Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli demokratiýanyň esaslary häzirki türkmen jemgyýetinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň özenini düzýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, hakyky raýat jemgyýetini gurmak ugrundaky tagallalar saýlawlar bilen berk baglydyr. Saýlawlar islendik döwlet üçin hem örän möhüm ähmiýete eýe bolup, ol ýurtda syýasy ulgamyň kämilliginiň ölçeg terezisi hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary-da döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip durulýar.
Amala aşyrylan bu giň gerimli çäreler barada giňişleýin gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy Aman Amanow bilen söhbetdeş bolup, oňa birnäçe sowal bilen ýüz tutduk:
— Aman Sapargeldiýewiç, söhbetdeşligimiziň başynda ilki bilen Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ähmiýeti we oňa şu güne çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada gürrüň beräýseňiz!
— Bilşimiz ýaly, saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanunçylyk binýady bolup durýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ozal hereket eden saýlawlary we sala salşyklary guramaçylykly geçirmek hakyndaky jemi sekiz sany kanuny özünde jemlemek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, saýlaw hukugyna degişli ähli düzgünleri beýan edýän kanunçylyk namasydyr. Munuň özi, demokratik saýlawlar babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän hem-de saýlawçylaryň erkin we gizlin ses bermegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň esasy ähmiýetli tarapydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 17 bölümden, 92 maddadan we 3 bapdan ybarat bolup, ol 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi. Biziň döwletimizde indi ençeme ýyllardan bäri saýlawlaryň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda geçirilmegi, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkara derejesine laýyklykda amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň guramaçylykly, demokratik esaslarda geçirilmegini, Türkmenistanyň raýatlarynyň öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýär.
Şeýle-de, ýurdumyzyň Saýlaw kodeksinde saýlaw toparlaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň, saýlaw okrugydyr uçastoklaryny döretmegiň, dalaşgärleri hödürlemekligiň we olary bellige almaklygyň tertibi, saýlawlaryň maglumat üpjünçiliginiň kepillikleri, ses bermegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi ýaly, başga-da birnäçe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara kadalaryna laýyk gelýän düzgünler beýan edilýär.
Eziz Diýarymyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, oňa jemi 10 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Olar aşakdakylardan ybaratdyr:
Birinji gezek Saýlaw kodeksine 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şol ýylky girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hatarynda, saýlawlarda dalaşgärler tarapyndan hem milli synçylaryň bellenilip bilinýändigi, şeýle hem okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň bäş ýyldygy kesgitlenildi.
Ikinji gezek Kodekse 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Ýurdumyzda köp partiýaly saýlaw ulgamynyň emele gelendigi göz öňünde tutulyp, şonda jemgyýetçilik birleşikleriniň saýlawlarda dalaşgär hödürlemek hukugy bes edildi, saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek hukugy diňe syýasy partiýalara hem-de raýatlar toparlaryna degişli edildi.
Üçünji gezek Kodekse 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, has takygy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 78-nji maddasynyň 1-nji bölegine saýlawlaryň jemi baradaky habaryň 7 günden gijä goýman, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilýändigi barada üýtgetme girizildi.
Dördünji gezek 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 10 sany maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýändigi kesgitlenildi.
Bäşinji gezek 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 2 maddasynda degişli ministrligiň adynyň üýtgedilendigi bilen baglanyşykly üýtgetme girizildi.
Altynjy gezek 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 10 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Ýedinji gezek, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi esasynda iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen baglylykda, ýagny 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen bagly bolup durýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary» diýlen 1 belgili 6-njy (VI(I)) täze bölüm goşuldy. Täze bölüm 18 sany täze goşulan (50(1) – 50(I8)) maddalary öz içine aldy. Bulardan başga-da, Saýlaw kodeksiniň 55 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Saýlaw kodeksiniň 14-nji bölüminiň ady üýtgedildi.
Sekizinji gezek Kodekse 2021-nji ýylyň 13-nji martynda üýtgetme girizildi. Şol üýtgetme esasynda, Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasynda dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, geňeşiniň agzasynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda, olaryň saýlawlarynyň başga möhletlerde hem geçirilip bilinýändigi kesgitlenildi.
Dokuzynjy gezek, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi esasynda, bir palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen baglylykda, ýagny 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Parlamentiň bir palataly ulgama geçmegi bilen bagly bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýlen 18 sany (50(1) – 50(18)) maddalary özünde jemleýän VI(1) bölüm aýryldy. Şeýle-de, Saýlaw kodeksiniň birnäçe maddalaryna üýtgetme girizildi.
Onunjy gezek 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Saýlaw kodeksiniň III babyna, ХV bölümine we maddalaryň 23-sine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şol sanda saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, innowasion sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bellenilýär.
— Aman Sapargeldiýewiç, şu söhbetdeşligimizde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň maksady barada hem aýdyp beräýseňiz!
— Hormatly Prezidentimiziň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek baradaky nesihatlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň esasy maksady eziz Diýarymyzda saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmekden, dünýäde toplanan tejribäni nazara alyp, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny demokratik şertlerde berjaý etmekden we saýlawlaryň aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunçylyklarymyza hem-de halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.
Dünýäde umumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalary özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi we girizilýän üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň mynasyp beýanyny tapmagy ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Munuň özi häzirki türkmen jemgyýetinde raýatlaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artýandygyny, raýatlarymyzyň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da berkidilýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, hil taýdan ýokary derejede, köp partiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek, raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi üçin işlemek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
Eziz Diýarymyzda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan uly tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny, janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
– Beren giňişleýin gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren H.Öwezow.