2026-05-11
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyrýan iş saparlary sazlaşykly ösüşe badalga bermek bilen bir hatarda, täzeçil usullaryň ulanylmagyna we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna hem itergi berýär.
Bilşimiz ýaly, 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewraziýanyň iri ulag-üstaşyr geçiriji merkezine öwrülýär, Watanymyzyň milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar».
Hormatly Prezidentimiz «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş edip, oňa gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynyň bu ajaýyp wakasy mynasybetli gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisiniň gury ýükleri daşamaga niýetlenendigini, onuň ýük göterijiliginiň 6 müň 100 tonnadygyny, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydygyny belledi. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar. «Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan, ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletlere öz ýüzüşlerini amala aşyrjak bu gämileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Soňra dabaranyň dowamynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gurlan «Gadamly» ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna we gäminiň özüne ýokary inženerçilik çözgütleri we gurnama işleri üçin Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň, şeýle hem Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marinе and Offshore» klassifikasion jemgyýetiniň halkara güwänamalary gowşuryldy.
Soňra gäminiň kapitany hormatly Prezidentimizden «Gadamly» ýük gämisini işe girizmäge ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Gäminiň kapitany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen ýörite düwmäni basýar.
Şeýlelikde, gäminiň baş hereketlendirijisi işjeň ýagdaýa geçýär. Gäminiň zogunyň çalynmagy bilen deňizçilik ulgamynyň asylly däbi berjaý edilýär. Bu bolsa asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň sebitiň üstaşyr ulag merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrýar.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynyň geçirilmegi ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini dünýä jemgyýetçiligine aýan edýän şanly wakadyr. Çünki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygynyň yzygiderli artmagy bilen, milli flotumyzyň hataryna goşulan bu täze gämi ýurdumyzyň logistik kuwwatyny has-da ýokarlandyrar.
