyklanylan göçürmesi, saýlaw býulletenleriniň zerur sany, ýazuw esbaplary bolmalydyr.
7. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýär.
8. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi geçirýän uçastok saýlaw toparynyň agzalary saýlaw býulletenlerini diňe ýüztutmalary bellige alnan saýlawçylara bermäge hukuklydyrlar.
9. Ses berilýän jaýdan daşarda ses berýän saýlawçynyň ses berendigi barada saýlawçylaryň umumy sanawynda "jaýdan daşarda" diýen ýazgy bilen bellik edilýär.
10. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek barada ýüz tutan saýlawçy uçastok saýlaw toparynyň agzalary saýlaw uçastogyndan ugranyndan soň gelse, uçastok saýlaw toparynyň agzalary saýlaw uçastogyna dolanyp gelip, saýlawçynyň ses berilýän jaýdan daşarda ses bermändigi anyklanylýança uçastok saýlaw toparynyň saýlawça saýlaw býulletenini bermäge hukugy ýokdur.
75-nji madda. Saýlaw uçastogynda sesleri sanamak
1. Saýlaw gutularyny, şol sanda öňünden ses bermek, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek üçin goýlan saýlaw gutularyny uçastok saýlaw toparynyň başlygy ses bermek tamamlandy diýip yglan edeninden soň, şol saýlaw topary açýar. Ses bermek tamamlanmanka saýlaw gutularyny açmak gadagandyr. Saýlaw gutularynyň açylmagynyň öň ýanynda uçastok saýlaw topary peýdalanylmadyk saýlaw býulletenleriniň ählisini sanaýar we ulanylmaz ýaly edýär.
2. Harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda sanawa girizilen saýlawçylaryň hemmesi ses beren mahalynda uçastok saýlaw topary ses bermek tamamlandy diýip yglan edip we bellenilen wagtdan ozal sesleri sanamaga girişip biler.
3. Saýlaw uçastogynda sesler her bir saýlaw okrugynda dalaşgärleriň her biri boýunça aýratynlykda sanalýar.
Sala salşygynda her bir mesele boýunça sesler aýratynlykda sanalýar.
4. Saýlawlarda uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň sanawy esasynda saýlaw uçastogynda her bir okrug boýunça saýlawçylaryň umumy sanyny, şeýle hem saýlaw býulletenini alan saýlawçylaryň sanyny takyklaýar. Topar: saýlaw gutularyndaky saýlaw býulletenleriniň esasynda okrugda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň umumy sanyny, şol sanda öňünden ses beren saýlawçylaryň we ses berilýän jaýdan daşarda ses beren saýlawçylaryň sanyny; dalaşgärleriň her biriniň tarapyna berlen sesleriň sanyny; hakyky däl diýlip ykrar edilen saýlaw býulletenleriniň sanyny; ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleriniň sanyny takyklaýar.
5. Sala salşygynda uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň sanawy esasynda saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň umumy sanyny, şeýle hem saýlaw býulletenini alan saýlawçylaryň sanyny takyklaýar. Uçastok saýlaw topary gutulardaky saýlaw býulletenleriniň esasynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň umumy sanyny, şol sanda öňünden ses beren saýlawçylaryň we ses berilýän jaýdan daşarda ses beren saýlawçylaryň sanyny; ses bermäge goýlan her bir mesele boýunça aýratynlykda "tarapyna" berlen sesleriň sanyny; "garşysyna" berlen sesleriň sanyny; hakyky däl diýlip ykrar edilen saýlaw býulletenleriniň sanyny; ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleriniň sanyny takyklaýar.
6. Bellenilen nusgada bolmadyk ýa-da saýlaw býulleteninde birden köp dalaşgäriň familiýasynyň deňinde bellik edilen bolsa ýa-da hiç hili bellik edilmedik bolsa, şeýle hem saýlaw býulleteninde saýlawlar gününe çenli çykyp giden dalaşgärler üçin ses berlen ýa-da goşmaça familiýa ýazylan bolsa, onda ol saýlaw býulleteni hakyky däl diýlip hasap edilýär.
Sala salşykda saýlaw býulleteni bellenilen nusgada bolmasa, onda birden köp bellik edilen ýa-da onda hiç hili bellik edilmedik bolsa, ol saýlaw býulleteni hakyky däl diýlip hasap edilýär.
Saýlaw býulleteniniň hakykylygy barada dörän şübhe uçastok saýlaw topary tarapyndan sese goýmak arkaly çözülýär.
7. Sesleri sanamagyň netijesine uçastok saýlaw toparynyň mejlisinde seredilýär we saýlawlarda ol her saýlaw okrugy, sala salşygynda her saýlaw uçastogy boýunça düzülýän teswirnama girizilýär. Teswirnama uçastok saýlaw toparynyň başlygy, başlygynyň orunbasary, kätibi we agzalary gol çekýärler hem-de teswirnama toparyň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan yglan edilýär, soňra haýal edilmän ýokarda durýan degişli saýlaw toparyna iberilýär. Teswirnamanyň ýanyna uçastok saýlaw toparynyň agzalarynyň bar bolan aýratyn pikirleri, ses bermegiň barşynda ýa-da sesler sanalanda ýol berlen düzgün bozulmalar hakynda uçastok saýlaw toparyna gelip gowşan arzalar we şikaýatlar goşulýar.
Teswirnamanyň nusgasy saýlaw uçastogynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýar. Uçastok saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny dalaşgäriň ýa-da onuň ynanylan adamynyň, synçynyň, sala salşygyň teklipçi toparyň wekiliniň almaga hukugy bardyr.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
76-njy madda. Saýlawlaryň, sala salşygyň jemini kesgitlemek
1. Saýlawlarda saýlaw okruglary (okrugy) boýunça saýlawlaryň jemini uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda Merkezi saýlaw topary, welaýatyň, etrabyň, şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň, okrugyň saýlaw topary öz mejlisinde kesgitleýär.
Ählihalk sala salşygyň etrap, şäher boýunça jemlerini uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda degişli etrabyň, şäheriň saýlaw topary öz mejlisinde kesgitleýär.
Ýerli sala salşygyň jemlerini uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary öz mejlisinde kesgitleýär.
2. Saýlawlarda degişli saýlaw topary her saýlaw okrugy boýunça, sala salşygynda bolsa degişli dolandyryş-çäk boýunça saýlawlaryň, sala salşygyň netijesi hakynda teswirnama düzýär, oňa saýlaw toparynyň başlygy, başlygynyň orunbasary, kätibi we agzalary gol çekýärler. Saýlaw topary teswirnama düzülenden soň saýlawlaryň, sala salşygyň netijesini yglan edýär. Teswirnamanyň nusgalary saýlaw toparynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýar. Saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny dalaşgäriň ýa-da onuň ynanylan adamynyň, synçynyň, sala salşygyň teklipçi toparynyň wekiliniň almaga hukugy bardyr.
3. Saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.
Sala salşykda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň ýarysyndan köpüsi sala salşyga goýlan meseläniň tarapyna ses berseler, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär.
4. Welaýat saýlaw topary etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda welaýat boýunça saýlawlaryň, ählihalk sala salşygynyň jemini jemleýär we netijesi hakynda teswirnama düzýär. Welaýat saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny dalaşgäriň ýa-da onuň ynanylan adamynyň, synçynyň, sala salşygyň teklipçi toparynyň agzasynyň almaga hukugy bardyr.
5. Merkezi saýlaw topary welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň esasynda saýlawlardan, ählihalk sala salşygyndan soň ýedi günden gijä goýman Türkmenistan boýunça saýlawlaryň, ählihalk sala salşygynyň jemini jemleýär we teswirnama düzýär.
Teswirnama Merkezi saýlaw toparynyň başlygy, başlygyň orunbasary, kätibi we agzalary gol çekýärler. Teswirnama düzülenden soň saýlawlaryň, ählihalk sala salşygynyň netijesi yglan edilýär we teswirnamanyň nusgasy Merkezi saýlaw toparynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýar. Merkezi saýlaw toparynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny dalaşgäriň, ählihalk sala salşygynyň teklipçi toparynyň başlygynyň almaga hukugy bardyr.
6. Aýry-aýry saýlaw uçastoklary ýa-da okruglary boýunça saýlawlaryň, sala salşygyň barşynda ýa-da sesler sanalanda şu Kodeksiň düzgünleriniň bozulmalaryna ýol berlendigi üçin, eger olar saýlawlaryň, sala salşygyň jemlerine täsir eden bolsa, saýlawlar, ählihalk sala salşygy Merkezi saýlaw topary, ýerli sala salşygy bolsa etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner. Düzgün bozulma hakynda şikaýat syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň degişli edarasy, dalaşgär, sala salşygyň teklipçi topary tarapyndan saýlawlaryň yz ýanyndaky iki günden gijä galman berilýär. Merkezi saýlaw topary, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary şikaýata üç günden gijä goýman seredýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
77-nji madda. Saýlanylanlary bellige almak
Degişli saýlaw topary saýlanylan Türkmenistanyň Prezidentini, Mejlisiň deputatlaryny, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalaryny bellige alýar.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
78-nji madda. Saýlawlaryň, sala salşygyň jemini yglan etmek
1. Degişli saýlaw topary saýlawlaryň, sala salşygyň jemini saýlawlaryň, sala salşygyň geçirilen gününden soň ýedi günden gijä goýman köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edýär.
2. Saýlawlaryň, sala salşygyň jemi baradaky habarda saýlawçylaryň sanawlaryna girizilen saýlawçylaryň umumy sany; ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sany; her bir dalaşgäriň tarapyna berlen sesleriň sany; sala salşygynda ses bermäge goýlan her bir mesele boýunça aýratynlykda "tarapyna" berlen sesleriň sany; "garşysyna" berlen sesleriň sany; hakyky däl diýlip ykrar edilen saýlaw býulletenleriniň sany; saýlanylanlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri, sala salşykda kabul edilen meseleler görkezilýär.
(2017-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
XI bölüm. Gaýtadan ses bermek. Gaýtadan saýlawlaryň geçirilmegi
79-njy madda. Gaýtadan ses bermek
1. Eger saýlaw okrugy boýunça üç we şondan hem köp dalaşgär sese goýlup, olaryň hiç biri hem saýlanylmadyk bolsa, degişli saýlaw topary has köp ses alan dalaşgärleriň ikisi boýunça okrugda umumy saýlawlardan soň iki hepdeden gijä goýman gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda karar kabul edýär.
2. Ählihalk sala salşygy geçirilende onuň jemlerine täsir edip biljek düzgün bozulmalaryň bolan uçastoklarynda sala salşygyň geçirilen gününden soň iki hepdäniň dowamynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda ýa-da Türkmenistanyň çäginde iki aýyň dowamynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda Merkezi saýlaw topary karar kabul etmäge hukuklydyr.
Ýerli sala salşyk geçirilende onuň jemlerine täsir edip biljek düzgün bozulmalaryň bolan uçastoklarynda sala salşygyň geçirilen gününden soň iki hepdäniň dowamynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda ýa-da degişli çäkde bir aýyň dowamynda gaýtadan ses bermegi geçirmek hakynda etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary karar kabul etmäge hukuklydyr.
Kabul edilen karar hakynda uçastok saýlaw toparlary degişli saýlawçylary habarly edýärler.
3. Gaýtadan ses bermek şu Kodekse laýyklykda geçirilýär.
4. Gaýtadan ses berlende ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň beýleki dalaşgäre seredende köp ses alan dalaşgär saýlanylan diýlip hasap edilýär.
5. Eger-de dalaşgärleriň biri dürli sebäplere görä çykyp giden halatynda galan dalaşgäre ses berilýär. Dalaşgär ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alsa, ol saýlanylan diýlip hasap edilýär.
80-nji madda. Gaýtadan saýlawlaryň geçirilmegi
1. Eger saýlawlarda saýlaw okrugynda sese goýlan dalaşgärler ikiden köp bolmasa we olaryň hiç biri hem saýlanylmadyk bolsa ýa-da saýlawlar hakyky däl diýlip ykrar edilen bolsa ýa-da gaýtadan ses berilmegi kimiň saýlanylandygyny kesgitlemäge mümkinçilik bermedik bolsa, umumy saýlawlardan soň üç hepdeden gijä goýman gaýtadan saýlawlary geçirmek bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň gaýtadan saýlawlary Mejlis tarapyndan bellenilýär.
Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň gaýtadan saýlawlary degişli welaýat, etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.
Geňeş agzalarynyň gaýtadan saýlawlary degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary tarapyndan bellenilýär.
2. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar hakynda habar ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
3. Gaýtadan saýlawlary uçastok saýlaw toparlarynyň täze düzüminiň geçirmegi baradaky karara gelnip bilner.
4. Gaýtadan saýlawlar umumy saýlawlary geçirmek üçin düzülen saýlawçylaryň sanawlary esasynda geçirilýär.
5. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar umumy saýlawlardan soň üç aý möhletden gijä goýman şu Kodekse laýyklykda geçirilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
XII bölüm. Ygtyýarlyklaryň ykrar edilmegi
81-nji madda. Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentiniň wezipä girişmegi
Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentiniň wezipä girişmeginiň tertibi "Türkmenistanyň Prezidenti hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.
82-nji madda. Mejlisiň saýlanylan deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň saýlanylan agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň ykrar edilmegi
Mejlisiň saýlanylan deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň saýlanylan agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakyndaky meselä degişlilikde Mejlisiň maslahatynda, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň mejlisinde seredilýär.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
XIII bölüm. Sala salşygyň jemleri boýunça çözgütler
83-nji madda. Sala salşygyň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň güýje girmegi
1. Ählihalk sala salşygyň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler resmi taýdan çap edilenden on gün soň güýje girýär.
2. Ýerli sala salşygyň jemleri boýunça kabul edilen karar ilatyň dykgatyna ýetirilen gününden güýje girýär.
84-nji madda. Sala salşygyň jemleri boýunça çözgütleriň hökmanylygy
1. Sala salşygyň jemleri boýunça kabul edilen çözgüt gutarnyklydyr. Ählihalk sala salşygyň çözgüdi Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany güýje eýedir, ýerli sala salşygyň çözgüdi – degişli dolandyryş-çäk birliginiň çäginde hökmany güýje eýedir.
2. Sala salşygyň jemleri boýunça kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk arkaly ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner.
(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
XIV bölüm. Mejlisiň çykyp giden deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşiň çykyp giden
agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegi
(XIV bölümiň ady 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
85-nji madda. Mejlisiň çykyp giden deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň çykyp giden agzasynyň ýerine saýlawlaryň geçirilmegi
Mejlisiň deputaty, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda degişli saýlaw okrugynda şu Kodekse laýyklykda täze saýlawlar geçirilýär.
Saýlawlary Mejlis şu Kodeksiň 4-nji maddasyna laýyklykda belleýär.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
XV bölüm. Saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegi.
Dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen saýlawlaryň geçirilmegi
(XV bölümiň ady 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
86-njy madda. Saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegi
1. Eger Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda Mejlis Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä geçen güni belleýär, saýlawlar bolsa ygtyýarlyklaryň geçen gününden altmyş günden gijä goýulman geçirilýär.
2. Türkmenistanyň Mejlisi möhletinden öň ýatyrylan halatynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Welaýat, etrap, şäher halk maslahaty, Geňeş möhletinden öň ýatyrylan halatynda, olaryň agzalarynyň saýlawlary Mejlis tarapyndan bellenilýär.
3. Saýlawlar şu Kodekse laýyklykda geçirilýär.
(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
87-nji madda. Dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda saýlawlaryň geçirilmegi
1. Eger-de dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi netijesinde welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň düzüm sany Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmezligi bilen baglylykda öz işini amala aşyryp bilmese, onda welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň täze saýlawlary dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilen gününden beýläk üç aýdan gijä goýman geçirilýär.
2. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň saýlawlaryny Mejlis dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilen gününden beýläk bir aýdan gijä goýman belleýär.
3. Saýlawlar şu Kodekse laýyklykda geçirilýär.
(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
XVI bölüm. Saýlawlaryň, sala salşyklaryň maliýeleşdirilmegi
88-nji madda. Saýlawlaryň, sala salşyklaryň maliýeleşdirilmegi
1. Saýlawlara, ählihalk sala salşygyna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Ýerli sala salşyga taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň çykdajylary degişli Geňeşiň býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Saýlawlary, sala salşyklary maliýeleşdirmegiň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp bellenilýär.
2. Saýlawlaryň, sala salşyklaryň döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri, daşary ýurt döwlet edaralary, guramalary we kärhanalary, beýleki daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we wekillikleri, daşary ýurt raýatlary, halkara guramalary, gatnaşyjylary daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslary bolup durýan Türkmenistanda hasaba alnan ýuridik şahslar tarapyndan hiç hili görnüşde maliýeleşdirilmegine ýol berilmeýär.
Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmegiň maksatnamalaryny, habarlaýyn, bilim beriş, ylmy-barlag maksatnamalarynyň, saýlawlaryň tehniki taýýarlygynyň, saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň maliýeleşdirilmegi saýlawlary, sala salşyklary maliýeleşdirmek diýlip hasap edilmeýär.
3. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hem-de Geňeşiň býujetiniň serişdeleriniň hasabyna şu aşakdaky çykdajylar maliýeleşdirilýär:
1) çap önümlerini taýýarlamak we neşir işlerini amala aşyrmak;
2) saýlawlary, sala salşygy geçirmegi we saýlaw toparlarynyň işini üpjün etmek üçin zerur bolan enjamlary, beýleki maddy gymmatlyklary edinmek, getirmek we ýerleşdirmek;
3) saýlaw toparlary bilen aragatnaşygy (telefon, faksimil, poçta, elektron aragatnaşyklaryny), saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly ulag çykdajylaryny üpjün etmek;
4) saýlaw resminamalaryny getirmek, saklamak, ony arhiwe bermäge ýa-da ýok etmäge taýýarlamak;
5) saýlaw okruglarynyň we saýlaw uçastoklarynyň sanawlaryny, olaryň çäklerini, ýerleşýän ýerlerini, saýlaw toparlarynyň düzümini görkezmek bilen çap etmek;
6) dalaşgärlere, sala salşygyň teklipçi toparlaryna tölegsiz tertipdäki ýaýlym wagtyny, çap meýdanyny bermek;
7) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw toparlarynyň habarlaryny çap etmek;
8) saýlawlar, sala salşygyň güni saýlaw toparlarynyň agzalary üçin nahar guramak (her bir agza gündelik harjy ölçeginde);
9) saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek, şeýle hem saýlaw toparlarynyň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly gaýry çykdajylar.
4. Saýlaw toparlary saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek üçin bölünip berlen serişdeleri çykdajylaryň tassyklanylan sanawyna laýyklykda harçlaýarlar. Ýokarda durýan saýlaw topary aşakda durýan saýlaw toparlarynyň çykdajylaryny merkezleşdirilen tertipde töläp biler.
5. Etrap, şäher saýlaw toparlary maliýe serişdeleriniň harçlanylyşy baradaky hasabaty saýlawlar, ählihalk sala salşygyň gününden soň bir aýdan gijä goýman welaýat saýlaw toparyna berýärler. Welaýat saýlaw toparlary maliýe serişdeleriniň harçlanylyşy baradaky hasabaty saýlawlar, ählihalk sala salşygyň gününden soň üç aýdan gijä goýman Merkezi saýlaw toparyna berýärler.
6. Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Döwlet býujetinden saýlawlara, ählihalk sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek üçin bölünip berlen serişdeleriň saýlaw toparlary tarapyndan harçlanylyşy baradaky hasabaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine berýär.
Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary Geňeşiň býujetinden ýerli sala salşyga taýýarlyk görmek we geçirmek üçin bölünip berlen serişdeleriň saýlaw toparlary tarapyndan harçlanylyşy baradaky hasabaty degişli Geňeşe berýär.
7. Saýlaw toparlarynyň başlyklary bölünip berlen serişdelere ygtyýar edýärler we maliýe resminamalarynyň saýlaw toparlarynyň maliýe meseleleri boýunça kararlaryna laýyk gelmegi üçin jogapkärçilik çekýärler.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
89-njy madda. Saýlawlara, sala salşyklara taýýarlyk görmäge we geçirmäge bölünip berlen serişdeleriň harçlanyşyna gözegçilik
1. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden, Geňeşiň býujetinden saýlaw toparlaryna bölünip berlen serişdeleriň maksatlaýyn harçlanylyşyna gözegçilik etmek üçin Merkezi saýlaw toparynyň, degişli Geňeşiň ýanynda ýedi agzadan köp bolmadyk düzümde gözegçilik-derňew topary döredilýär.
Gözegçilik-derňew toparynyň guramaçylyk we iş tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Gözegçilik-derňew toparynyň düzümine Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň, degişli Geňeşiň, maliýe, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň hünärmenleri çekilip bilner. Degişli edaralar hünärmenleri Merkezi saýlaw toparynyň, Geňeşiň ygtyýaryna olaryň talapnamasy boýunça iş sapary bilen ibermäge borçludyrlar.
3. Gözegçilik-derňew toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk we maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi Merkezi saýlaw topary, degişli Geňeş tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Gözegçilik-derňew topary Merkezi saýlaw toparynyň, degişli Geňeşiň karary boýunça:
1) saýlaw toparlarynyň hasabatlaryny barlaýar;
2) dalaşgärlerden, teklipçi toparlardan, saýlaw toparlaryndan, döwlet edaralaryndan, fiziki we ýuridik şahslardan öz ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça maglumatlary alýar. Gözegçilik-derňew toparynyň ýüztutmalaryna jogaplar we onuň soran maglumatlary üç gün möhletde, ses bermäge bäş we şondan az gün galanynda we ses berilýän gün bolsa – haýal etmän berilýär;
3) saýlawlarda, sala salşykda wagyz işlerini geçirmegiň, saýlaw möwsümini geçirmek bilen gös-göni baglanyşykly bolan beýleki çäreleriň amala aşyrylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň bellenilen tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
4) saýlawlary, sala salşygy maliýeleşdirmekde ýol berlen maliýe düzgün bozulmalar barada resminamalary düzýär;
5) Merkezi saýlaw toparynyň, degişli Geňeşiň öňünde dalaşgärlere, sala salşygyň teklipçi toparlaryna, fiziki we ýuridik şahslara olar tarapyndan saýlaw möwsümini maliýeleşdirmekde goýberilen düzgün bozulmalar üçin jogapkärçilik çäresiniň ulanylmagy barada meseleleri goýýar;
6) bilermenleri barlaglary geçirmäge, netijenamalary we bilermenlik bahalaryny taýýarlamaga çekýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
XVII bölüm. Jemleýji düzgünler
90-njy madda. Saýlaw toparlarynyň kararlaryna we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine ýa-da (hereketsizligine) şikaýat etmek
1. Saýlaw toparlarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň raýatlaryň saýlaw hukugyny, şu Kodeksiň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny bozýan kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) ýokarda durýan saýlaw toparyna şikaýat edilip bilner.
2. Şikaýat bilen saýlawçylar, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar, teklipçi toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem saýlaw toparlary ýüz tutup bilerler. Şikaýat esaslandyrylan bolmalydyr we ol esaslanylýan subutnamalar bilen bilelikde berilmelidir.
Saýlaw toparynyň adyndan şikaýat saýlaw toparynyň karary esasynda berilýär, ol karar şikaýatyň ýanyna goşulýar.
3. Saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmegiň barşynda gelip gowşan şikaýatlar saýlaw toparlary tarapyndan şikaýatyň gelip gowşan pursadyndan beýläk üç gün möhletde, saýlawlaryň, sala salşygyň gününiň öň ýanyndaky günde ýa-da saýlawlar, sala salşygyň güni bolsa haýal edilmän seredilmäge degişlidir.
Eger-de saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmegiň barşynda gelip gowşan şikaýatlarda görkezilen maglumatlar goşmaça barlaglary talap edýän bolsa, olara bäş gün möhletden gijä goýman seredilýär.
4. Ses berlişiniň jemlerine ses berlişiň jemleri jemlenilenden soň, üç günüň dowamynda şikaýat edilip bilner. Saýlawlaryň, sala salşygyň netijelerine saýlawlaryň, sala salşygyň netijeleri kesgitlenenden soň, üç günüň dowamynda şikaýat edilip bilner.
5. Şikaýatlara seredilende gyzyklanýan taraplar, hereketine (hereketsizligine) şikaýat edilýän şahslar ýa-da olaryň wekilleri saýlaw toparynyň mejlisiniň geçýän güni we ýeri barada öňünden habarly edilýär. Görkezilen şahslaryň seredilýän meseläniň hakyky ýagdaýy barada düşündiriş bermäge we subutnamalary görkezmäge hukugy bardyr. Ýokarda durýan saýlaw toparynyň aşakda durýan saýlaw toparynyň kararyny ýatyrmaga we şikaýatyň mazmuny boýunça karar kabul etmäge hukugy bardyr.
6. Şikaýat boýunça kabul edilen karar şikaýatçynyň dykgatyna ýetirilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda)
91-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw işine, sala salşyga gatnaşyjylaryň kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) kazyýete şikaýat etmek
1. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, beýleki edaralaryň, olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw toparlarynyň, saýlaw işine, sala salşyga beýleki gatnaşyjylaryň raýatlaryň saýlaw hukuklaryny bozýan kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine), şeýle hem dalaşgärleriň, olaryň ynanylan adamlarynyň, teklipçi toparlaryň şu Kodeksiň talaplaryny bozýan hereketleri kazyýete şikaýat edilip bilner.
2. Kazyýetler öz işlerini (şol sanda, dynç günleri hem) şikaýatlara öz wagtynda seredilmegini üpjün edip biler ýaly tertipde guramaga borçludyrlar.
3. Şikaýatlar bilen saýlawçylar, dalaşgärler, dalaşgärleriň ynanylan adamlary, synçylar, teklipçi toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem saýlaw toparlary ýüz tutup bilerler. Şikaýat esaslandyrylan bolmalydyr we ol esaslanylýan subutnamalar bilen bilelikde berilmelidir.
Saýlaw toparynyň adyndan şikaýat saýlaw toparynyň karary esasynda berilýär, ol karar şikaýatyň ýanyna goşulýar.
4. Kazyýet tarapyndan şikaýata seretmek üçin kabul edilen we raýatyň ýa-da saýlaw işine, sala salşyga beýleki gatnaşyjylaryň saýlaw toparyna şoňa meňzeş şikaýat bilen ýüz tutan halatynda saýlaw topary şikaýata seretmegi kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girýänçä togtadýar. Kazyýet degişli saýlaw toparyny gelip gowşan şikaýat barada habarly edýär.
5. Saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmegiň barşynda gelip gowşan şikaýatlar kazyýet tarapyndan şikaýatyň gelip gowşan pursadyndan beýläk üç gün möhletde, saýlawlaryň, sala salşygyň gününiň öň ýanyndaky günde ýa-da saýlawlar, sala salşygyň güni bolsa haýal edilmän seredilmäge degişlidir.
Eger-de saýlawlara, sala salşyga taýýarlygyň barşynda gelip gowşan şikaýatlarda görkezilen maglumatlar goşmaça barlaglary talap edýän bolsa, olara bäş gün möhletden gijä goýman seredilýär.
6. Kazyýet mejlisiniň geçirilýän wagty we ýeri barada degişli tertipde habarly edilen şikaýat edijiniň, hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat edilýän şahsyň, olaryň wekilleriniň, şeýle hem saýlaw toparlarynyň, teklipçi toparlarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, beýleki gyzyklanýan şahslaryň kazyýete gelmezligi işiň seredilmegi we çözülmegi üçin päsgelçilik bolup durmaýar.
7. Ses berlişiň jemlerine, ýokarda durýan degişli saýlaw topary ses berlişiň jemleri boýunça şikaýata seredenden soň, üç günüň dowamynda kazyýete şikaýat edilip bilner.
8. Kazyýet degişli saýlaw toparynyň kararyny şu Kodeksde, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda ýatyryp biler.
Saýlaw toparynyň karary kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa, onda kazyýetiň çözgüdi esasynda täze karary şol mesele boýunça karary ýatyrylan saýlaw topary ýa-da ýokarda durýan saýlaw topary kabul etmäge borçludyr.
9. Merkezi saýlaw toparynyň, onuň wezipeli adamlarynyň kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine şikaýat edilip bilner.
10. Şikaýat boýunça kazyýetiň kabul eden çözgüdi şikaýatçynyň dykgatyna ýetirilýär.
(2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda)
92-nji madda. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu adamlar raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler:
1) zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen ýa-da başga usullar arkaly Türkmenistanyň raýatynyň saýlaw hukugyny erkin amala aşyrmagyna päsgel berýänler ýa-da ses bermegiň gizlinligini bozýanlar ýa-da raýatlaryň saýlawçylaryň sanawlary bilen tanyşmaga bolan hukugyny bozýanlar ýa-da saýlawçylara bermit bermäge gatnaşýanlar;
2) özüniň wezipe ýa-da gulluk ýagdaýynyň artykmaçlygyny peýdalanýanlar ýa-da saýlawlary, sala salşygy maliýeleşdirmegiň kadalaryny bozýanlar, şol sanda öz üstlerine ýüklenilen borçlaryň tersine gitmek bilen, saýlaw toparlaryna serişdeleriň geçirilmegini bökdeýänler ýa-da raýatlara olara başga şahslara ses bermäge mümkinçilik bermek maksady bilen saýlaw býulletenleri berenler ýa-da saýlaw resminamalarynyň galplaşdyrylmagyny amala aşyranlar, görnetin ýalan resminamalary düzenler we berenler, sesleri görnetin nädogry sanamagy ýa-da ses bermegiň jemlerini görnetin nädogry takyklamagy, saýlawlaryň, sala salşygyň netijelerini kesgitlemegi görnetin nädogry amala aşyranlar, ses bermegiň jemleri, saýlawlaryň, sala salşygyň netijeleri baradaky maglumatlary bermedikler ýa-da çap etmedikler;
3) dalaşgärler, teklipçi toparlaryň agzalary hakynda görnetin ýalan maglumatlary ýaýradýanlar ýa-da dalaşgärleriň, teklipçi toparlaryň agzalarynyň, olaryň ýakyn garyndaşlarynyň we ynanylan adamlarynyň at-abraýyna we mertebesine şek ýetirýän beýleki hereketleri amala aşyrýanlar ýa-da saýlawçylaryň, dalaşgärleriň, olaryň ynanylan adamlarynyň, saýlaw toparlarynyň, sala salşygyň teklipçi toparlarynyň agzalarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hukuklaryny bozýanlar;
4) saýlaw uçastoklarynda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň amala aşyrylmagyna päsgel berýänler ýa-da wagyz işlerini geçirmegiň kadalaryny bozýanlar, şol sanda saýlawlar, sala salşygyň güni wagyz işlerini alyp barýanlar ýa-da saýlaw toparlarynyň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly işine päsgel berýänler ýa-da bikanun goşulýanlar ýa-da saýlaw býulletenlerini ses berilýän jaýdan bikanun çykaranlar.