2026-05-08
Ýeňiş güni milli senenamamyzda wajyp orny eýeleýär. Her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bellenilýär. Şu ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşe 81 ýyl dolýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy adamzat taryhynyň iň gazaply döwri bolup, agyr, kynçylykly döwrem, hupbatly urşam halkyň ýeňşe bolan ynamyny syndyrmady. Şol ynam bilen 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş gazanyldy. Uruş ýyllarynda türkmenistanly gerçekler — merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweşlerde edermenligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ildeşlerimiz «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldular, söweş ordenleridir medallar bilen sylaglandylar. Halklaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasyna arzuw-umytlaryny, güýç-gaýratyny we zähmetini alamat-landyrýan bu nurana baýram türkmenistanlylaryň durmuşynda-da möhüm orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen açyklyk, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly milli aýratynlyklarydyr häsiýetleri ýalynly uruş ýyllarynda has aýdyň ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk söweş ýoly, jeň meýdanynda görkezen edermenligi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ene topragynyň hakyky watançysy, söweş meýdanlarynda edermenlik bilen söweşen harby esger, uruşdan soňky parahatçylyk döwründe durmuşyny mugallymçylyk kärine bagyş eden bu beýik ynsanyň söweş ýoly häzirki nesiller üçin watansöýüjiligiň, Watana hem-de halka wepaly gulluk etmegiň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edýär. Şöhratly taryhymyza nazar aýlanymyzda, watansöýüjilik, Watany döş gerip goramak ýaly häsiýetleriň halkymyza hemişe hemra bolandygyna göz ýetirmek bolýar.
Bütin adamzadyň taryhynda ýowuz jeňleriň biri bolan bu uruşda türkmen halky hem özüniň watansöýüjilik, edermenlik, mertlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, ýeňşiň gazanylmagyna öz goşandyny goşdy. Birnäçe ýyllap dowam eden uruşda gazanylan ýeňşe türkmen zenanlarynyň saldamly goşandy hem bellenmäge mynasypdyr. Olar urşa giden gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gijesini gündiz edip, ak ýürekli, tutanýerli zähmet çekdiler, goranmak gaznasyna 7 müň 392 kilogram altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Şoňa görä-de, täze taryhy döwrümizde Watan gahrymanlarynyň hatyrasy belent tutulýar, uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagynyň saklap oturan enelere çäksiz sylag-hormat edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteran-larymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr» diýip bellemek bilen, eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiziň hyzmatlaryna ýokary baha berýär.
Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlar, ýaz güllerinden boglan çemenler dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahryman-çylygynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenliginiň hormatlanýandygynyň, şeýle-de olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan işlerine mynasyp baha berilýändiginiň dabaralanmasydyr.Urşuň agyr ýyllarynda halkyň görkezen edermenligi hiç haçan ýatdan çykmaz. Ýyllar geçýär, emma nesilleriň aňynda asuda asmanyň, parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan gerçekleriň gahrymançylygy, görkezen edermenligi hakyndaky hakyda hemişelik saklanýar. Merdana pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir.
1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň her ýylyň 9-njy maýynda baýram edilmegi hem bu senä aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň, edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň belentdiginiň nyşanydyr. Bu sene mynasybetli döwlet derejesindäki dabaralaryň paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndan başlanmagynyň hem uly ähmiýeti bardyr. Mälim bolşy ýaly, ak mermerli paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy «Ruhy tagzym», «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» atly ýadygärlikleri öz içine alýar. «Ruhy tagzym» ýadygärligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň, «Baky şöhrat» we «Watan ogullary» ýadygärlikleri bolsa 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, Watan azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlandyr. Bu ýadygärlikler toplumy beýik halkymyzyň buýsançly geçmişine bolan çäksiz söýgüden bina edilendir. Bu künjek halkymyzyň edermenliginiň, watançylygynyň aýdyň nyşanyna, mukaddes ýere öwrüldi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyga beslenýän günlerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar. Uruş weteranlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk duşuşyklarydyr maslahatlar bu senä baý many-mazmun we öwüşgin berýär. Uruş weteranlaryna, urşuň yzynda ýar ojagyny saklap oturan enelere, tylda zähmet çekenlere baýramçylyk sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy toý çäreleriniň şatlykly pursatlarynyň üstüni ýetirýär.
Berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, ýurdumyzda hemişe parahatçylygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, jebisligiň höküm sürmegi, asmanymyzyň asuda bolmagy, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän, şeýle-de uruş weteranlarynyň, urşuň yzynda ýar ojagyny saklap oturan eneleriň, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasyny belent tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Bägül Hojaýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Ahal welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
