2026-03-06
Ajaýyp bahar paslynyň al-elwan gülleriniň müşk ysynyň bark urýan ilkinji günlerinde, ýagny mart aýynyň 8-ne «Halkara zenanlar güni» dünýä ýüzünde giňden bellenilýär. Bu baýramçylygyň döremeginiň esasy sebäpleri-de, zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi boýunça goldawlara mynasyp bolmagydyr. Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda zenanlaryň Kopengagen şäherinde geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda kabul edilýär. 1975-nji ýylyň mart aýyndan bäri bolsa Birleşen Milletler Guramasynda «Halkara zenanlar güni» bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň sahawatly saýasynda, tebigaty gözelligi bilen özgerdýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde, milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarymyzyň şanyna milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän «8-nji Mart – Halkara zenanlar güni» eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip, merdana halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň medeniýetde, ylymda, oba hojalygynda, ykdysadyýetde has ýokary derejelere galmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de, zenanlarymyzyň ene-mamalardan miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy nesillerden nesillere ýetirmekde hem bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bardyr. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasy bilen kemala gelen nepis halylarymyz, el işlerimiz, milli lybaslarymyz bolsa dünýä ýüzüni haýrana goýýar.
Maşgalanyň sütüni hökmünde ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir. Ata-babalarymyzyň «Ata sözi — hikmet, ene sözi — rehnet», «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — soltanly öý» diýen dürdäne sözleri türkmen halkynda zenan mertebesiniň, hormatynyň mydama belentde tutulandygyny äşgär edýär.
Häzirki döwürde zenanlar hakyndaky alada, olaryň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda deňligini üpjün etmek demokratik döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Zenanlar maşgala ojagynyň mukaddesligi hökmünde ähli döwürlerde belent sarpa eýe bolupdyrlar, olar ykbalyň agyr günlerinde erkeklere parasatly maslahatçy hem-de wepadar ýoldaş bolupdyrlar we parahatçylyk, abadançylyk döwründe hem ýanýoldaşlaryny üstünliklere ruhlandyrypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen zenanlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklaryny şeýle belleýär: «Maşgala ojagyny aýawly gorap saklaýan biziň zenanlarymyz gadymdan gelýän däp-dessurlary dowam etdirmek, olary kämilleşdirmek bilen nesilden-nesle geçirip, hemmeler bilen birlikde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýärler, döwlet wezipelerinde işlemek bilen, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, özleriniň tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň kuwwatyny artdyrýarlar».
Türkmen zenanlary Diýarymyzda geçirilýän düýpli özgertmelere uly goşant goşýarlar, döwletimiziň we jemgyýetimiziň özleri hakyndaky goldawlaryndan ruhlanýarlar, zenanlaryň döwletiň syýasy meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmaklary Türkmenistanda durnuklylygyň we sagdyn, abadan jemgyýetiň, durmuş adalatlylygynyň dabaralanýandygyndan habar berýär.
Bu nurana baýramçylyk mynasybetli, sekiz we ondan hem köp çagany kemala getiren hem-de olary terbiýeläp ýetişdiren zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, şeýle hem olara ýaşaýyş jaýlarynyň sowgat berilmegi we beýleki durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi hem-de aýal-gyzlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy ýaly ynsanperwer çäreler asylly däp bolup, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine öwrüldi.
Biziň zenanlarymyz ýöne ýerden bahar paslyna deňelmändir. Bu pasla mahsus ähli ajaýyplyklar mährem gelin-gyzlaryň häsiýetlerinde jemlenýär. Olaryň gülden görkli nurana ýüzleri, jana ýakymly şirin sözleri, melhem ýaly mylaýym elleri tebigatyň ähli gözelliklerini özünde jemleýär. Biz dünýäde bar bolan mukaddeslikleriň ählisini zenanlarymyza deňeýäris. Mährem zenanlarymyzyň waspy aýdym-sazlarda, goşgularda mynasyp orun tapýar. Baýdak ýaly gelinlerimiz öý-ojagyň eýesidir, baran öýüni mähir bilen ýyladýan mähir ummanydyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir, Ene ýurt we toprak bilen deň derejede goýulýandyr. Ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir.
Zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de zähmet çekmegi ugrunda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban zenanlar!
Agamämmet Baýlyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni
