Habarlar

Makalalar

Wideo

Ynsanperwer gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna

2026-03-28

Ynsanperwer gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda başy başlanan peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz –Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredildi.

Häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem açylyp ulanmaga berilmegi bilen, merkezde çagalaryň terbiýe almagy, gatnap we ýatymlaýyn esasda olaryň saglygyna seredilmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.

Gaznanyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde halkara giňişlikde wagyz etmek işi hem wajypdyr. Bu ugurda makalalary, maglumatlary taýýarlap, internet saýtlarynda ýerleşdirmek zerurdyr. Bu babatda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň çap edilmegi bellärliklidir. Kitap «Gurplylygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr.

Gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär.

Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär. Ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyz çäksizdir.

Çagalary goramak ugrunda alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibinde kesgitlenen durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär hem-de «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek» diýen 3-nji maksada ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy. Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Ýaş nesiller üçin taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.