2026-04-23
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 21-22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýeri gelende aýtsak döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýa babatda BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigi hem bellärliklidir.
Gazagystan Respublikasynyň Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine — «EXPO» halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli geçirilen duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi.
Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan wekiliýetiň ýolbaşçylary «RES 2026 EXPO» halkara sergisi bilen tanyşdylar. Sergi merkeziniň meýdançalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we innowasion kärhanalarynyň energetika geçişi üçin işläp taýýarlan çözgütleri bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin ekologik abadançylyk milli rowaçlygyň we durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary munuň aýdyň mysalydyr.
Sergi bölüminiň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna möhüm orun berlipdir. Şunuň bilen bir hatarda, diwarlyklarda ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda gazananlary giňden ýaýbaňlandyrylyp, munuň özi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek we tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine — Kongresler merkezine geldiler. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady. Çäräniň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sammitiň gün tertibine tebigy ekologik töwekgelçiliklere ykdysady taýdan durnuklylyk we uýgunlaşmak, sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, ekologiýa maksatlaryny gazanmagyň mehanizmleri, adalatly, inklýuziw geçiş, ekologiýa we sanly tejribeler bilen bagly birnäçe wajyp meseleler girizildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hemmeleri mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimizi «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki şertlerde sebit hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini belledi we Aral deňzi sebitiniň ekologik abadançylygynyň gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň azyk, energetika howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
