2026-04-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň baý milli medeniýeti, sungaty ylmy esasda giňden öwrenilýär. Her bir halkyň özboluşlylygy onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de, türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, syrdaşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir.
Häzirki döwürde milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulyp, atlara goýulýan hormat has-da artdy, olara berilýän üns güýçlendirildi. Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Behişdi bedewlerimiz türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasydyr.
Täze taryhy döwürde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş Ýer ýüzüne ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlerdir. Türkmen halkynyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýyldyrym deý ýyndam bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bolan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplarynda bu gymmatlygyň gelip çykyşy we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan bedewlere ýokary baha berip şeýle diýýär: «Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr». «At-myrat» diýýän halkymyz atçylygyň kämil görnüşde dowam etmegini gazanyp, seýisçiligiň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şu ajaýyp döwrümizde bu hünäriň täze öwüşginler bilen dowam etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň hünär kämilliginiň näderejededigini görkezýär.
Taryhy ýazuw çeşmelerinde hem bedew atlar hakyndaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde miladydan öňki VII asyrda ýaşan, oguz eposynyň belli gahrymany Alp Är Tüngäniň: «Aý asmana nähili derwaýys bolsa, at hem är ýigit üçin şol derejede gerekdir» diýendigi hakdaky maglumat getirilýär. «Ata sarpa goýýanyň döwleti zyýat» diýýän halkymyz öz bedew atyny diýseň eziz görýär. Ata-babalarymyz türkmene kybapdaş namysjaň we gujurly bedew atlara başarnykly erk edip, ony mynasyp bezemegi her bir ýigidiň başarmaly işi hasaplapdyr. Gorkut ata özüniň atçylyga degişli parasatly sözlerinde «Ata namart ýigit münüp bilmez, münenden münmedigi ýeg» diýýär. Bedew atyň çeper keşbi «Görogly» eposynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Gyrat Göroglynyň soňky demine çenli wepaly ýoldaşy, ömürlik hemrasy bolýar. Ol ynsana wepalylygyň baş nusgasyny görkezýär. Bedewli öý döwletli öý hasaplanylýar. Onuň gözelligi, ýyndamlygy, akyllylygy, adam ýaly syzýanlygy, kuwwatlylygy, güýçliligi her bir türkmeniň ýürek buýsanjydyr. Çuň mazmunly edebi eserini taryhyň sahypasynda ebedilik ornaşdyran beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, watançylyk barada gürrüň edilende, bedewlere uly orun berilýändigi aýratyn bellärliklidir.
Häzirki bagtyýar zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda toýlarymyz toýlara ulaşyp, türkmen bedewleriniň arasynda at çapyşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi bedew janköýerleriniň kalplaryny joşdurýar. Aýlawlarda at çapyşyklarynyň guralyp, olarda tejribeli atşynaslarymyzyň taýýarlan inçe bil, gamyşgulak, ýüwrük bedewleriniň gazanan ýokary netijelerine tomaşa etmek has-da ýakymly bolýar.
Ýurdumyzyň günleri, aýlary, ýyllary bedewlerimiziň ýeňişleri bilen toý-baýramlara beslenýär. «At agynan ýerde toý bolýar» diýlip aýdylyşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem baran ýeri toýa beslenýär. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» toparynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalara mynasyp bolandygy, şeýle-de, Azerbaýjan Respublikasynda bolup, ol ýerde ajaýyp çykyşlary bilen uly abraý gazanandygyny bellesek ýerlikli bolar.
Milli Liderimiz ahalteke behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak barada uly tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyz atşynas pederleriniň ata-baba ýoluny dowam etdirip, atçylyk sport toplumlaryna ýygy-ýygydan baryp, behişdi bedewlerimiz bilen didarlaşyp durýar. Gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen atlarynyň waspy halk döredijiliginde, «Görogly» eposynda, Magtymguly Pyragy, Kemine, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde hem öz beýanyny tapýar.
Halkymyz ähli döwürlerde-de asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy üçin bedewlere uly sarpa goýupdyr. «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýýän ajaýyp aýtgy hem muňa şaýatlyk edýär. Ýow gününde ýoldaşy, dost kimin eý görülýän ahalteke bedewleri ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gymmatlykdyr.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy, ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşdyrylmagy, ýylyň nyşanynda bedewiň şekiline aýratyn orun berilmegi halkymyzy has-da buýsandyryp, ahalteke atlaryna bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Goý, behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, atçylygy we atşynaslygy ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy äleme ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Agamämmet Baýlyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
