Habarlar

Makalalar

Wideo

Alyslara uzaýan ak ýollar

2026-04-16

Alyslara uzaýan ak ýollar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda bedew batly täze, ösüşli gadamlar bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny dowamata besleýän hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda sebit we dünýä ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly işler amala aşyrylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy sene- siniň şöhrata beslenýän ýylynda ýene bir döwletli başlangyç durmuşa geçirildi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berjek bu ýoluň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyryldy.

Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyry –Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ynha, 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde bolsa uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň – Mary – Türkmenabat bölegi hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen ulanmaga berildi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köp şahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda boldy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtasak ýerlikli bolar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan ägirt uly geoykdysady kuwwaty özünde jemläp, bu ugurdaky mümkinçiliklerini yzygiderli giňeldýär, dünýäniň ählumumy ulag-logistika multimodal gatnawlar ulgamyna ynamly goşulyşýar. Türkmenistan häzirki wagtda, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini giňeldýär. Bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly Günorta we Gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulyşmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

«Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň ilkinji ýylynda şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bedew batly ösüşlerimize şaýatlyk edýär. Irki döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň üstünden geçipdir. Häzirki döwürde biz bu ýoly döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalary edýäris. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem bu ugurda örän möhüm ähmiýete eýedir» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hawa, türkmen halkynda «Ýol salan — jennetden jaý alar» diýen örän çuňňur manyly, pähimli söz bar. Ýol gurmak, köpri salmak iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu asylly ýörelge diňe bir şäherleri däl, eýsem, yklymlary, adamlaryň ykballaryny we ýüreklerini hem ýakynlaşdyrýar.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegine birnäçe halkara güwänamalar gowşuryldy. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, torlardan, ýoluň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjilerdir ýolagçylara niýetlenen dynç alyş ýerleri, ýangyç guýujy beketler, beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň ugrunda gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulandyr. Ýol hereketi, ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan, ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirýän Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer.

Alyslara uzaýan dost-doganlyk ýollaryny gurup, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna beýik işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklarygeçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.