Habarlar

Makalalar

Wideo

Türkmenistan —Tatarystan Respublikasy:  dostluklu gatnaşyklar täze derejä çykýar

2026-05-15

Türkmenistan —Tatarystan Respublikasy: dostluklu gatnaşyklar täze derejä çykýar

2026-njy ýylyň 13-14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» XVII halkara ykdysady foruma gatnaşdy.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy şeýle gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol iki halkyň çuňňur taryhy köklerine hem-de ruhy ýakynlygyna esaslanyp, iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Senagat kooperasiýasynda «KamAZ» iri maşyngurluşyk kompaniýasy türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýar. Ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.

Milli Liderimiz we Rustam Minnihanow bilelikde Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Rustam Minnihanow belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Rustam Minnihanow çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Tatarystanda Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň we strategik hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýän ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Kazanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagyň türkmen tarapy üçin asylly däbe öwrülendigini, Tatarystanyň paýtagtynyň bolsa hemişe aýratyn hormat we ýürekdeşlik bilen garşylaýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bilelikde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördiler.

Sport toplumynda Gahryman Arkadagymyzy we Tatarystanyň Baştutanyny Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bu ýerde atlara bagyşlanan sungat eserlerini synladylar. Bölümde Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýelden ýyndam behişdi bedewlere bagyşlap döreden «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de Rustam Minnihanow bu ýerde geçirilen at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. At çapyşyklaryna türkmen çapyksuwarlaram gatnaşdy.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny, milli atçylyk sungatyny dünýä derejesinde ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Kazan şäherinde geçirilen şu gezekki at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlyk görkezmekleri munuň aýdyň beýanydyr.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsi ýurtlarynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda çykyş etmek üçin, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara çärelerine gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. «Halkara ykrarnama eýe bolan Kazan forumy her ýyl öz meýdançalarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan we halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri jemläp, ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär. Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri düzýär. Bu bolsa parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady. «Türkmenistan mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyr» diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar.

Ýurdumyzyň yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň şu gezekki geçirilen maslahatyna synçy hökümünde gatnaşmagy resmi taýdan kabul edilendir bu guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady «Yslam dünýäsi ýurtlarynyň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakyndaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işlere başlanandygy barada öz çykyşynda belläp geçdi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran sapary iki halkyň taryhy köklerine hem-de medeni umumylygyna esaslanýan iki taraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.