Mawy Zeminiň ýaşyl mülki saýylýan tokaýlar Ýerdäki ähli janly-jandaryň ýaşamagy üçin uly zerurlyk bolup durýar. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirilen sammitinde milli Liderimiz çykyş edip, Aralyň meselelerini çözmäge, şeýle hem çölleşmäge garşy göreşmäge, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirmegiň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şonda milli Liderimiz bu maksatlar üçin biziň ýurdumyzda halkara düzümleriň gatnaşmagynda, şol sanda Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli çäreleriň toplumynyň işlenilip taýýarlanylandygyny hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky 20 ýylyň dowamynda «Gök guşak» milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda 90 milliondan gowrak düýp bagyň ekilendigini, azym-azym ak şäherleriň, häzirkizaman obalarynyň gurulýan ajaýyp mekany bolan Türkmenistany bagy-gülzara öwürmek işine ulgamlaýyn çemeleşilýändigini aýtdy.
Ekilen bu baglaryň idegine ylmy taýdan çemeleşilmegi, şol bir wagtyň özünde-de adam eli bilen döredilen bu emeli tokaýyň her bir daragtynyň damjalaýyn usulda merkezleşdirilen esasda suwarylmagynyň örän ykjam ýola goýulmagy hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu babatda nusgawy tygşytlylyga aýratyn üns berilýändigini subut edýär.
Döwlet derejesinde siňdirilýän aladalar we yhlaslar döredilen bu ýaşyl tokaý zolagynyň gysga wagtyň içinde özboluşly faunasynyň we florasynyň emele gelmegine getirdi. Göýä eşret jamyndan suw içýän mysaly, parlap boý alýan şol 90 million düýp bag bu gün pür-pudak bolşup ösüp, türkmen sährasyna müşki-anbar ysyny bolluk bilen saçýar. Şol daragtlaryň mähribanlyk kölegelerinde bolsa, janly-jandarlaryň özboluşly ýaşaýyş dünýäsi gaýnap joşýar. Bu owadan daragtlary we ajaýyp haýwanat dünýäsini synlan her bir ynsanyň köňül guşy begenjinden mawy asmanda perwaz urýar. Adam elleriniň gudraty bilen emele getirilen bu gözellik hemişelik Bitarap Türkmenistanda ekologiýany goramak meselesiniň halkara derejesinde üstünlikli çözülýändigini alamatlandyrýar.
Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýewiň:
«Kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýäň kitabynda onuň ady bar!»
diýen pelsepewi setirlerinden çen tutsaň, onda bu diwanda Türkmenistanyň adynyň ebedi orun tutjakdygy şübhesizdir!
Agadurdy AKMYRADOW,
žurnalist.