ЦЕНТРАЛЬНАЯ КОМИССИЯ ПО ПРОВЕДЕНИЮ ВЫБОРОВ И РЕФЕРЕНДУМОВ В ТУРКМЕНИСТАНЕ

TOGSAN MILLION DÜÝP BAG

Mawy Zeminiň ýaşyl mülki saýylýan tokaýlar Ýerdäki ähli janly-jandaryň ýaşamagy üçin uly zerurlyk bolup durýar. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýylyň 24-nji awgustynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky  Kongresler merkezinde  geçirilen sammitinde  milli Liderimiz  çykyş edip,  Aralyň meselelerini çözmäge, şeýle hem  çölleşmäge garşy göreşmäge, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirmegiň uly ähmiýete eýedigini nygtady.  Şonda milli Liderimiz bu maksatlar üçin biziň ýurdumyzda halkara düzümleriň gatnaşmagynda, şol sanda Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli çäreleriň toplumynyň işlenilip taýýarlanylandygyny hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky 20 ýylyň dowamynda «Gök guşak» milli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda  90 milliondan gowrak düýp bagyň ekilendigini, azym-azym ak şäherleriň, häzirkizaman obalarynyň gurulýan ajaýyp mekany bolan Türkmenistany bagy-gülzara öwürmek işine ulgamlaýyn çemeleşilýändigini aýtdy.

Ekilen bu baglaryň idegine ylmy taýdan  çemeleşilmegi, şol bir wagtyň özünde-de  adam eli bilen döredilen bu emeli tokaýyň her bir daragtynyň damjalaýyn usulda   merkezleşdirilen esasda suwarylmagynyň örän ykjam ýola goýulmagy hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu babatda nusgawy tygşytlylyga aýratyn üns berilýändigini subut edýär.

Döwlet derejesinde siňdirilýän aladalar we yhlaslar döredilen bu ýaşyl tokaý zolagynyň gysga wagtyň içinde özboluşly faunasynyň we florasynyň emele gelmegine getirdi. Göýä eşret jamyndan suw içýän mysaly, parlap boý alýan şol 90 million düýp bag  bu gün  pür-pudak bolşup ösüp, türkmen sährasyna müşki-anbar ysyny bolluk bilen  saçýar. Şol daragtlaryň mähribanlyk kölegelerinde bolsa, janly-jandarlaryň özboluşly ýaşaýyş dünýäsi gaýnap joşýar. Bu owadan  daragtlary we ajaýyp haýwanat dünýäsini  synlan her bir ynsanyň   köňül guşy begenjinden mawy asmanda perwaz urýar. Adam elleriniň gudraty bilen emele getirilen bu  gözellik hemişelik Bitarap Türkmenistanda  ekologiýany goramak meselesiniň halkara derejesinde üstünlikli çözülýändigini alamatlandyrýar.

Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýewiň:

«Kim-de-kim bir agaç  ekse ýadygär,

Dünýäň kitabynda onuň  ady bar!»

diýen pelsepewi setirlerinden çen tutsaň, onda bu diwanda Türkmenistanyň adynyň  ebedi orun tutjakdygy   şübhesizdir!

 

Agadurdy AKMYRADOW,
žurnalist.