Habarlar

Makalalar

Wideo

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Watany

2026-04-06

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Watany

Her bir güni beýik ösüşli, döwri galkynyşly berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli rowaçlanýar. Ynsan saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek häzirki wagtda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň aprel aýynyň 7-sinde Bütindünýä saglyk güni uly ruhubelentlikde bellenip geçilýär. Saglyk güni – sagdyn durmuş, berk beden we güýçli aňyýet bilen gyzyklanýan her bir adam üçin möhüm baýramçylykdyr. Milli sene-namamyzda orun alan bu halkara çäresi sagdynlygyň we ruhubelentligiň Watany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan – şöhratyny belende galdyrýar.

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdüril-megine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Sport, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz—Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenter-biýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyjy boýunça häzirki wagtda ynsan saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Her ýylda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününde ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy bu asylly işlere berkarar Watanymyzda döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň şahsy görelde görkezmegi ýaşlar üçin has-da täsirlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Ynsan saglygynyň goraglylygynyň üpjün edilmegi, türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz–Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bahar Dinmädowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Daşoguz welaýaty boýunça iş ýöredijisi.