2026-03-19
Hormatly Prezidentimiziň parasatly, ynsanperwer baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzdan miras galan ýokary ahlaklylyk, belent adamkärçilik, haýyr-sahawatlylyk ýaly hoşniýetli ýörelgelere belent sarpa goýmagy hem-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň, urp-adatlarynyň döwrebap derejede dabaralan-dyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende göterip, eşretli zamanada bedew batly ösüşler bilen agzybirlikde ýaşamagyna badalga berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Oraza baýramy milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, giňden bellenilýär. Bu baýram gününde ak mermerli paýtagtymyzda, akylly Arkadag şäherinde we eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda halkymyzy has-da jebisleşdirýän, bagtyýar nesillerimizde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny terbiýeleýän baý mazmunly baýramçylyk çäreleri geçirilýär.
Bu mukaddes aý musulman dünýäsinde hem-de halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Agyz beklenilýän döwürde diliňi gybatdan, ýalan sözlemekden, gulagyňy erbet söz eşitmekden, gözüňi haram zatlary görmekden we kalbyňy ýaramaz oý-pikirlerden saklamak orazanyň möhüm şertidir. Haýyr-sahawatly Oraza aýynda agzaçar sadakalary berlip, metjitlerimizde tarawa namazlary okalýar. Dünýä ýüzünde at-abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy, rowaçlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, ýer ýüzüniň parahatçylygy üçin ýagşy doga-dileg edilýär.
Birek-birege hormat goýmak, haýyr işleri etmek pederlerimizden gaýdýan kämil milli ýörelgämizdir. Oraza aýynda adamlar haýyr-sahawat işlerini has-da artdyrýarlar. Bu aýyň içindäki Gadyr gijesine her bir maşgala ojagynda aýratyn taýýarlyk görülýär. Oraza baýramynyň öňünden gelýän mübärek Gadyr gijesi mynasybetli, asylly däbe laýyklykda, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň ýüzlerçesiniň günäsiniň geçilip, maşgala ojaklaryna gaýdyp gelmekleri hem hormatly Prezidentimiziň belent ynsanperwerliginiň, sahawatynyň dabaralanmasydyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň nurana bahar paslynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda eziz Watanymyzda Oraza baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenilmegi yhlasly zähmet çekýän, gurýan, döredýän halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Döwürleri we nesilleri aýrylmaz baglanyşdyrýan Oraza baýramynyň döredijilige, rowaçlyga, beýik üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralary ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygymyzy, milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Oraza baýramyny bellemek däbi şükranalygyň we päk ahlaklylygyň ýörelgesi bilen ýaşaýan agzybir halkymyz üçin bir bitewi mukaddeslikdir.
Her ýyl hormatly Prezidentimiziň mukaddes Oraza baýramyny döwlet derejesinde bellemek hakynda kabul edýän Permanynyň esasynda, agzybir halkymyz Oraza baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde belläp geçýär.
Baý mirasymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak, olary aýap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ynsanperwerlige ýugrulan baýramlarymyzy rowaçlandyrýan, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris!
Oraza baýramyňyz gutly bolsun, mähriban watandaşlar!
Ýazmyrat Baýramdurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Lebap welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
